Türkmenistanda 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan weteranlara, şol döwürde tylda zähmet çeken adamlara, Gitlerçi Germaniýa bilen bolan uruşda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň prezidentiniň adyndan 200 manat möçberinde pul sowgatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.
Habarda gymmat bahaly sowgatlaryň bahasy anyklaşdyrylmaýar.
Serdar Berdimuhamedowyň kararynda bu sowgatlaryň uruş weteranlaryna söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygy, tylda zähmet çeken ak saçly enelere nusgalyk edermenligi üçin berilýändigi bellenilýär.
Özbegistanda bu ýyl Ikinji jahan urşuna gatnaşanlaryň hersine 10 müň dollar, söweşe gatnaşan bilen deň görülýän her bir adama - 25 million sum (1930 dollar) we zähmet frontuna gatnaşanlaryň her birine 3 million sum (230 dollar) sowgat berler.