Şu günler Tejen etrabynda raýatlardan ýaşaýyş jaýlarynyň we söwda dükanlarynyň diwarlaryna döwlet baýdagyny asmaklyk talap edilip başlandy. Bu talaplar soňky wagtlarda türkmen dilli sosial hasaplarda döwlet nyşanlary bilen bagly wideolaryň ýygy-ýygydan paýlaşylýan pursatlaryna gabat gelýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri häkimiýetleriň diwarlara baýdak asmak talaplarynyň häzirki wagtda esasan döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň hem-de telekeçileriň ýaşaýyş jaýlaryna we söwda dükanlaryna degişli edilendigini aýdýarlar.
“Edara-kärhanalarda işleýän her bir adam 80 manat töläp, baýdak satyn almaly, eger-de bir hojalykda 4-5 adam döwlet edara-kärhanasynda işleýän bolsa, olaryň ählisi baýdak satyn almaly” diýip, tejenli ýaşaýjy aýdýar.
“Baýdak satyn almakdan ýüz öwürýän adamlaryň watana bolan söýgüsinden güman edilip, olar işden çykarylmak haýbatlary bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.
Häkimiýetleriň ilatyň hususy ýaşaýyş jaýlaryna baýdak asylmagy bilen bagly talaplaryny güýçlendirip başlamagy soňky wagtlarda türkmen dilli sosial ulgamlarda döwlet baýdagy bilen bagly wideo çykyşlaryň ýygy-ýygydan paýlaşylýan pursatlaryna gabat gelýär.
Tankydy ýüzlenme
Bu wideolar tolkuny aýyň başlarynda tutaşyp başlady. Sosial ulgamlarda özüniň türkmen hökümetine garşy tankydy çykyşlary bilen tanalýan türkmen aktiwisti Nurmuhammet Annaýew 2-nji maýda Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulmagyna protest bildirip, hem-de şu günler özleriniň tankydy garaýyşlary sebäpli Türkiýeden Türkmenistana deport edilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz galýan iki aktiwistiň boşadylmagyna çagyryp, Gollandiýanyň Amsterdam şäheriniň möhüm meýdançalarynyň birinde YouTube platformasy arkaly türkmen häkimiýetlerine wideo ýüzlenme bilen çykyş etdi.
Ol özüniň wideo çykyşynda “adam hukuklary kemsidilýän ýurduň döwlet baýdagyna-da hormatynyň bolmandygyny” aýtdy. Akiwist raýatlaryň mertebesiniň hem-de hukuklarynyň hormatlanylmagyny döwlet nyşanynyň hormatlanylmagyndan ileri tutýandygyny aýtdy we munuň yz ýany, Türkmenistanyň döwlet baýdagyny aýagynyň astyna alyp depeledi.
Bu wakadan soňra, YouTube we TikTok ýaly sosial platformalarda aktiwistiň bu hereketine gönükdirilen wideolar köpelip başlady. Olaryň ençemesinde döwlet baýdagynyň depelenmegi ýazgaryldy. Köplenç erkek adamlar, şol sanda sosial ulgamlarda köp sanly yzarlaýjysy bolan adamlar, bloggerler öz çykyşlarynda döwlet baýdagyna hormat goýulmagyna çagyryş etdiler.
Annaýew daşary ýurt döwletlerinde tas sürgünlikde ýaşap, arkaýyn öz watanlaryna gidip-gelip bilmeýän, ýöne şol bir wagtda, türkmen baýdagyny ileri tutýan adamlaryň bu hereketlerini sorag astyna aldy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet baýdagyny döwlet nyşanlarynyň hatarynda kesgitleýär. Şeýle-de, ýurduň Jenaýat kodeksi döwlet nyşanlarynyň hormatyny gaçyrana jeza çärelerini göz öňünde tutýar.
Döwlet syýasatyny goldap çykyş eden bloggerler aktiwistiň pikir-garaýyşlaryna gahar-gazap beýanat etdiler we onuň garşysyna zorluk ulanmak ýaly agyr haýbatlar bilen çykyş etdiler.
Bu wideo tolkunlarynyň güýçlenip dowam edýän pursatlarynda Tejen etrabynda häkimiýetler her bir ýaşaýyş jaýynyň hem-de söwda dükanynyň diwarlaryna baýdak asylmagyny talap edip başladylar.
'Dört sany baýdagyň puluna bir halta un düşýär'
Bu talaplar onsuz hem ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän ençeme hojalygyň maşgala býujetine goşmaça urgy bolýar, ýöne beýleki tarapdan, baýdak söwdasy bilen meşgullanýan hususy taraplar, tikinçilik kärhanalary täze talaplardan özleriniň goşmaça girdeji gazanýandyklaryny aýdýarlar.
“Baýdak satyn almaga bolan talaplar güýçlendi. Býujet işgärleri, telekeçiler, hatda bloggerler we bagşylar baýdak satyn almaga isleg bildirip başladylar” diýip, tikinçilik atelýesiniň bir işgäri aýdýar.
Ýöne býujet işgärleri şeýle talaplaryň mejbury bolandygyny we özleriniň bu talaplara boýun bolmakdan başga çäreleriniň ýokdugyny aýdýarlar.
“Sada halkyň baýdak satyn almak aladasy ýok, hiç kim munuň üçin çykdajy edesi gelmeýär, sebäbi onsuz hem adamlaryň güzeran şertleri ýaramaz, bir topar adamyň bir topar bergisi bar” diýip, tejenli ýaşaýjylar aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri döwlet edara-kärhanalarynda, şol sanda harby we hukuk goraýjy guramalaryň edara jaýlarynda hem baýdak asmak ýa-da ozal asylan baýdaklary täzelemek talaplarynyň güýçlendirilip başlanandygyny aýdýarlar.
“Biziň zähmet haklarymyzdan döwlet baýdagyny bahanalap, 100 manat çemesi pul serişdesini tutup galarlar” diýip, Ahal welaýatyndan bolan bir harby işgär Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
“Onsuz hem harbylaryň ençemesi, ýaramaz iş şertleri sebäpli, oňarsalar, işlerini taşlap, daşary ýurtlardan iş tapmagy arzuw edýärler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.
“Dört sany baýdagyň puluna bir halta un düşýär” diýip, beýleki bir tejenli býujet işgäri pullaryny hasaplaýar.
Sosial ulgamlarda soňky wagtlarda giňden paýlaşylyp başlanan baýdak mazmunly wideolarda yzly-yzyna paýyş, kemsidiji sözleriň gaýtalanmagyndan ynjalyksyz bolan beýleki bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde “mundan beýläk, özüniň sosial ulgamlarda şeýle mazmunda wideolara duş gelse, olara tomaşa etmezligi saýlap alýandygyny” aýdýar.
Paýyş sözler gaýtalanýar
“Baýdak mazmunly wideolarda ýygy-ýygydan paýyş sözleri gaýtalap ýadatdylar” diýip, ol nygtaýar.
Wideo çykyşlaryň ençemesinde aktiwist Annaýewe garşy haýbatlar aýdyldy. Türkmenistanyň içinde erkin ýa-da özge pikirli adamlara garşy sosial ulgamlarda şeýle mazmunda wideolar köpelip başlasa, bu wideolaryň aňyrsynda köplenç häkimiýetleriň durandygyna ynanylýar.
Türkmen dilli wideolaryň birinde bir sosial media ulanyjysy aktiwiste ýüzlenip, türkmen halkynyň agyr şertler astynda, uly-uly kynçylyklara döz gelip, döwlet baýdagyna eýe bolandygyny öňe sürdi.
Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistan parahatçylykly ýol bilen garaşsyzlyga we döwlet nyşanlaryna eýe boldy.
“Bize zor bilen baýdak satyn aldyryp, zor bilen watan söýdürmäge çalyşýarlar” diýip tejenli ýaşaýjylar aýdýar.
Azatlyk Radiosy mundan ozal geçen ýylyň awgust aýynda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda ilatyň ýaşaýyş jaýlaryna döwlet baýdagynyň oturdylmagynyň talap edilendigini habar beripdi.
“Annaýewiň wideosy, gaýtam, adamlarda gyzyklanma döretdi. Indi adamlar Annaýewiň beýleki wideolaryna-da tomaşa edip başladylar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum