Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda suw ýetmezçiligi ýitileşýär, 'hatardan çykýan' ýer köpelýär - hünärmen


Hünärmen: “Saparmyrat Türkmenbaşy, Akdepe etraplarynda..., ýeriň ýagdaýyna laýyklykda, gyş suwy we tarp şor ýuwuş suwy aýratynlykda berilmeli”.
Hünärmen: “Saparmyrat Türkmenbaşy, Akdepe etraplarynda..., ýeriň ýagdaýyna laýyklykda, gyş suwy we tarp şor ýuwuş suwy aýratynlykda berilmeli”.

Hünärmenleriň, tejribeli daýhanlaryň we ýerli synçylaryň ençeme ýyl bäri bildirýän aladalaryna, oba hojalygyndaky suw meselelerini çözmek üçin prezident derejesinde görlen çärelere, berilýän tabşyryklara garamazdan, ýurduň sebitlerindäki ýer we suw meseleleriniň ýitileşmegi dowam edýär, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen daşoguzly agronom “hatardan çykýan” ekerançylyk ýerleriniň barha köpelýändigini aýdýar.

Şu gün, 9-njy maýda gelip gowşan maglumatda aýdylmagyna görä, Daşoguz sebitiniň demirgazyk-günbatar etraplarynda ýiti suw ýetmezçiligi dowam edýär, Akdepe, Boldumsaz we Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynyň ekin meýdanlaryna şu wagta çenli “suwuň tasdan berilmändigi” aýdylýar.

“Saparmyrat Türkmenbaşy, Akdepe etraplarynda, beýleki etraplarymyzda, ýeriň ýagdaýyna laýyklykda, gyş suwy we tarp şor ýuwuş suwy aýratynlykda berilmeli” diýip, daşoguzly agronom (ady redaksiýada bar) Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Hünärmeniň düşündirmegine görä, Türkmenistanyň günorta, günbatardan sebitlerindäki ekerançylyk ýerlerinden tapawutlylykda, demirgazyk sebitde ýerasty suw 50, 100 metr çuňlukda däl-de, 4-5 metr çuňlukda ýerleşýär.


“Daşoguz şertlerinde ýeriň şoruny aýyrmak ýa-da azaltmak diňe ýuwuş suwunyň tutulmagyna bagly. Ýuwuş suw berilmedik ýerde, Ahal, Mary welaýatlaryndakydan tapawutlylykda, gögeriş alyp bolmaýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, Saparmyrat Türkmenbaşy, Akdepe, Boldumsaz etraplarynda häzire çenli gowaça ekilmeli ýerleriň bolubilse 15 göteriminde ekiş geçirildi. Köneürgenç, Şabat etraplarynda, Amyderýadan bölünen Şabat we Hanýap kanallarynyň kesişýän çatrygynda ýerleşýän iki etrapda häzir gowaça ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar diýip, hünärmen aýtdy.

Ruhubelentdäki ýagdaý adamlarda uly alada döredýär

Ýöne, ýerli agronomyň sözlerine görä, Ruhubelent etrabyndaky suw meselesi adamlarda uly alada döredýär.

“Ýiti suw ýetmezçiligi sebäpli, ruhubelent etraby indi 2 ýyl bäri pagta tabşyrmak borçnamasyndan azat edildi, köp daýhan birleşigi ýapyldy. Suw ýetýän daýhan birleşiklerinde döwlete diňe bugdaý tabşyrmak borçnamasy saklanyp galdy. Ruhubelent etrabynda suw tasdan ýok” diýip, agronom aýtdy.

8-nji maýda geçirilen hökümet mejlisinde daýhanlaryň suw kynçylyklary barada hiç zat aýdylmady, ýöne şu günler Hanýap kanalynyň MHM, polisiýa işgärleri tarapyndan berk gözegçilikde saklanmagy, kanaldaky suwuň diňe Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylyk bilen meşgullanýan daýhan birleşiklerine akdyrylmagy häkimiýetleriň Emele gelen ýagdaýy gaty gowy bilýändigini görkezýär diýip, ýerli synçy aýtdy.

Hanýap kanalyndan bölünýän Was kanaly Akdepe etrabynyň oba hojalygyny suw bilen üpjün etmeli, ýöne ol suw 20-nji aprelde doly kesildi, köneürgençlilere we Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ekin ýerlerine suw berýän Täzeýap kanaly bolsa, sakasyndan gömüldi diýip, Azatlyga gelen habarda aýdylýar.


“Ýaşaýjylaryň mellek ýerlerine hem suw berilmedi. Ir baharda gowaça ekiljek ýerlere berk kontrol astynda suw berildi, beýleki etraplarda, Boldumsaz, Akdepe etraplarynda bir damja suw görmedik daýhan birleşik ýerleri bar, şu ýyl boş galmak, ekinsiz galmak howpy uly” diýip, anonimlik şertinde gürleşen daýhan aýtdy.

"Iýunda ekilen gowaçadan gowy hasyl alyp bolmaýar"

Onuň sözlerine görä, bu gün 9-njy maý, gowaça meýdanlaryna ýuwuş suwy 10-njy maýda berlende hem, ol ýer haçan tabyna gelip, traktor göterer ýaly bolar? Giç sürlen ýerlerde, iýun aýynda ekilen gowaçadan gowy hasyl alyp bolmaýar, bu diňe daýhan üçin gury azap, çykdajy bolýar.

“Dogry, ir baharda, gyş ahyrynda kanallarda suw az boldy. Ýöne mesele suwuň az bolmagynda däl. Was kanaly derýa ýaly uly, Hanýap kanalynyň ini 120 metre golaý, suw bolmady diýende hem, iş başarýan häkimler bolan bolsa, bu suwy netijeli ulanyp, suw problemasyny çözerdi” diýip, aýratynlykda gürleşilen başga bir daýhan aýtdy.

Onuň pikiriçe, mesele häkimleriň geleňsizliginde ýa-da iş bilmezliginde, “maý aýy ortalap gelýär, nasoslary bejermek, ýaplary arassalamak häkimiýetleriň ýadyna diňe şu wagt düşdi. Daşoguzda Sapargeldi Motaýew, Işan Gulmyradow ýaly, iş bilýän häkimler ýolbaşçy bellense, bu ýagdaýa gelinmezdi”.

Azatlyga pikirini aýdan daýhanlar “soňky welaýat häkimleri beýle-de dursun, etrap häkimleriniň hem halk bilen duşuşmaýandygyny, oba hojalyk işleriniň ýagdaýyny görmäge gelmeýändigini, hatardan çykýan ýerleriň ýyl-ýyldan köpelýändigini aýdýarlar.

Şu aralykda, oba hojalygyna jogap berýän wise-premýer Taňryguly Atahallyýew 8-nji maýda geçirilen hökümet mejlisinde “suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak, suw hojalyk desgalaryny abatlamak babatda degişli çäreleriň görülýändigini” aýtdy, prezident Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “oba hojalyk pudagynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň ...möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe tabşyryk berdi, ýöne öň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilip-ýetirilmändigi bilen gyzyklanmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG