Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MHM hökümet tankytçylarynyň “ýurda getirilip jezalandyryljakdygyny” aýdýar


Häkimiýetler hökümetiň alyp barýan syýasaty barada tankydy garaýyşlaryny paýlaşýan raýatlary anyklamak çärelerini güýçlendirýärler.
Häkimiýetler hökümetiň alyp barýan syýasaty barada tankydy garaýyşlaryny paýlaşýan raýatlary anyklamak çärelerini güýçlendirýärler.

Soňky günlerde Balkan welaýatynda kanun goraýjy edaralar ýerli ýaşaýjylar bilen ýygnak geçirip, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen aktiwistlerine we garaşsyz habar serişdelerine garşy wagyz-nesihat çärelerini güýçlendirdi.

Bu mejbury ýygnaklar daşary ýurtlarda Berdimuhamedowlaryň ýiti tankytçylarynyň saklanyp, olaryň dünýäniň iň repressiw ýurtlarynyň biri Türkmenistana deport edilmek howatyrlarynyň arasynda geçirilýär.

Azatlygyň ýurduň günbatar welaýatyndaky habarçysynyň maglumatyna görä, Balkanabat şäheriniň medeniýet öýünde 2-nji maýda başlanan ýygnaklara kanun goraýjy işgärler, prokuratura, polisiýa wekilleri, şeýle-de aýallar guramasy we kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärleri gatnaşýar.

Açyk haýbatlar

Ýygnaklarda daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen aktiwistleri we žurnalistleri “ýurduň duşmanlary” hökmünde häsiýetlendirilip, olaryň “ýurda getirip jezalandyryljakdygy” barada açyk haýbat atylýar.

Howpsuzlyk gullugynyň wekili ýygnaga gatnaşýan raýatlara ýüzlenip: “Türkiýede ýa-da Günbatarda ýaşaýan we Türkmenistana garşy çykyş edýän ildeşlerimizi ýeke-ýeke getirip jezalandyryp başladyk. Olar biziň ýurdumyza ýaramazlyk edip bilmezler. Daşary ýurtlarda ýaşaýan garyndaşlaryňyza berk duýduryň; oppozisiýa ýa-da internet arkaly ýurdumyza garşy çykyş edýän toparlara goşulanlary tutup, ýakyn garyndaşlary bilen bilelikde jezalandyrarys” diýip, haýbat atypdyr.

Häkimiýetler wagyz-nesihat maslahatlaryny wagtal-wagtal geçirýärler. Olarda raýatlardan içerki we daşarky syýasata aralaşmazlyk talap edilýär. (arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)
Häkimiýetler wagyz-nesihat maslahatlaryny wagtal-wagtal geçirýärler. Olarda raýatlardan içerki we daşarky syýasata aralaşmazlyk talap edilýär. (arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Bu gorkuzmalar geçen hepde Türkiýede türkmen aktiwistleri Alişer Sahatowyň we Abdulla Orusowyň saklanmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Türkmenistanyň awtoritar režiminiň tankytçylary häzir Ankaranyň deportasiýa merkezinde saklanyp, yzyna ugradylmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolup durlar. Hukuk toparlary we aktiwistleriň egindeşleri, olaryň Türkmenistana deportasiýa edilen halatynda basyşlara, gynamalara, hatda ýitirim edilmä duçar bolup biljekdigine alada bildirýärler.

Bellesek, soňky iki ýyl bäri daşary ýurtlarda Türkmenistanyň hökümetini açyk tankytlan türkmen raýatlarynyň ençemesi ýitirim boldy we soňundan olaryň gizlin ýagdaýda watanyna ugradylandygy köpçülige aýan boldy. Olar bilen aragatnaşyk doly kesilip, olaryň soňky ykbaly hem nämälim bolmagynda galýar.

"Sabyrly boluň"

Balkanabatda geçirilen ýygnakda, şeýle-de ýurtdaky bar bolan kemçilikleri, şol sanda agyr ykdysady ýagdaýy, azyk ýetmezçiligi ýaly meseleleri dagy agzamazlyk tabşyryldy.

Ýerli MHM ofiseri adamlary “sabyrly bolmaga” çagyrdy we ilatyň arasynda dowam edýän azyk ýetmezçiligi barada: “Et ýetmese, hepdede bir kilogram däl-de, ýarym kilogram et satyn alyp, wagtlaýyn oňuşyň. Hemme zat gowy bolar” diýip maslahat berdi.

Eýýäm sekiz ýyl çemesi bäri dowam edýän ykdysady çökgünligiň arasynda türkmen häkimiýetleriniň ýerli ilat bilen geçirýän şular ýaly ýygnaklarynda bar bolan meselelere anyk çözgütler hödürlenmän, dowamly “sabyrly bolmak” barada ündew edilýär.

Pikir alyşmaga çäklendirme

Şeýle-de, ýygnakda garaşsyz habarçylaryň Türkmenistandan diňe kemçilikli maglumatlary alyp, daşary ýurtlara ýetirýändigi, munuň bolsa ýurduň halkara metbugat we internet azatlygy reýtinglerinde iň pes orunlary eýelemegine sebäp bolýandygy öňe sürüldi.

“Türkmenistanda erkin metbugat ýok diýen pikirleri döredenler, daşary ýurtlaryň agentleri bolup, ýurduň içinde agzalalyk döretmegi maksat edinýärler” diýip, kanun goraýjy edaralaryň işgärleri çykyş etdi.

Erkin metbugaty, azat sözi berk çäklendirmekde tankytlanýan Türkmenistanda sosial torlar, şol sanda YouTube, Instagram, TikTok ýaly ulgamlar petik astynda saklanýar. Raýatlar bu saýtlardan peýdalanmak üçin VPN hyzmatlaryny ulanmaly bolýarlar.

Muňa garamazdan, soňky ýyllarda ilat arasynda Internet işjeňligi artýar, sosial torlarda öz pikirini beýan edýän, hökümetiň alyp barýan syýasaty barada tankydy garaýyşlaryny paýlaşýan raýatlar göz-görtele köpelýär.

Munuň bilen bir wagtda, türkmen häkimiýetleri bu raýatlary anyklamak çärelerini güýçlendirýärler. Şeýle-de, olar wagyz-nesihat maslahatlaryny hem wagtal-wagtal geçirýärler. Bular ýaly duşuşyklarda raýatlardan içerki we daşarky syýasata aralaşmazlyk, garaşsyz neşirleri islendik görnüşde yzarlamazlyk talap edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG