Türkmenistanda ýiten çagalar barada maglumatlaryň hasaba alynmagy dowam edýär. Ene-atalar haraý sorap, häkimiýetlere we jemgyýetçilige ýüz tutýarlar, şeýle-de sosial ulgamlarda maglumat paýlaşyp, bu meselä ünsi çekmäge çalyşýarlar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmeleri aprel aýynda Lebap welaýatynda hasaba alnan aýrybaşga iki hadysanyň töweregindäki käbir jikme-jiklikleri anyklady.
Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy bolan bir zenan maşgala bäş hepde çemesi mundan ozal sekiz ýaşly oglunyň ýitendigini aýdyp, bu barada şeýle gürrüň berýär:
“Oglum günortan synpdaşlary bilen kompýuter oýunlary oýnalýan kluba gidipdir. Ol oýun wagtynda suw almak üçin, ‘5 minutdan geljek’ diýip, klubdan çykypdyr. Şondan soň gaýdyp gelmändir” diýip, ol aýdýar.
“Men oglumy tapmak üçin, kömek sorap, Türkmenabat şäher polisiýa bölümine bardym arzamy aldylar. Ýöne bu ugurda heniz edilen iş ýok” diýip, türkmenabatly ene sözüniň üstüni ýetirýär.
Ol şäher polisiýasy tarapyndan ýiten adamlaryň suratlarynyň ýörite ýerlerde asylýandygyny, ýöne olaryň arasynda özüniň bir aýdan gowrak wagt ozal ýitirim bolan sekiz ýaşly oglunyň suratynyň henize çenli asylmandygyny gürrüň berýär.
Gündogar sebitden gelip gowşan beýleki bir maglumatda takmynan iki aý ozal ýiten dokuz ýaşly çaganyň ykbalyna ünsi çekilýär.
Çärjew etrabynyň ýaşaýjysy bolan bir zenan maşgala dokuz ýaşly oglunyň tapylmagy üçin, jemgyýetçilikden, halk köpçüliginden haraý soraýandygyny aýdýar.
Ýöne ol öňler köpçülik ýerlerinde, şol sanda köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň girelgelerinde we awtobus duralgalarynda şeýle mazmundaky bildirişleri asmaga rugsat berlendigini, häzir bolsa munuň hem gadagan edilýändigini aýdýar.
Sosial ulgamlarda paýlaşylýan suratlar
Azatlyk Radiosynyň habarçysy aprel aýynda Ahal welaýatynda hem şuňa meňzeş birnäçe hadysanyň hasaba alnandygyny habar berýär.
Şol bir wagtda, sosial ulgamlarda hem ýiten çagalaryny gözleýän ene-atalaryň bildirişleri peýda bolýar.
Olar öz ildeşlerinden kömek sorap, ýiten çagalaryny tapmaga çalyşýarlar.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýiten adamlar baradaky maglumatlary onlaýn paýlaşmaýar.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Lebap we Ahal welaýatlarynyň polisiýa bölümlerinden resmi teswir alyp bilmeýär.
Türkmenistanda IMO messenjeri arkaly paýlaşylan maglumatlarda ýiten çagalar barada suratlar goýulýar we köpçülikden kömek soralýar.
Şular ýaly maglumatlaryň birinde bir ulanyjy şu ýyl uçurym bolmaly oglunyň ýitendigini aýdyp, öz ildeşlerinden ýardam soraýar. Beýleki bir maglumatda özüni Dursun diýip, tanyşdyran bir sosial media ulanyjysy ýaş çaganyň suratyny paýlaşyp, oglunyň bäş hepde ozal ýitendigini aýdýar we gören-eşidenlerden kömek soraýar.
Azatlyk Radiosy bu sosial media bildirişleriniň hakykydygyny ýa-da däldigini garaşsyz ýagdaýda tassyklap bilmeýär.
Döwlet media serişdeleri we hökümetçi neşirler şeýle hadysalar barada habar bermeýärler.
Azatlyk Radiosy öňki ýyllarda hem şeýle hadysalaryň birnäçesi barada habar beripdi.
2024-nji ýylyň iýun aýynda bolup geçen şeýle pajygaly wakalaryň birinde Maryda 4-nji synpy tamamlan dokuz ýaşly gyz iýunyň ortalarynda ýitip, birnäçe gün soňra onuň jansyz bedeni Murgap derýasynyň kenarynda tapylypdy.
Şondan bir ýyl ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary 2023-nji ýylyň güýz aýlarynda sosial ulgamlarda şeýle hadysalar boýunça paýlaşylýan maglumatlaryň ýygjamlaşandygyny habar berdiler.
Bu mesele gün tertibine getirilýärmi?
Käbir hasabatlarda iň howpsuz ýurtlaryň hatarynda agzalýan Türkmenistanda ýiten çagalaryň meseleleri jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hem gün tertibine getirilmeýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky edarasynyň hem bu ugurda bitirýän işleri barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerine maglumat berilmeýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýygnaklarynda hem ýurtda ýiten çagalaryň meseleleriniň gün tertibine getirilip-getirilmeýändigi aýdylmaýar.
Käbir günbatar döwletlerinde, şol sanda Birleşen Ştatlarda we Britaniýada Ýiten çagalaryň halkara güni bellenip geçilýär we bu ugurda ýörite hasabatlar ýöredilip, jenaýatçylygyň pidasy bolan ýa-da dereksiz ýiten çagalaryň meselelerine ünsi çekilýär.
Türkmen jemgyýetinde çagalaryň howpsuzlygy ilkinji nobatda ene-atalar, dogan-garyndaşlar, galyberse-de jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda üpjün edilýär. Ýöne şol bir wagtda, soňky ýyllarda ýiten çagalar barada has köp maglumatlar paýlaşylyp başlandy.
Öňki ýyllarda käbir goňşy ýurtlarda hem bir döwür şeýle problemalar giň ýaýrap, Özbegistanda mekdepler we çagalar baglary ene-atalardan çagalaryň mekdebe gidiş we gaýdyş ýolundaky howpsuzlygynyň jogapkärçiligini doly öz üstüne alýandyklary barasynda ýazmaça dilhaty talap edipdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum