Pakistanyň premýer-ministri Şahbaz Şarif Hindistanyň amala aşyran howa zarbalarynda birnäçe adamyň heläk bolmagyndan soň, öz ýurdunyň muňa jogap berjekdigini aýtdy. Ýadro ýaraglaryna eýe bolan iki sebitleýin güýçleriň arasynda dartgynlylyk barha ýokarlanýar.
Pakistanyň Milli Howpsuzlyk Komitetiniň 7-nji maýda geçirilen gyssagly ýygnagynda ýurduň ýaragly güýçleriniň jogap bermäge ygtyýarlyk alandygy barada karar kabul edildi.
Mundan birnäçe sagat öň, Hindistanyň güýçleri Kaşmiriň Pakistanyň gözegçiligindäki sebitlerine we ýurduň Pendžab welaýatynda ýerleşýän birnäçe nyşana zarba urdy.
Nýu-Deli iki hepde öň Kaşmiriň Hindistanyň gözegçiligindäki sebitinde 26 hindu syýahatçysynyň öldürilmegi bilen baglanyşykly “terroristlere” garşy “takyk zarbalary” amala aşyrandygyny aýtdy.
Hindistan şol hüjüm bilen baglanyşykly üç şübheliň ikisiniň Pakistanyň raýaty bolandygyny öňe sürdi, ýöne bu barada anyk subutnama hödürlemedi. Pakistan bolsa, bu waka hiç hili dahylynyň ýokdugyny aýtdy.
Pakistanyň harby güýçleri 7-nji maýda edilen zarbalarda diňe parahat ilatyň heläk bolandygyny aýdyp, ölenleriň sanynyň 26, ýaralananlaryň bolsa 46 adama ýetendigini habar berdi.
Bu maglumatdan soň, Pakistanda ýerleşýän “Jaýş-e-Mohammed” atly söweşiji toparyň ýolbaşçysy Maulana Masud Azhar, Hindistanyň zarbalarynda öz maşgalasynyň 10 agzasynyň öldürilendigini aýtdy.
Bu maglumatlary garaşsyz çeşmeler arkaly bada-bad tassyk etmek başartmady.
Şol bir wagtyň özünde, Pakistan birnäçe hindi uçarynyň urlup düşürilendigini öňe sürdi. Iki tarap hem Kaşmiriň de-fakto serhedi bolan “Gözegçilik Çyzgysy” boýunça atyşyklary dowam etdirýär.
Bu ýagdaý iki ýurduň arasynda soňky 20 ýyldaky iň agyr çaknyşykdyr. Pakistan Hindistanyň zarbalaryny “aç-açan uruş hereketi” hökmünde häsiýetlendirdi.
Bu hüjüm Waşingtonda alada bilen garşylandy. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp hüjüm barada habarly edilendigini we çaknyşyklaryň “gaty çalt tamamlanmagyna” umyt edýändigini aýtdy. ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Hindistanyň we Pakistanyň resmileri bilen habarlaşyp, ýagdaýy maslahatlaşdy.
Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş hüjüm bilen baglanyşykly aladalaryny beýan edip, iki ýurdy hem iň ýokary derejede sabyrlylyga çagyrdy.
“Dünýä Hindistan bilen Pakistanyň arasynda harby çaknyşyga çydap bilmez” diýip, Guterreşiň sözçüsi aýtdy.
Bu aralykda, Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri, adatça bolşy ýaly, bu özgerişlikler barada dymýarlar. Şol bir wagtda, Pakistan bilen Hindistanyň arasyndaky barha ýokarlanýan dartgynlylyklar, Aşgabadyň ençeme ýyl bäri ilerledýän TOPH, ýagny Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçiriji proýektiniň geljegini sorag astyna alýar.
Forum