Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly agyr atletikaçylar Peruwdaky çempionatda 12 medal gazandy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmen agyr atletikaçylary Peruwyň paýtagty Lima şäherinde tamamlanan ýetginjekleriň (U17) we ýaşlaryň (U20) arasynda geçirilen dünýä çempionatynda 12 medal, ýagny 2 altyn, 7 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar. Bu barada türkmen resmi neşirleri 8-nji maýda habar berdi.

Maglumatda 1-6-njy maý aralygynda geçirilen çempionata 77 ýurtdan gelen 531 türgeniň gatnaşandygy, şeýle-de Türkmenistana ýedi agyr atletikaçynyň, ýagny ýaşlaryň ýaryşynda 4 oglanyň we ýetginjekler ýaryşynda 3 gyzyň wekilçilik edendigi aýdylýar.

Geçen ýyl Türkmenistanyň Agyr atletika boýunça federasiýasyna, gadagan edilen kuwwatlandyryjylar, ýagny doping babatdaky düzgünleri sistematiki ýagdaýda bozandygy üçin, $80 müň möçberinde jerime salnandygy barada maglumatlar peýda bolupdy.

XS
SM
MD
LG