Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanabat, Türkmenbaşy şäherlerinde elektrik energiýasynyň üpjünçiligi ýygy-ýygydan bökdelýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Şu günler Balkan welaýatynyň Balkanabat we Türkmenbaşy şäherleriniň ýaşaýjylary elektrik energiýasy bilen üpjünçiligiň ýygy-ýygydan bökdelmegine şaýat bolýarlar. Şeýle bökdençlikler hatda prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu sebite amala aşyran iş saparynyň dowamynda hem gaýtalandy.

Ýerli ýaşaýjylar, hususan-da, ýokary derejeli saparlaryň dowamynda bu hili kemçilikleriň hasaba alynmagynyň problemanyň soňky ýyllarda has-da ýitileşmeginden habar berýändigini aýdýarlar.

“Geçen hepdäniň ikinji ýarymynda Balkanabatda alty gezek, Türkmenbaşy şäherinde dört gezek tok kesildi” diýip, welaýatyň energetika infrastrukturalarynyň ýagdaýyndan habarly çeşmeler aýdýar.

Töleg meselesi

Türkmenistanda esasan sowet ýyllarynda gurlup ulanylmaga berlen infrastruktura desgalary köplenç adatdan daşary howa hadysalaryna, aşa sowuga ýa-da yssy howa şertlerine döz gelip bilmeýär. Ýöne ýerli ýaşaýjylar bu ugurda soňky wagtlarda ýygy-ýygydan gaýtalanyp başlan bökdençlikleri elektrik üpjünçilik kärhanalarynyň işi we ilatyň töleg meseleleri bilen baglanyşdyrýarlar. Bu ýagdaý üpjünçilik kärhanasynyň bir işgäriniň sözleri bilen hem tassyk bolýar.

“Elektrik energiýasynyň aýlyk töleglerini geçirip bilmeýän hojalyklaryň sany soňky aýlarda aşa köpeldi” diýip, bir ýerli elektrik kärhanasynyň hasapçysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim söhbetdeşlikde aýdýar.

“Munuň bilen baglylykda, Balkanabatda 600 çemesi hojalygyň elektrik üpjünçiligini haýal etmän kesmek barada karar kabul edildi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Üpjünçilik kärhanasynyň işgärine görä, bu sanawdaky her bir hojalygyň bergisi 3 müň manatdan aşypdyr.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Balkan welaýat elektrik üpjünçilik kärhanasyndan resmi teswir alyp bilmeýär.

Ýöne şeýle meseleler Türkmenistanda ähli sebitlere mahsus problema bolup, Azatlyk Radiosy bu ýurtda ilatyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiliginde gaýtalanýan problemalar barada ýyllarboýy habar berip gelýär.

Bu gezek şeýle problemalaryň prezidentiň günbatar welaýata amala aşyrýan iş saparlaryna gabat gelmegi ýerli ýaşaýjylary oýlandyrýar.

Ýatlasak, Serdar Berdimuhamedow 1-2-nji maýda Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Awaza milli syýahatçylyk zolagyna baryp gördi we Balkanabat halkara howa menziliniň açylyşyna gatnaşdy.

Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmesi prezidentiň sebit rezidensiýasynda elektrik kesilmeleriniň hasaba alynmandygyny, bu kabulhanalaryň ýörite generatorlar bilen üpjün edilendigini aýdýar.

Tygşytlylyk

Bulardan başga-da, elektrik üpjünçilik kärhanasynyň ýerli işgäri ilat arasynda energiýa serişdelerinden tygşytly peýdalanmak düşünjesiniň giňden ornamandygyny, bu ýagdaýyň hem üpjünçilik meselelerine täsir edýändigini aýdýar.

“Hojalyklar elektrik energiýasyndan tygşytly peýdalanmagy bilmeýärler. Gyş paslynda tok bilen işleýän peçler yzygiderli ulanylýar” diýip, elektrik kärhanasynyň işgäri aýdýar. Tomus paslynda bolsa, mümkinçiligi bolan adamlar köplenç elektrik energiýasy bilen işleýän kondisionerlerden peýdalanýarlar.

Türkmenistanda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, beýleki käbir hojalyk hyzmatlary bilen bir hatarda elektrik energiýasynyň üpjünçiligi tölegli edildi. Ondan ozal, bu ýurtda tok, gaz we suw ilata tölegsiz berilýärdi.

Şaý ýetmezçiligi

Elektrik energiýasy bilen üpjünçilik kärhanasynyň beýleki bir işgäri soňky wagtlarda yzygiderli gaýtalanyp başlan bökdençlikleri ilatyň tygşytsyzlygy bilen däl-de, infrastruktura desgalarynyň könelip, sandan çykmagy bilen baglanyşdyrýar. Transformatorlaryň ätiýaç şaýlary bilen öz wagtynda üpjün edilmezligi hem, problemanyň esasy sebäpleriniň hatarynda agzalýar.

“Elektrik energiýasyny geçiriji desgalara ätiýaç şaýlary ýetmezçilik edýär. Transformatorlar raýatlardan toplanan pullar bilen bejerilýär” diýip, üpjünçilik kärhanasynyň işgäri aýdýar.

Yzygiderli gaýtalanýan bökdençlik ýerli ilatyň gündelik durmuşyna oňaýsyz täsir edýär. Telekeçiler elektrik energiýasynyň yzygiderli kesilmeginiň arasynda köp sanly harytlarynyň zaýa bolýandygyny aýdýarlar.

“Buz gaýmaklar tiz wagtda ereýär” diýip, ýerli telekeçi elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň yzygiderli kesilmeginden şikaýat edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG