Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pagtaçylykdaky mejbury zähmet maýda, 'ýekeleme döwründen ulanylyp başlandy'


Gowaça meýdanynda işleýän býujet işgärleri. Arhiw suraty
Gowaça meýdanynda işleýän býujet işgärleri. Arhiw suraty

Türkmenistanda esasan pagta ýygymy möwsüminde köpçülikleýin ulanylýan mejbury zähmet indi gowaça ýekelemek, otag döwürlerinde, has ir ulanylyp başlandy, bu ýagdaý býujet işgärlerinde, ene-atalarda uly alada döredýär diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Bu maglumatyň esasy aýratynlygy gowaça meýdanlarynda ir başlanan agyr zähmet üçin hiç hili hak, töleg tölenmezliginden ybarat. Bu çäre oba hojalyk ministriniň geçen hepde Bereket, Gyzylarbat etraplarynyň gowaça meýdanlaryny aýlanyp, welaýat häkimini berk tankytlamagy bilen baglanyşdyrylýar.

Balkan sebitindäki habarçymyz Bereket, Balkanabat şäherleriniň saglyk edaralarynyň sanitarlarynyň, mekdepleriň hojalyk bölümleriniň işgärleriniň, şäher jemagat hojalygynda işleýän işçileriň Bereket etrabynyň gowaça meýdanlaryna otag, ýekeleme işlerine köpçülikleýin ugradylyp başlanandygyny habar berýär.

"Balkanabatly býujet işgärleri ir sagat 6-da döwlet awtobuslaryna mündirilip, gowaça meýdanlaryna alnyp gidildi, olar şýlän sagat 17:00-a çenli gowaça meýdanlarynda, özlerine bölünip berlen ýerlerde gowaça ýekelemeli, otag otamaly" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme aýtdy.

Welaýat hassahanasynda işleýän birnäçe sanitaryň Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde eden gürrüňinde aýtmagyna görä, olar Bereket etrabynda bir obanyň gowaça meýdanynda işleýärler.

HMH ofiseriniň 'potrat ýerinde çekilýän horluklar'

“Biz etrabyň MHM ofiserine degişli 80 gektar ýerde gowaça otamaga başladyk. Günortanlyk çaý-nahar öz hasabymyza, ýer eýesinden hiç bir ýardam, hatda içimlik suw hem ýok” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran sanitar Azatlygyň habarçysyna aýtdy.


Onuň sözlerine görä, ozal gowaça ýekelemek işlerine az adam çekileridi, beýle uly mejburlyk bolmaýardy.

“Ozal otag, ýekelme işlerine mejbury, köpçülikleýin gatnaşmazdyk, bu hili iş bolardy, az adamlary çekerdiler. Gowaça çirtmek(çikanka) we ýygym işlerine mejbury çekilerdik. Indi ýekelemek, otag işlerine hem çekip başladylar. Öňümizdäki ýyl gowaçanyň ekiş işlerine hem býujetçileri çekip başlasalar, geň galmaryn” diýip, welaýat hassahanasyny sanitary yssy howada ýany bilen alyp gelen suwlary gutaran adamlaryň gaty kösenýändigini hem sözüne goşdy.

Býujet edaralarynyň aýry-aýrylykda gürleşilen işgärleri gowaça ýekelemek, ekini haşal otlardan saplamak üçin eden azaplary, açyk meýdan ýitiren wagtlary, iş wagtynda çykaran çykdajylary üçin özlerine goşmaça hak tölenmeýändigini aýtdylar.

“1,5 litr agyz suwuny 7 manatdan satyn alýarys, günortan nahary üçin azyndan 35 manat çykdajy etmeli bolýar” diýip, gowaça otagyna iberilen mekdep işgäri aýtdy. Onuň sözlerine görä, gowaça meýdanlarynda işlemekden boýun gaçyrýan adamlara işden kowmak haýbaty atylýar.

Prezidentiň tabşyrygy resmilere kanun bozmak 'tutarygyny berýär'

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 5-nji maýda hökümet başlygynyň oba hojalygyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýat häkimleriniň sebitlerdäki oba hojalyk işleri baradaky hasabatlaryny diňläp, “meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi” tabşyrdy, ýöne ýerlerdäki meseleler barada hiç bir anyk zat aýtmady.

Ýerli resmiler işçileri gowaça meýdanyna iberenlerinde, çeşmäniň tassyklamagyna aýtmagyna görä, prizidentiň gowaçalary öz wagtynda ýekelemek, otag işlerini geçirmek barada beren tabşyrygyny özleri üçin tutaryk edinip ulanýarlar, welaýat häkiminiň tabşyrygy esasynda, adamlaryň iş ýerlerindäki ýolbaşçylardan rugsat sorap, ýörite alnandygyny aýdýarlar we olara gödek daraýarlar.

Halkara hukuk toparlary we guramalary Türkmenistany pagtaçylyk senagatynda mejbury zähmeti dowamly ulanmakda uzak wagt bäri tankyt edýärler.

Pagtaçylyk Türkmenistanda, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, netijesiz dolandyryş sebäpli, diňe býujet işgärleri üçin däl, eýsem gowaça ekmekden başga eklenç mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin hem “uzaga çekýän kösençlik” bolmagynda galýar.


Maglumat üçin aýdylsa, Azatlygyň Balkandaky habarçysy we çeşmeler geçen ýyl pagta ýygymyndaky mejbury zähmetiň 10-njy noýabrda hem bes edilmändigini, ýerli daýhanlaryň arasynda plany dolman, bergidar çykanlaryň hem az däldigini habar berdiler.

Azatlyk türkmen resmilerinden pagtaçylykda dowam edýän mejbury zähmet barada açyk düşündiriş alyp bilmeýär, daýhanlaryň, býujet işgärleriniň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary hökümet mejlislerinde, ýerli metbugatda agzalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG