Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml Zelenskiniň ok atyşyklary bes etmek teklibine dymýar, rus dronlary Ukraina hüjüm edýär


Russiýanyň harbylary Kiýewiň ok atyşyklary bes etmek çagyryşyna garamazdan, 12-nji maýda Ukrainanyň Sumy sebitine hüjüm etdiler.
Russiýanyň harbylary Kiýewiň ok atyşyklary bes etmek çagyryşyna garamazdan, 12-nji maýda Ukrainanyň Sumy sebitine hüjüm etdiler.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 15-nji maýda Stambulda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmaga taýýardygyny aýtdy, emma Ýewropa hyzmatdaşlarynyň goldamagynda öňe ilerledilýän ok atyşyklary bes etmek düzgüniniň 12-nji maýda başlamalydygyny belledi. Moskwa bu çagyryşy jogapsyz goýup, Ukraina garşy onlarça hüjüm dronlaryny ugratdy.

Zelenski 11-nji maýda agşam sosial mediada eden çykyşynda, 12-nji maýda başlamaly ok atyşyklary bes etmek teklibiniň “Kremliň öňünde” durandygyny aýtdy, emma günortana çenli muňa Moskwadan jogap bolmady.

“Doly we şertsiz ok atyşyklary bes etmek – diplomatiýa üçin zerur binýat döretmäge ýeterlikdir, bu parahatçylygy ep-esli golaýlaşdyryp bilerdi. Ukraina muny köpden bäri teklip edýär, hyzmatdaşlarymyz teklip edýär, tutuş dünýä hem munuň üçin çagyryş edýär” diýip Zelenski ýazdy.

“Biz Russiýadan anyk jogap garaşýarys” diýip, ol sözüne goşdy.

Zelenski Kiýewiň “gepleşiklere girişmekde düýbünden hiç hili kynçylygynyň ýokdugyny” we muňa “islendik görnüşde taýýardygyny” aýtdy.

“Men şu penşenbe, 15-nji maýda Türkiýede bolaryn we Putiniň hem Türkiýä gelmegine garaşýaryn” diýip ukrain lideri aýtdy.

Zelenskiniň Türkiýä saparynyň ok atyşyklary bes etmek düzgüniniň dessine başlanmagyna bagly bolup-bolmajakdygy ýa-da diňe Putin bilen duşuşyp, Moskwanyň başga wekillerini iberen ýagdaýynda duşuşmaga razy bolmajakdygy bada-bat aýdyň bolmady.

Zelenskiniň bu çykyşlary ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň degişli beýanatlarynyň yzýanyna gabat geldi. Tramp Kiýewiň we onuň esasy Ýewropa hyzmatdaşlarynyň ok atyşyklary bes etmek çagyryşlaryny ünsden düşürip, Ukrainanyň Russiýa bilen “derrew” göni gepleşik geçirmegini talap etdi.

Tramp bu talabyny Putiniň Türkiýede Kiýew bilen göni gepleşik geçirmek teklibini öňe sürmeginiň yzýany mälim etdi.

Tramp özüniň Truth Social sosial ulgamynda ýerleşdiren ýazygysynda Putiniň Ukraina bilen ok atyşyklary bes etmek şertnamasyny däl-de, “ganyň dökülmeginiň soňuna çykmak üçin göni gepleşikleri isleýändigini” aýtdy.

“Ukraina muny DERREW kabul etmeli. Iň bolmanda olar şertnama mümkinçiliginiň bardygyna ýa-da ýokdugyna göz ýetirerler, eger mümkin däl bolsa, Ýewropa liderleri we ABŞ häzirki ýagdaýdan ugrup alyp, degişli görnüşde hereket edip bilerler!” diýip, Tramp aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti özüniň Putiniň tarapynda durandygyny belläp, Kiýewi duşuşyk çakylygyny kabul etmäge çagyrdy we: “Duşuşygy häzir geçir!” diýip çagyrdy.

Putin bilen Zelenski diňe bir gezek – 2019-njy ýylda, Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy doly gerimli söweşe başlamazyndan öň duşuşypdylar. Tramp iki tarapyň arasyndaky “çuňňur duşmançylygyň” parahatçylyk tagallalaryna päsgel berýändigini aýtdy.

Zelenskiniň 12-nji maýda ok atyşyklary bes etmek baradaky teklibiniň orta atylmagy bilen, Russiýa Ukraina garşy nobatdaky hüjümi amala aşyryp, ýurduň birnäçe sebitine ýüzden hem aşa “Şahed” kysymly dronlary iberdi.

Forum

XS
SM
MD
LG