Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harby bölümlerdäki iýmit üpjünçiligi bilen bagly meseleler 'alada döredýär' - çeşmeler


Türkmen esgerleri. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Türkmen esgerleri. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Azatlyk Radiosynyň harby edaralardan habarly çeşmeleri käbir harby bölümlerde dowam edýän edýän korrupsiýa, ogurlyk hadysalarynyň çagyryş boýunça harby gullukçylaryň iýmit üpjünçiligini agyrlaşdyrýandygyny aýdýar.

“Polk serkerdesi, hojalyk işleri boýunça orunbasar, iýmit üpjünçilik bölüminiň başlygy hem-de lukmançylyk bölüminiň serkerdesi esgerlere bölünip berilýän et konserwalaryny öz aralarynda paýlaşýarlar” diýip, harby pudakdan habarly çeşme aýdýar.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli, harby bölümleriň ýerleşýän ýerleri baradaky maglumatlar saklanýar.

Ýöne ýurt raýatlary, Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar, çeşmeler şeýle ýagdaýyň ýurt boýunça giň ýaýrandygyny, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerleriň azyk üpjünçiliginiň ýaramaz galýandygyny tassyklaýarlar.

'Etsiz' palow

“Esgerlere her penşenbe güni palow berilýär. Palowa etiň deregine, konserwa goşulýar. Konserwa talaba laýyk goşulmaýar” diýip, çeşme aýdýar.

Nahar taýýarlananda degişli harby bölümde ýüz litrlik gazana her biri 250 gramlyk gaplarda harby bölümlere berilýän et konserwalaryndan 15 sanysy goşulýan ekeni.

“Galan konserwalar ýokarda agzalan serkerdeleriň arasynda paýlaşylýar” diýip, çeşme aýdýar.

Şeýle bolanda 100 litrlik gazana 3,75 kg et konserwasynyň goşuldygy bolýar.

Aşpezler 100 litrlik gazanda taýýarlanýan palow naharyna azyndan 15 kilogram çemesi etiň goşulmalydygyny aýdýarlar. Hasaplamalara görä, harby bölümde nahara goşulýan et konserwasy kadanyň diňe 20-25 göterimini emele getirýär.

Esgerler etiň tagamynyň palowda zordan, çala duýulýandygyny aýdýarlar.

Bulardan başga-da, harby çeşmeler birikmelerde çörek, ýarma we makaron ýaly naharlaryň esgerlere berilýändigini aýdýarlar. Şüle, gaýnadylan bugdaý ýaly naharlar hem harby bölümleriň menýularyna girizilýär.

Ene-atalar harby bölümlerden dolanýan esgerleriň arasynda dürli görnüşli aşgazan keselleri bilen keselläp, yzyna dolanýan ýaş raýatlaryň köpelýändigini aýdýarlar.

“Esgerler ýarma we makaron ýaly naharlary köp iýensoň, aşgazan ýarasy ýaly kesellere uçraýarlar, soňra harby hassahanalara ýerleşdirilip bejergi alýarlar. Olar gulluk borçlaryny tamamlanlaryndan soňra hem, raýat hassahanalarynda bejergi almagy dowam etdirýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleri aýdýar.

“Olaryň arasynda gutulyp gidýänler bolýar, ýöne käbirleri ömürlik berhiz saklamaly bolýarlar” diýip, olar belleýär.

Türkmenistanda harby gulluk 18-27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar üçin hökmany bolup, ýylda iki gezek, güýz we bahar paslynda gulluga çagyryş yglan edilýär.

Azatlyk Radiosy harby bölümlerde esgerleriň ýaramaz ýaşaýyş-durmuş şertleri, azyk üpjünçiliginiň gowşak ýagdaýy barada yzygiderli habar berip gelýärler.

Beýeki saglyk meseleleri

Ýaramaz iýmit üpjünçiligi käwagt köpülikleýin saglyk şikaýatlaryna-da ýol açyp bilýär.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň habarçylary geçen ýylyň dekabr aýynda aýrybaşga sebitlerde ýerleşýän harby böümlerde balyk konserwalarynyň sarp edilmeginden soňra, köpçülikleýin iýmit zäherlenmeleriniň bolup geçendigini habar berdiler.

“Ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharlaryň ählisine konserwirlenen sprat goşýarlar. Tüwi, mäş, nohut ýarmalary taýýarlananda hem ýany bilen gaplanan sprat berýärler” diýip, şonda esgerler aýtdy.

Munuň yz ýany, esgerlere berilýän balyk konserwalarynyň möhletiniň geçendigi mälim bolupdy.

Şonda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky harby bölümleriň birinde gulluk borjuny ýerine ýetirip, raýat durmuşyna gadam basan bir türkmenistanly harby birikmelerde esgerlere berilýän naharlara “näbelli bir haýwanyň etiniň goşulyp berilýändigini” aýdypdy.

Ol şonda esger naharhanalarynda arassaçylyk düzgünleriniň hem berjaý edilmeýändigini bellemegi özüniň zerur hasaplaýandygyny aýdypdy.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça harby edaralardan resmi teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG