Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji maýda resmi sapar bilen Fransiýada bolup, prezident Emmanuel Makron bilen duşuşdy.
AFP habarlar agentligine görä, duşuşyklaryň dowamynda birnäçe şertnamalara gol çekildi. Olaryň hatarynda bilim ulgamynda hem-de durnukly şähergurluşyk taslamalaryny ösdürmekde gazanylan ylalaşyklar, şeýle-de bilelikde alnyp barylýan türkmen-fransuz arheologik missiýalarynyň möhletiniň uzaldylmagy agzalýar.
Türkmen lideriniň Pariže amala aşyran resmi sapary Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda gatnaşyklaryň ýygjamlaşýan pursatlaryna gabat gelýär.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça synçysy Brýus Pannier Berdimuhamedowyň Fransiýa amala aşyran saparynyň şeýle meýilleriň dowamy bolandygyny aýtdy.
“Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmek ugrunda soňky birnäçe ýyl bäri, hususan-da, soňky bir ýyl bäri ullakan tagalla edip gelýär. Ýewropa Bileleşiginiň resmileri bilen ol ýerde, şol sanda Aşgabatda bir topar ýygnaklar geçirildi. Meniň pikirimçe Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu sapary hem şol gatnaşyklaryň dowamy bolup durýar. Ýewropa ähli Merkezi Aziýa ýurtlaryna täze hyzmatdaşlyklar hödürleýär, Berdimuhamedow şol mümkinçilikleri görýär” diýip, Pannier aýtdy.
Bilermen soňky wagtlarda türkmen döwletiniň alyp barýan daşary syýasatyndaky käbir meýillere ünsi çekip, Hytaý we Russiýa bilen Türkmenistan arada soňky aýlarda gatnaşyklaryň durgunlaşýandygyny, şol bir wagtda, Aşgabadyň täze ykdysady hyzmatdaşlyklara ymtylýandygyny aýtdy.
“Bu bir ýagdaý bilen bagly bolup biler: Türkmenistan täze ykdysady hyzmatdaşlyklara zerurlyk duýýar. Umuman alnanda Merkezi Aziýa sebiti bilen, hususan aýdylanda, Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge isleg bildirýän ýeke-täk tarap häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigi bolup durýar. Şonuň üçin, näme üçin Bileleşigiň iň öňde baryjy ýurtlarynyň biri bolan Fransiýa gitmeli däl?” diýip, Pannier aýtdy.
Ol, munuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň hem mart aýynda Fransiýa sapar edip, Emmanuel Makron bilen geçiren gepleşiklerine ünsi çekdi.
Ýatlasak, martyň ahyrlarynda Aşgabatda Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ministrler duşuşygy geçirildi. Munuň yz ýany, apreliň başynda Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen, Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Antonio Kosta we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet baştutanlary Özbegistanyň Samarkant şäherinde sammit geçirdi.
Sammitiň yz ýany çap edilen bilelikdäki jarnamada taraplar sebitleriň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlylyk beýan etdiler.
Ýewropa Bileleşigi 2019-njy ýylda Merkezi Azýa boýunça täze strategiýasyny kabul etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mart aýynda “Euronews” telekanalyna beren ýörite interwýusynda öz ýurdunyň Ýewropa Bileleşigi bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň Ukrainada alyp barýan giň möçberli çozuşynyň fonunda gaz söwdasy babatynda özüniň Moskwa garaşlylygyny azaltmaga çalyşýar. Türkmenistan hem uzak ýyllardan bäri Ýewropa ýurtlaryna gaz ibermäge isleg bildirip gelýär.
Ýöne Ýeliseý köşgünde geçirilen gepleşiklerde Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlarynyň maslahat edilip-edilmändigi aýdylmaýar.
AFP habar agentligi sapar barada çap eden habarynda Türkmenistanda Berdimuhamedowyň şahsyýet kultynyň ösdürilmegine, bu ýurtda adam hukuklarynyň basgylanmagyna hem-de media azatlygynyň çäklendirilmegine ünsi çekdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum