ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio we wise-prezident JD Wans 1-nji maýda Ukrainadaky urşy soňlamak üçin parahatçylyk ylalaşygyny gazanmagyň ähtimallygy babatynda näbellilik beýan etdi. Bir gün öň, Waşington we Kiýew Birleşen Ştatlaryň Ukrainanyň mineral serişdelerinden peýdalanmagyna ýol açýan ylalaşyga gol çekdiler.
“Meniň pikirimçe, biz häzirki wagtda Ukrainanyň nirede bolandygyny we Russiýanyň nirede bolandygyny bilýäris... Olar golaý, ýöne heniz-de bir-birekden uzakda” diýip, Rubio “Fox News” bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Wans, bu teleýaýlyma beren aýrybaşga interwýusynda, has ileri gidip, Ukrainadaky urşuň ‘bu golaýda’ gutarmajakdygyny aýtdy.
Rubio, eger-de, Ukrainadaky uruş babatynda möhüm öňe gidişlik gazanylmasa, ABŞ prezidenti Donald Tramp özüniň gepleşik prosesine başga näçeräk wagtyny bagş edip biljekdigi babatynda karar bermeli bolar diýdi.
Birleşen Ştatlar bireýýäm gepleşikleriň “möhüm” tapgyra baryp ýetendigi barasynda duýdurypdy we öňe gidişligiň bolmazlygy onuň çaknyşygy soňlamakda alyp barýan araçylyk tagallalaryndan çekilip biljekdigini aňladýar.
Rubio geçen hepdede Russiýanyň Ukrainadaky giň möçberli çozuşyny soňlamak boýunça alnyp barylýan gepleşiklerde “hakyky öňe gidişligiň” bolandygyny, ýöne şol bir wagtda, “bu syýahatdaky iň soňky birnäçe ädimiň elmydama-da iň agyr ädimler boljakdygyny we munuň ýakyn wagt bolup geçmelidigini” aýtdy.
Ýanwarda ikinji möhlete prezidentlige başlan Tramp urşy soňlamagy baş maksat hökmünde kesgitledi. Ol ok atyşygyň derhal we doly bes edilmegine çagyrdy hem-de Russiýadan ukrain şäherlerine hüjümleri bes etmegi talap etdi.
Wans uruşlaryň togtadylmagynyň gazanylmagy babatynda özüniň “optimist” bolandygyny, ýöne ahyrky netijede munuň Kiýewe hem-de Moskwa baglydygyny aýtdy.
“Ahyrky ädimi ädimlejek olaryň özleri bolup durýar” diýip, ol aýtdy. “Indi iki tarap hem beýleki tarap üçin parahatçylygyň şertleriniň nämeler bolandygyny bilýär, şonuň üçin bu ruslara we ukrainlara bagly bolar. Ylalaşygy gazanmak we bu eýmenç çaknyşygy soňlamak olaryň özlerine bagly bolar” diýip, Wans belledi.
“Bu hiç ýere gidenok... Ol bu golaýda gutarmaz” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Ukraina adalatly parahatçylygyň üpjün edilmegi boýunça gepleşiklere ýol açmak üçin, azyndan 30 gün möhlet bilen ok atyşygyň bes edilmegini isleýändigini aýtdy. Russiýa beýle ýaraşyga razyçylyk bermedi, ýöne prezident Wladimir Putin birtaraply görnüşde öňümizdäki hepde, Ýeňiş gününe dogry getirip, üç gün möhlet bilen ýaraşyk yglan etdi. Kreml onuň Kiýew bilen göni gepleşiklere açyk bolandygyny aýtdy.
Ölüm howply dron we raketa zarbalary
Rus güýçleri tas her gije diýen ýaly ukrain şäherlerine ölüm howply dron we raketa hüjümlerini amala aşyrmagy dowam etdirýärler.
Birleşen Ştatlar-da, Ukraina-da mineral serişdeler boýunça 1-nji maýda gazanylan ylalaşygy makullady. Bu ylalaşyga 28-nji fewralda Ak tamda gol çekilmelidi. Ýöne şonda Zelenski, Tramp we Wans arasynda bolup geçen dartgynly çekişmeler gol çekmek dabarasynyň goýbolsun edilmegine alyp geldi.
Iki tarap hem gatnaşyklary gowulandyrmak ugrunda tagallar etdiler, Tramp we Zelenski rim papasy Fransisiň Watikanda geçirilen jynaza çäresiniň meýdançalarynda 26-njy aprelde ikiçäk duşuşdylar. Mineral serişdeler boýunça ylalaşyga 30-njy aprelde Ukrainanyň premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýulia Swyrdenko bilen ABŞ-nyň maliýe ministri Skot Bessent tarapyndan gol goýuldy.
Ukraina uzaga çeken gepleşiklerden soňra, ylalaşygyň möhüm bähbitleri, şol sanda özüniň täze tehnologiýalar üçin zerur bolan mineral serişdeleri babatynda doly özygtyýarlylygy üpjün edendigini aýtdy.
Waşington bu ylalaşygy Kiýewe ABŞ ygrarlylygynyň täze bir görnüşi atlandyrdy. Tramp özüniň wezipä girişmeginiň yz ýany, Ukraina harby ýardamlary togtatdy.
“Bu ylalaşyk Tramp administrasiýasynyň, merkezinde azat, özygtyýarly we abadan Ukraina bolan uzak möhletli parahatçylyk prosesine ygrarly bolandygy babatynda Russiýa açyk yşarat berýär” diýip, Bessent aýtdy.
Tramp ilkibaşda öňki prezident Jo Baýdeniň dolandyryşy astynda Ukraina iberilen onlarça milliard dollarlyk ABŞ ýaraglarynyň öwezine kompensasiýa hökmünde Ukrainanyň mineral serişdelere hukuk talap edipdi.
Zelenski özüniň 1-nji maýda eden gijeki ýüzlenmesinde Kiýewiň ABŞ-nyň öňünde öňden galan bergileriniň bolmandygyny aýtdy. Ol bu ylalaşygy “hakyky deňhukukly” atlandyrdy we onuň “Ukrainada maýa goýum mümkinçiliklerini döretjekdigini” aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum