Türkmen türgeni Yslam Akmyradow Perunyň paýtagty Lima şäherinde ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça geçirilýän dünýä çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy diýip, “Türkmenportal” habar berýär.
Yslam Akmyradow 96 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, silterläp götermekde 141, itekläp götermekde 175 we iki görnüşiň jemi boýunça 316 kilogram netije bilen ikinji orny eýeledi.
Neşir mundan öň bu ýaryşa gatnaşýan türkmenistanlylaryň arasynda Didarbek Jumabaýewiň, Kakamyrat Annamyradowyň we Ogulşat Amanowa dagynyň medal gazanandygyny habar beripdi.