Prezident Serdar Berdimuhamedow rus kärdeşi Wladimir Putiniň çakylygy boýunça jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilýän dabara gatnaşýar. Bu aralykda, sebitlerde býujet işgärleri baýramçylyk çärelerine çekilýär, Magtymguly Ýaşlar guramasy weteranlara sowgat gowşurýar.
Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi türkmen prezidentiniň “uruş gahrymanlarynyň umumy edermenligine hormat-sarpanyň nyşany hökmünde” ýubileý dabaralaryna gatnaşandygyny aýtdy.
Şeýle-de, resmi metbugata görä, Aşgabatda Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül desselerini goýmak dabarasyna Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylyk etdi.
Mejbury çäreler
Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň dürli sebitlerinde Ýeňiş güni mynasybetli bellenip geçilýän jemgyýetçilik çäreleri barada habar berýärler.
Mary welaýatynyň sebit merkezinde býujet işgärleri 9-njy maý güni irden Baky ot ýadygärligine gül desselerini goýmak çärelerine çekildiler.
“Olaryň her biri gül desselerini we baýramçylyk şarlaryny satyn almak üçin 50-70 manat aralygynda çykdajy etdiler” diýip, sebit ýaşaýjysy aýdýar.
Mollanepes köçesiniň ugrunda geçirilen baýramçylyk dabarasyna çagalar baglarynyň körpeleri hem gatnaşdyrylyp, olaryň ene-atalary hem gül desselerini satyn almak üçin 50 manat harajat çykarypdyrlar.
“Şäher häkimligi şeýle çärelere maliýe serişdelerini bölüp bermeýär, ähli çykdajylar býujet işgärleriniň öz hasabyna ýapylýar” diýip, şäher ýaşaýjysy aýdýar.
Sowgatlar
Bu aralykda, gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän Ýaşlar guramasynyň agzalary 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan, ýa-da tylda zähmet çeken adamlara baýramçylyk sowgatlaryny gowşurýarlar.
Uruş weteranlary we olaryň ýakynlary özlerine sowgat hökmünde gowşurylýan sintetiki ýorganlaryň arzan bahaly sowgatlar bolandygyny we şeýle sowgatlaryň özlerine “derkar däldigini” aýdýarlar.
“Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän Ýaşlar guramasynyň agzalary ýurtdaky az sanly uruş weteranlarynyň, ýa-da tylda galan adamlaryň her birine sowgat hökmünde 50 manatlyk ýorgan gowşurýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri aýdýar.
Uruş weteranlary şeýle sowgatlara derek, özlerine pul serişdeleri berilse “has gowy bolardy” diýýärler.
“Derman alardylar, zerur iýmit önümlerini satyn alardylar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşleri aýdýarlar we häzirki wagtda olar üçin maliýe zerurlygynyň has möhüm bolandygyny belleýärler.
Uruş weteranlary, tylda galan adamlar we olaryň ýakynlary Türkmenistan döwletiniň tebigy serişdelere baý bolandygyny aýdyp, özlerine pul sowgatlarynyň gowşurylmagy üçin mümkinçilikleriň bardygyny aýdýarlar.
Türkmenistanda her ýylda Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna we tylda galan adamlara 200 manat möçberinde pul sowgatlary gowşurylýar.
Baý ýurt pul sowgatlarynyň möçberleriniň ujypsyz bolmagy bilen baglylykda tankyt edilýär.
Galyberse-de, Türkmenistanda 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan, ýa-da tylda zähmet çeken adamlara aýratyn pensiýalar bellenýär.
“Weteranlara gowşurylýan sowgatlar her ýyl baýramçylyk gutarýança döwlet telewideniýesinde gaýta-gaýta mahabatlandyrylýar” diýip, döwlet teleýaýlymynyň bir tomaşaçysy aýdýar.
“Bu sowgatlar uly ýaşly adamlara hiç hili derkar däl, bermeseler enaýy bolardy. Sintetik ýorgan bilen bir gysym medal gowşuryp, kimi aldaýarlar!?” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.
Beýleki dabaralar
Türkmenistanda Ýeňiş güni her ýylyň 9-njy maýynda dynç alyş berilmezden bellenip geçilýär.
Bu ýyl öňki ýyllardan tapawutlylykda, käbir döwlet sazly drama teatrlarynda urşa bagyşlanan sahna oýunlarynyň goýulmagy gadagan edildi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy 8-nji maýda Balkan welaýatynda şeýle gadaganlygyň bolandygyny, galyberse-de, sosial ulgamlarda urşuň wagyz edilmegine garşy häkimiýetler tarapyndan ýaş raýatlaryň arasynda gürrüňdeşlikleriň geçirilendigini habar berdi.
“Türkmenportal” neşirine görä, 9-njy maýda Aşgabadyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Ýeňiş güni mynasybetli konsert geçirilýär. Şeýle-de, şol gün Maýa Kuliýewa adyndaky milli konserwatoriýada hem baýramçylyk konserti guramalaşdyrylýar.
Resmi habarlara görä, ýurt boýunça başga-da birnäçe baýramçylyk konsertleri geçirilýär.
Galyberse-de, Türkmenistanda her ýyl 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan ýeňiş bilen baglylykda Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy, prezident Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy Berdimuhammet Annaýewiň hem urşa gatnaşandygy her ýyl aýratyn nygtalýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum