Şu ýyl II Jahan urşunda Nazi Germaniýasyndan üstün çykylmagynyň 80 ýyllygy bellenip geçilýär. 1941-1945-nji ýyllaryň urşy Türkmenistanyň döwlet mediasynda Beýik Watançylyk urşy atlandyrylýar. Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany şu tema gönükdirilýär.
1939-1945-nji ýyllarda bolup geçen uruşda şol döwürlerde dünýä ilatynyň tas 3 göterimi heläk boldy. Dünýä taryhynyň sahypalarynda gan bilen ýazylan alty ýylyň dowamynda tutuş dünýä boýunça 21-25 million çemesi harby, 50-55 million töweregi asuda raýat wepat boldy.
1940-njy ýyllarda 1 million 300 müň çemesi ilaty bolan Türkmenistanda takmynan 100 müň adam – 70 müň harby, 30 müň asuda raýat – uruşda wepat boldy. Bu sanlar şol döwürlerde ýurduň umumy ilatynyň takmynan 7,7 göterimini emele getirýärdi.
Bu uruş Türkmenistanyň döwlet mediasynda Beýik Watançylyk urşy atlandyrylýar, eýsem, onlarça müň türkmenistanly haýsy şertlerde uruşmaga alnyp gidildi, nähili şertlerde wepat boldy? Bu uruş türkmen halkynyň arasynda nähili trawma goýup gitdi? Türkmenler gan döküp, kimiň watanyny gorady? Biz şuňa meňzeş soraglar bilen Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeşlik geçirdik.
Forum