Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda azat metbugatyň duçar galan täleýi


Illýustrasiýa suraty. Türkmen gazet-žurnallary
Illýustrasiýa suraty. Türkmen gazet-žurnallary

Metbugat azatlygynyň dünýädäki ýagdaýyna ýakyndan esewan edýän “Serhetsiz reportýorlar” (RSF) guramasynyň ýyllyk hasabatlaryna görä, Türkmenistan azat metbugatda dünýäde iň yzdaky orunlarda galýar.

Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany 3-nji maý – Bütindünýä metbugat azatlygy güni mynasybetli erkin metbugatyň Türkmenistandaky ýagdaýyna gönükdirilýär.

Azatlyk öýi (Freedom House), Žurnalistleri goramak boýunça komitet (CPJ), Halkara metbugat instituty (International Press Institute) ýaly media azatlygyna esewan edýän beýleki guramalar hem soňky ýyllarda tutuş dünýäde metbugat azatlygynyň ýagdaýynyň ýylsaýyn ýaramazlaşýandygyny, awtoritar meýilleriň barha artýandygyny, senzuranyň rowaçlanýandygyny, žurnalistlere garşy zorlugyň hem-de tussag etmeleriň görlüp-eşidilmedik derejelere baryp ýetendigini duýduryp gelýärler.

Ýöne, synçylara görä, Türkmenistanda azat metbugatyň haly ozal-da, häzir-de hiç haçan öwerlik bolmady. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan bir ýerli synçy ýurtda diňe 2008-2014-nji ýyllar aralygynda, bir döwür, sähel hem bolsa, žurnalistler we azat metbugat boýunça wagtlaýyn maýlama alamatlarynyň ýüze çykandygyny, ýöne soňra şeýle meýilleriň tas tutuşlygyna diýen ýaly köki-damary bilen goparylyp aýrylandygyny aýdýarlar.

Sözümiz gury bolmaz ýaly, göze dürtülip duran anyk faktlar barada söz açyp, söhbete başlaly!

DT: Türkmenistanda azat metbugatyň duçar galan täleýi
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

BMG münberinde aýdylan sözler

Türkmenistanda azat metbugatyň ýagdaýy boýunça resmilerden teswir almak tas mümkin däl, şonuň üçin, haçan-da bu babatda resmi hasabatlarda çala agzalyp geçilse, şeýle gürrüňler häkimiýetleriň erkin metbugat babatyndaky resmi pozisiýalaryny suratlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar:

Bu ýerde gürrüň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewa edarasyndaky hemişelik wekili Wepa Hajyýew barada barýar. Hajyýew 24-nji aprelde BMG-niň Gynamalara garşy komitetiniň mejlisinde Türkmenistanda gynamalar we raýatlara ýowuz daraşmalar boýunça beren hasabatynda Azatlyk Radiosynyň merhum žurnalisti Hudaýberdi Allaşowy “arakhorlykda” aýyplady. Ol garaşsyz žurnalistikany “ownuk bähbitlere kowalaşmakda” we “galp maglumatlary” ýaýratmakda aýyplady.

Azatlyk Radiosynda bary-ýogy üç aý ştatdan daşary habarçy bolan Allaşow ýönekeý halkyň içinden çykyp, sada halkyň ýüzbe-ýüz bolýan gündelik meseleleri barada halk dilinde habar bermäge çalyşdy. Ýöne, bar bolan subutnamalara görä, häkimiýetleriň dowamly yzarlamalarynyň pidasy bolmakdan öz-özüni halas edip bilmedi.

Hajyýew Allaşow barada şeýle diýdi:

“Hudaýberdi Allaşow – hroniki arakhor, yzygiderli görnüşde köp mukdarda alkogolly içgileri sarp edýärdi. Ol administratiw jogapkärçilige çekildi. Ol birden köp gezek, gaýta-gaýta, özüniň raýat işjeňligi diýilýän boýunça, ilçihana wekillerinden pul almaga synanyşdy. Allaşow yzarlamalara sezewar edilmedi we jenaýat jogapkärçiligine çekilmedi, şonuň üçin, onuň saglyk ýagdaýy, hasabatda öňe sürülşi ýaly, türme tussaglygy diýilýänden öň ýaramazlaşan bolup bilmez”

Hajyýewiň bu sözleri erkin metbugatyň, garaşsyz žurnalistleriň sarpasyny belent tutýan taraplar tarapyndan ýazgaryldy.

Azatlyk Radiosy 70 ýaşady
please wait

No media source currently available

0:00 0:28:14 0:00

Türkmenistanyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna düşünmegi hem-de täzeçil çemeleşmeler bilen halkyň ösüşine goşant goşmagy özüniň baş wezipeleriniň hatarynda hasaplaýandygyny aýdýan “Progres” gaznasynyň esaslandyryjysy Aýnabat Ýaýlymowa Hajyýewiň bu çykyşyny “rehimsiz, adamkärçiliksiz we kemsidiji çemeleşme” atlandyrdy.

“Hökümet delegasiýasy graždan jemgyýete bolan rehimsiz, adamkärçiliksiz, kemsidiji çemeleşmesini aýan etdi. Žurnalist Allaşowy, ýogalan žurnalist Allaşowy ‘arakhor’ diýip belledi” diýip, Ýaýlymowa BMG mejlisiniň yz ýany Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

“Türkmen diplomatynyň geçen ýyl yzygiderli gynamalardan, agyr basyşlardan we keselden soň ýogalan türkmen žurnalisti Hudaýberdi Allaşowy BMG münberinde "arakhor" diýip kemsitmegi, gynansagam, türkmen režiminiň häli-şindi hem erkin söze we metbugata sähelçe-de çydamlylygynyň ýokdugyny görkezýär” diýip, türkmenistanly synçy Azatlyk Radiosyna iberen ýazmaça maglumatynda aýtdy.

Metbugat propaganda bilen borçlandyrylýar

Türkmenistan ýakyn geljekde garaşsyz ýurt hökmünde 35 ýaşa gadam basar, ýöne ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny ýakyndan synlaýan synçylar garaşsyz Türkmenistanyň erkin metbugata, garaşsyz žurnalistlere ýowuz daraşyp gelendigini aýdýarlar.

Döwlet ýolbaşçylary metbugat serişdelerini ýeke-täk wezipe bilen borçlandyrýar, ol hem ýurtda gazanylan ösüşleri wagyz etmek. Metbugatyň ilata obýektiw, dogry we ters meýilsiz habar bermegi, raýatlary habarlylyga çagyrmagy, olaryň ýüzbe-ýüz bolýan gündelik problemalaryny gün tertibine getirmegi ýaly wezipeleri Türkmenistanda “tas gadagan edilýär”. Bar bolan şeýle meselelere ünsi çekmeklik, ýa-da hökümet resmileriniň tankytlanmagyna getirip biljek meseleleri gozgamaklyk tas watana hyýanat derejesine çenli peseldilip bilinýär.

Mundan ozal, halkara hasabatlarda Türkmenistanda metbugatyň döwlet ýolbaşçylaryny butlaşdyrmaga hyzmat edýändigine ünsi çekildi.

Ýerli synçy ýurtda soňky otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda garaşsyz metbugat babatynda emele gelen çemeleşmeleriň tas totalitarçylyk derejesine baryp ýetendigini aýdýar.

Türkmen sowet metbugatyndan hem-de soňky otuz ýylyň maglumat giňişliginden habarly synçy garaşsyzlygyň irki ýyllarynda her niçik-de bolsa, merkezi gazetlerde bolmasa-da, ýerli metbugatda käbir sosial we ykdysady meselelere gozgamaga, tankydy makalalary çap etmäge belli bir derejede rugsat berlendigini, ýöne soňy bilen şeýle mazmunly habarlaryň doly gadagan edilendigini gürrüň berýär.

Erkin metbugatyň 'bogulşynyň' hronologiýasy

“1991-1993-nji ýyllarda ýerli metbugatda sosial we ykdysady meseleler boýunça azda-kände tankydy makalalar, ýerli häkimiýet wekilleriniň interwýulary we teswirleri çap edilýärdi, 1994-1995-nji ýyllara çenli metbugatda tematiki rubrikalar, sorag-jogap bölümleri bardy we ilat saglyk, ykdysady we durmuş hukuk meseleleri boýunça gazet-žurnallara soraglaryny iberip, jogap alyp bilerdiler.

Ýurtda şol wagtlar Azatlyk Radiosynyň žurnalistlerine ýerli emeldarlar azda-kände interwýu hem bererdiler. Şeýle hem 1995-1996-njy ýyllara çenli Türkmenistanda Orsýediň we Türkiýäniň birnäçe habar agentlikleriniň we metbugat serişdeleriniň korrespondentlik punktlary işleýärdi we ýurtdaky awtoritar režim entäk diňe syýasy meselelerde bolup, ykdysady we sosial meselelerde durmuş reallygy kabul edilýärdi.

Hatda ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazow hem ýurda gelýän daşary ýurtly žurnalistlere öz şahsyýet kulty baradaky soraglara nähilem bolsa jogap berip bilýärdi.

Ýöne 1995-nji ýyldan, ýagny resmi Bitaraplyk derejesi alnandan soňra, ýurtda güýçli depginler bilen durmuşyň ähli pudaklaryny dolulygyna syýasylaşdyrmak, özge pikire berk çydamsyzlyk ornaşdyrylyp başlandy” diýip, aşgabatly synçy aýdýar.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow Aşgabatda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyndan Zerif Nazaryň soraglaryna jogap berýär. 1992-nji ýyl.
Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow Aşgabatda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyndan Zerif Nazaryň soraglaryna jogap berýär. 1992-nji ýyl.

Megerem, şol döwürlerde Türkmenistanda häkimiýetler tarapyndan erkin metbugata garşy çydamsyzlygyň we egilişiksizligiň düýbi tutuldy. 90-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda ýurtda ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýet kulty dabaralanýardy.

Paýtagt Aşgabatda altyn çaýylan heýkeller peýda bolýardy, media we metbugat serişdelerinde “Serdara şöhrat” senalary ýaňlanýardy. Şol bir wagtda, türkmen halkynyň barha daraldylýan pikir-düşünje giňişligi, erkin metbugatyň barha gysylýan sesi, bogulýan damagy ýuwaş-ýuwaşdan gurap, onuň ornuna milli duýgy-düşünjelere ýugrulan ideologik wagyzlaryň sesi belentden ýaňlanýardy.

Ýerli synçy erkin metbugatyň hronologiýasyna nazar aýlap, 2000-nji ýyllaryň başlarynda möwç alan basyşlaryň, 2006-njy ýylyň dekabr aýynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Ogulsapar Muradowa türkmen türmesinde gümürtik şertlerde heläk bolanda, erkin metbugata garşy çydamsyzlygyň ýetjek derejesine baryp ýetendigini ýatlaýar.

Ýatlasak, Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça komiteti 2018-nji ýylyň awgust aýynda türkmen hökümetini Ogulsapar Muradowanyň ölüminden jogapkär tapdy.

Azatlyk Radiosy – Türkmenleriň ‘öz sesi’
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:34 0:00

“Hut ilkinji prezidentiň döwründe erkin metbugaty ýok etmegiň çäginde ýurtda açyk ýa gizlin işlän Azatlygyň habarçylary ýowuz yzarlamalara, zor bilen ýitirim etmelere sezewar edildi. 2006-njy ýylda heläk edilen Ogulsapar Myradowanyň keç ykbaly hem türkmen režiminiň erkin metbugata bolan rehimsizliginiň aýdyň we tragiki simwoly boldy.

Ýerli synçylaryň bellemegine görä, Nyýazowyň ölüminden soňra 2007-nji ýylda häkimiýete gelen Berdimuhamedow ilkibaşlarda sözde bolsa-da, türkmen resmi metbugatyny "durmuş reallygyndan üzňelikde" aýyplap, halkyň hakyky durmuşyna ýakyn materiallary taýýarlamagy talap edýärdi.

Takmynan, 2008-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli ýurtda belli bir derejede žurnalistlere we aktiwistlere edilýän basyşlar Nyýazow döwründäkiden biraz ýumşap, köpräk "administratiw" häsiýete eýe boldy.

Şol döwürde, ýatlasak, ýurt içinden ençeme raýatlaryň interwýularyny, ykdysady krisiz we jaý ýykylma meseleleri boýunça reportažlary ýatlamak bolar. Şol döwürde hem metbugata basyş ýumşan bolsa-da, doly ýatyp galmady. Emma bu "ýumşaklyk" hem uzaga çekmedi, eýýäm 2015-nji ýyldan başlap, öňküsi ýaly berk basyşlar, gorkuzmak we sem etmek praktikalary, töhmet aýyplamalar bilen türmä basmak metodlary gaýtadan dikeldilip, ýurtda ençeme graždan aktiwistleri, žurnalistler türmä basyldy” diýip, aşgabatly synçy aýdýar.

Bu makalada synçynyň sitatalary bolşy ýaly getirilýär.

Ol soňky on ýyllygyň başlarynda erkin metbugata we garaşsyz žurnalistlere garşy batlandyrylan basyp ýatyrmalaryň çäklerinde tussag edilen habarçylary, Gaspar Matalaýewi, Hudaýberdi Allaşowy, Nurgeldi Halykowy hem-de beýlekileri ýatlaýar.

'Ownuk bähbitler' we hökümetçi neşirler

Wepa Hajyýew BMG-niň Ženewa edarasynda eden çykyşynda garaşsyz žurnalistleri “özleriniň ownuk bähbitlerine kowalaşmakda” aýyplady, ýöne olary gorkuzmak hem-de sem etmekde ugrunda häkimiýetler tarapyndan ýyllarboýy alnyp barylýan “rehimsiz kampaniýalary” ýazgarmady.

Aşgabatly synçy häkimiýetler tarapyndan alnyp barylýan şeýle ýowuzlygyň hem-de çydamsyzlygyň taryhda galýandygyny aýdýar we üçünji prezident Serdar Berdimuhamedow döwründe hem azat metbugat boýunça hiç hili ýumşamanyň göze ilmezligine ünsi çekýär.

Şol bir wagtda, ýurduň maglumat giňişliginde soňky bäş-on ýylda hökümetçi elektron neşirleriň örüsi giňedi. Ýerli synçy Internet ulgamyndaky bu çeşmeleriň-de halkyň real durmuşyndan doly üzňe galýandygyny, halkyň durmuşyny şöhlelendirip bilmeýändigini aýdýar.

Şeýlelikde, synçynyň ynanjyna görä, häkimiýet halkdan üzňe galýar. Resmi metbugatda ulanylýan formal dil, şeýle-de döwlet metbugatynyň ýadadýan wagyz-nesihatlary halk durmuşyna siňip bilmeýär.

'Üzülmedik tama'

Ýöne, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan käbir intelligensiýa wekilleri şeýle şertlere garamazdan, adamlary umytdan düşmezlige çagyrýarlar we soňky ýyllarda ýurduň içinde we daşynda garaşsyz metbugat we sosial ulgamlar arkaly ýaňlanyp başlan halk sesiniň syýasy-jemgyýetçilik giňişlige ornap başlamagyna ünsi çekýärler.

“Metbugat bilen halkyň arasynda üzňelik emele gelen-de bolsa, türkmen halkynda, hususan-da, ýaşlarda, erkin söze we metbugat azatlygyna teşnelik köki-damary bilen ýok edilmedi. Netijede, ilat arasynda erkin pikir alyşmalaryň gerimi giňäp, tankydy pikirler örňeýär” diýip, ýerli synçy aýdýar we soňky birnäçe ýyl bäri raýatlaryň öz aralarynda uzaga çeken dymyşlygy kesip, özleriniň gündelik ýüzbe-ýüz galýan durmuş-ykdysady problemalaryny dillendirip başlamagyna ünsi çekýär.

Ol ýurtda çärýek asyrdan gowrak wagt bäri dowam edýän asudalyk propagandasyndan, üzňelikden, ýapyklykdan we syýasy doňakçylykdan ýadawlygyň çuňlaşyp ugrandygyny aýdýar.

“Döwlet telewideniýesinde çeýnelip-çeýnelip, halky halys ýadadan gurak, emosiýasyz, bizmeňzeş sözler indi ýadatdy, olarda ne many bar, ne-de propaganda täsiri bar” diýip, aşgabatly synçy aýtdy.

Bu ýadawlyk, şeýle-de erkin söze bolan öçmejek teşnelik, synçynyň ynanjyna görä, Türkmenistanda garaşsyz metbugatyň ümzügini öňe tarap öwürýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG