Türkmen resmisi BMG-niň Gynamalara garşy komitetine beren hasabatynda Türkmenistanda gomoseksual adamlara ýowuz daraşylmagy baradaky maglumatlary ret etdi. Ýöne LGBT jemgyýetiniň wekilleri resmi beýanatlar bilen özleriniň ylalaşmaýandyklaryny aýdýarlar we hukuk bozulmalaryna ünsi çekýärler.
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 23-24-nji aprelde bu ýurtda gynamalara we ýowuz daraşmalara garşy ýerine ýetirilen işler boýunça hasabat bilen çykyş etdi.
Ol öz çykyşynda hökümete degişli bolmadyk jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bu ugurda hasaba alnan aýry-aýry hadysalara jogap berdi.
“Biz gomoseksual adamlaryň gynamalara, ýowuz daraşmalara sezewar edilmegi barada bir topar umumylaşdyrylan soraglary eşidýäris. Bagyşlaň, ýöne şeýle umumy beýanatlara jogap hökmünde, men hem umumylaşdyrylan jogap gaýtarmaly bolýaryn. Yzarlama bolmady, hiç zat dokumentleşdirilmedi we şuňa meňzeşler. Maňa anyk familiýa, takyk sene beriň, biz şondan soň siz bilen anyk maglumatlary paýlaşmaga taýýar” diýip, Hajyýew LGBT azlyklarynyň Türkmenistanda ýowuz daraşmalara sezewar edilmegi boýunça gozgalan meselelere jogap berdi.
LGBT azlyklarynyň Türkmenistandaky hukuklaryna gönükdirilip, daşary ýurtda döredilen “Türkmenistanyň görünmeýän älemgoşary” başlangyjynyň esaslandyryjysy Dawid Omarow LGBT jemgyýetiniň agzalarynyň Türkmenistanda hut yzarlamalar sebäpli, gizlinligi saklamaga mejbur bolýandyklaryny aýdýar.
“Men diňe aktiwist hökmünde däl, eýsem jynsy ugrum üçin zorluk, kemsidilme, ezýet gören adam hökmünde gürleýärin. Öýden çykmaga gorkmagyň, kömek soramakdan howatyrlanmagyň nämedigini bilýärin — sebäbi kömegiň deregine täze zorluk garaşýar” diýip, Omarow aýdýar.
Ol LGBT azlyklarynyň, adamyň immunýetmezçilik wirusy (AIW) ýokaşan adamlaryň yzarlanmak howpy zerarly, saglyk edaralaryna ýüz tutmakdan gorkýandyklaryny aýdýar.
“Olar lukmana ýüz tutmaga gorkýarlar, sebäbi polisiýa tarapyndan yzarlanmak howpy bar. Biz şeýle şertlerde işleýäris, atlary aýtmak mümkin däl. Munuň sebäbi subutnamalaryň ýoklugy däl, ejir çekenleriň özleriniň ýalbarmagy – olar, ‘meniň adymy aýtma, maňa-da, ýakynlaryma-da howp abanar’ diýip ýalbarýarlar” diýip, Omarow aýtdy.
Türkmen resmisi ýurtda jynsy azlyklaryň wekilleriniň yzarlanmagy bilen bagly wakalar boýunça anyk adamlaryň, anyk at-familiýalaryň getirilmegine çagyrdy. Ýatlasak, Azatlyk Radiosy 2019-njy ýylda Türkmenistanda bir geý erkegiň, Kasymberdi Garaýewiň öz jynsy ugry bilen baglylykda yzarlanmalara sezewar edilmegi barada habar berdi. Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar Garaýewiň ykbalyna alada bildirdiler. Hajyýew iki ýyl ozal, 2023-nji ýylyň martynda beren hasabatlarynyň birinde Garaýewiň ýagdaýynyň ýerbe-ýer bolandygyny, onuň öýünde bolandygyny öňe sürdi.
Hajyýew gomoseksual gatnaşyklaryň türkmen kanunçylygynda jenaýat hasaplanmagy boýunça gozgalan soraglara-da jogap berip, munuň milli ýörelgeler bilen baglanyşykly bolandygyny, ýöne şol bir wagtda Türkmenistanda her bir adamyň hukugyna sarpa goýulýandygyny aýtdy.
“Munuň jenaýat hasaplanmagy barada aýdylanda, biz komitetiň beren teklipnamalaryna hormat goýýarys we olary öwrenýäris. Käbir teklipnamalar gatnaşyjylar tarapyndan kabul edilýär, käbirleri bolsa gatnaşyjylar tarapyndan kabul edilmeýär. Biziň ol ýa-da beýleki meselelere milli çemeleşmelerimiz bar. Biz her bir adamyň hukugyny, olaryň ähli hukuklaryny ykrar edýäris. Şol bir wagtda, käbir ugurlar barada aýdylanda, biz öz çyzgymyza eýerýäris” diýip, Hajyýew aýtdy.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi geçen ýylyň awgustynda adamyň immunýetmezçilik wirusy ýokançly adamlar ýüze çykarylan mahalynda lukmançylyk kömegini bermegiň tertibini tassyklady.
Türkmen metbugatyna görä, “degişli düzgünnama Türkmenistanda bu kesele ýolugan raýatlara berilýän lukmançylyk kömeginiň hilini we elýeterliligni artdyrmaga gönükdirilýär”.
Türkmen häkimiýetleri immunýetmezçilik wirusynyň ýurt içindäki gerimini aç-açan boýun almazlykda tankytlanýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli lukmanlar wirusa ýolugan adamlaryň sanynyň, hususan-da, soňky ýyllarda ençeme esse artandygyny aýdýarlar.
"Halas bolmagyň ýeke-täk ýoly - dymyşlyk"
Dawid Omarow hem bu kesele ýolugan adamlaryň biri bolup, ol Türkmenistanda bu ugurda bejergi almagyň kyn bolandygyny gürrüň berýär.
“Kim adyny aýdyp çyksa, derrew tussag edilýär, sorag edilýär, kemsidilýär, gynalýar” diýip, ol aýdýar.
Azatlyk Radiosy LGBT azlyklarynyň Türkmenistanda ýüzbe-ýüz bolýan agyr şertleri barada geçen ýyl ýörite film taýýarlady. Bu filmiň çap edilmeginiň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri ýurtda jynsy azlyklaryň agzalaryna garşy basyşlaryň güýçlenendigini habar berdiler.
“Türkmenistanda adamlaryň jebir-sütemden halas bolmagynyň ýeke-täk ýoly dymyşlykdyr. Dymmaklyk halas bolmagyň ýeke-täk ýoludyr” diýip, jynsy azlygyň agzasy aýdýar.
“Men diktaturanyň “ýagşy niýetine” ynanmaýaryn. Ýöne halkara basyşyna, raýdaşlyga, žurnalistleriň, ekspertleriň, aktiwistleriň kömegine ynanýaryn. Şolaryň kömegi bilen, bu gün gadagan edilen sözler halkara derejesinde orta atyldy” diýip, Omarow Türkmenistanda gynamalar we ýowuz daraşmalar bilen bagly meseleleriň BMG münberinde gozgalmagyna hoşallyk beýan edýär.
Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi gomoseksual gatnaşygy jenaýat hökmünde kesgitleýär we bu madda boýunça iş kesilen adamlar türme tussaglygyna höküm edilýär.
Azatlyk Radiosy bu meseleler boýunça türkmen hökümetinden, Wepa Hajyýewiň Ženewada aýdanlaryndan başga, goşmaça teswir alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum