Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski rus kärdeşi Wladimir Putini geljek hepde, Ýeňiş güni paradynda harby enjamlary güjeňlejek bolman, ünsüni Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda barýan urşy soňlajak parahatçylyk şertnamasyna gönükdirmäge çagyrdy.
Zelenski 4-nji maýda Çehiýanyň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşmak üçin Praga eden saparynyň çäginde, Çehiýanyň prezidenti Petr Pawel bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda Putiniň "paradda öz tanklaryny güjeňlemäge ilgezikdigini, ýöne onuň öz urşuny soňlamagyň pikirini etmelidigini" aýtdy.
Putin nasistik Germaniýadan üstün çykylmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli uly dabaralara taýýarlanýan Moskwada eden çykyşynda Russiýanyň Ukraina urşuny "öz logiki netijesine getirmek" üçin "kuwwatynyň we serişdesiniň" bardygyny aýtdy we bu meselede ýadro ýaragyny ulanmak zerurlygynyň bolmazlygyna umyt baglady.
Russiýanyň Ukraina garşy giň gerimli çozuşa başlamagy bilen, Kiýew we Moskwa indi dördünji ýyl Ikinji Jahan urşunda gazanylan Ýeňşiň ýyl dönümini, nasistleriň ýeňilmegini baýram etmäge taýýarlanýar.
Uly weýrançylyklardan we adam ýitgilerinden ejir çeken Ukraina, günbatarly ýaranlarynyň belleýän senesine laýyklykda, Ýeňiş gününi 8-nji maýa geçirdi.
Sowet Soýuzy döwründe bolşy ýaly, Moskwa bu baýramy 9-njy maýda belleýär, sebäbi 1945-nji ýylda nasistleriň boýun egen güni Moskwada gije wagtyna gabat geldi.
Putin, 8-nji maýdan başlap, Ýeňiş gününe gabat Ukrainadaky uruşda üç günlük ýaraşyga çagyrdy. Zelenski, muňa jogap hökmünde, has uzyn, 30 günlük ýaraşyk baglaşmaga çagyrdy.
Pawel Putiniň bu urşy "ýekeje karar bilen" soňlap biljekdigini aýtdy, ýöne ýakynda eden ýaraşyk gürrüňlerine garamazdan, onuň "muny etmek isleginiň hiç bir alamatyny görkezmeýändigini" belledi.
Bu konflikti çözmek babatynda täzelenen, esasy bölegi ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp tarapyndan öňe sürlen tagallalaryň gowşap başlamagy bilen, Russiýa Ukrainadaky söweş meýdanynda edýän basyşlaryny güýçlendirmegi dowam etdirýär.
Biraz öň energiýa infrastrukturasyna edilýän hüjümleri çäklendirmek barada baglaşylan deslapky ylalaşyga garamazdan, Ukraina we Russiýa nebit geçirijilerini, elektrik stansiýalaryny, elektrik geçiriji liniýalary we beýleki möhüm ýerleri nyşana almagy dowam etdirýär.
NBC News 4-nji maýda Trampdan Putiniň üç ýyllyk urşuň soňlanmagy barada gepleşik geçirmek niýetlerine "ýalňyş" düşünen dälsiňiz-dä diýip soranda, ABŞ lideri "Mende hiç bir pikir ýok" diýip jogap berdi.
"Men size muny mundan beýläk bir aý çemesi wagda ýa-da iki hepdede aýdaryn" diýip, Tramp sözüniň üstüni ýetirdi.
Ak tamyň Russiýa boýunça esasy wekili geçen aý Putin bilen duşuşmak we Kiýewiň üzül-kesil ret eden zatlaryny öz içine alýan köptaraply teklibi ara ara alyp maslahatlaşmak üçin Moskwa sapar etdi.
Tramp NBC bilen geçirilen söhbetdeşlikde ABŞ-nyň gapma-garşy taraplaryň biri bilen "has ýakyndygyny", beýlekisi bilen beýle "ýakyn däldigini" aýtdy, ýöne haýsy ýurduň ýakyndygyny ýa ýakyn däldigini aýtmakdan ýüz öwürdi.
Şeýle-de, ol ABŞ-nyň bu konfliktde araçy rolundan ýüz öwrüp biljekdigini ýene-de bir gezek dile getirdi, ýöne şindem ylalaşyk gazanylmagyna umyt baglaýandygyny aýtdy.
Russiýa Zelenski Praga barmazyndan birnäçe sagat öň Ukraina 160-dan gowrak pilotsyz uçar bilen hüjüm etdi, ukrain harbylary olaryň 69 sanysynyň urlup ýykylandygyny aýtdylar.
"Ruslar her gün Ukrainany oka tutmak bilen... atyşygy bes etmäge çagyrýarlar” diýip, Zelenski telegram postunda ýazdy.
Gyssagly kömek gullugynyň habaryna görä, Kiýew asmanyndaky dronlar we urlan pilotsyz uçarlaryň galyndylary birnäçe binada ýangyn turmagyna sebäp boldy.
Şeýle-de, merkezi Çerkasy şäherine ýigrimiden gowrak pilotsyz uçar hüjüm etdi. Gyssagly kömek gullugy bir adamyň ýaralanandygyny, birnäçe ýaşaýyş jaýyna zyýan ýetendigini aýtdy.
Wolodymyr Zelenski çeh prezidenti bilen bolan duşuşygyndan soň telegram kanalynda Ukrainanyň we Çehiýanyň F-16 söweş uçarlary üçin uçarmanlary we awiasiýa tehniklerini taýýarlaýan okuw merkezini döretjekdigini habar berdi.
Forum