Türkiýede 28-nji aprelde polisiýa tarapyndan tussag edilip, şondan bäri Ankaranyň “Akýurt” deportasiýa merkezinde saklanýan türkmen aktiwistleri Alişer Sahatow we Abdulla Orusow 6-njy maýda başga deportasiýa lagerlerine geçirildi.
Degişlilikde YouTube we TikTok platformalarynda türkmen hökümetine garşy tankydy çykyşlary bilen tanalýan bloggerlerden Sahatow Edirne şäherindäki, Orusow bolsa, Kyrklareli şäherindäki deportasiýa lagerlerine göçürildi.
Alişer Sahatowyň aýaly Gülala Hasanowa Türkmenistana deport edilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýan adamsynyň boşadylmagy ugrunda häziriki wagtda aklawçynyň tagalla edýändigini aýtdy.
Ilkibaşda, Sinop şäherinde häkimiýetler tarapyndan saklanan aktiwistleriň deportasiýa merkezlerine alnyp gidilmekleriniň sebäpleri olaryň ýakynlaryna we edindeşlerine bada-bat mälim edilmedi.
Olar halkara gorag statusyna eýe bolmak üçin, iki ýyl ozal Türkiýäniň Sinop şäherinde ýerli hökümete ýüz tutan ekenler.
Aktiwistleriň egindeşleri olaryň işine garamak üçin aklawçynyň tutulandygyny we 29-njy aprelde onuň öz müşderileri bilen duşuşyp olardan degişli ygtyýarnamalary alandyklaryny mälim etdiler.
Bu aralykda, aktiwistler özleriniň tussag edilmegine protest bildirip, açlyk yglan etdiler.
Munuň yz ýany, 1-nji maýda olary Türkmenistana ugratmak babatda Türkiýäniň Migrasiýa edarasy tarapyndan degişli kararlaryň çykarylandygy, şeýle-de aklawçynyň bu kararlara resmi şikaýat bildirendigi mälim boldy.
Şol bir wagtda, olaryň deportasiýa lagerinde saklanmagyna garşy hem aýrybaşga şikaýat arzasy berildi.
Aktiwistleriň türk paýtagtyndaky deportasiýa lagerinden çykarylyp, başga-başga deportasiýa merkezlerine göçürilmegi şeýle şikaýatlaryň yz ýany bolup geçýär.
Egindeşleri we maşgala agzalary aktiwistleriň işine garaýan aklawçynyň hyzmatlaryna niýetläp, pul ýygnamak kampaniýalaryna badalga berdiler. Olar bu tölegler üçin 5 müň ABŞ dollary möçberinde maliýe serişdesiniň zerur bolandygyny aýtdylar.
39 ýaşly Alişer Sahatow we 31 ýaşly Abdulla Orusow dünýäniň iň repressiw ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanda adam hukuklarynyň basgylanmagyny tankytlap sosial ulgamlarda çykyş edýärler.
Olaryň Türkmenistana deportasiýa edilen halatynda yzarlamalara, gynamalara hatda ýitirim edilmelere duçar edilip bilinjekdikleri barasynda aladalar beýan edilýär.
Sahatow “Erkin garaýyş” atly YouYube kanalynyň üsti bilen Türkmenistanda polisiýanyň eden-etdiligi we korrupsiýa ýaly problemalary gozgaýar. Bu kanalyň 5 müň çemesi tomaşaçysy bar.
Orusowyň TikTok blogunda we 2024-nji ýyldan bäri alyp barýan YouTube kanalynda türkmen jemgyýetiniň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.
Bloggerleriň tutulyp saklanmagy jemgyýetçilik reaksiýasyny döretdi. Türkmen dissidentleri sosial platformalarda çykyş edip, tussag edilenlere raýdaşlyk beýan etdiler we olara goldaw berilmegine çagyryş etdiler.
Azatlyk Radiosy türkmen raýatlarynyň Türkiýede tutulyp saklanmagy we olaryň deportasiýa howpy bilen ýüzbe-ýüz bolmagy barada Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasyndan teswir alyp bilmedi. Redaksiýa ilçihana bilen habarlaşmak üçin birnäçe gezek synanyşyk etdi.
Türkiýede resmi maglumatlara görä, ýüzlerçe müň türkmenistanly kanuny esasda ýaşaýar, bu ýurtda bikanun ýaşaýan türkmenleriň sany barada statistika berilmeýär.
Soňky ýyllarda bu ýurtda ýaşaýan türkmenleriň arasynda syýasy işjeňlik, raýat raýdaşlygy emele geldi. Şeýle işjeňligiň fonunda Türkiýe 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda türkmenistanlylar üçin wizasyz syýahat düzgünini ýatyrdy.
Galyberse-de, soňky birnäçe ýyl bäri bu ýurtdan Türkmenistana deprotasiýa edilýän türkmenistanlylar barada habarlar ýygjamlaşýar.
Türk we türkmen halkarynyň arasyndaky dil, ynanç-ygtykat, däp-dessur we medeniýet meňzeşligi, şeýle-de öňki ýyllarda iki ýurduň arasynda öz güýjünde galan syýahat ýeňilligi Türkiýä gitmek isleýän türkmenistanlylary özüne çekdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum