Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý bilen ABŞ gümrük paçlaryny wagtlaýyn 115% peseltmek barada ylalaşdy


ABŞ-nyň administrasiýasy Hytaýa garşy paçlaryň ýokarlandyrylmagyny bu ýurt bilen söwda deňagramsyzlygy bilen düşündiripdi.
ABŞ-nyň administrasiýasy Hytaýa garşy paçlaryň ýokarlandyrylmagyny bu ýurt bilen söwda deňagramsyzlygy bilen düşündiripdi.

Hytaý bilen ABŞ özara söwdada öň yglan eden import paçlaryny ep-esli ýokarlandyrmak baradaky kararlar boýunça 90 günlük moratoriý girizmek barada ylalaşdy. Bu barada Ženewada geçirilen gepleşikleriň netijesi boýunça ABŞ-nyň maliýe ministri Skott Bessent habar berdi.

Birnäçe tapgyr paçlaryň ýokarlandyrylmagynyň netijesinde ABŞ-nyň käbir hytaý harytlaryna goýýan paçlary 145%-e ýetdi, Hytaýyň ABŞ harytlaryna goýýan paçlary bolsa 125%-e bardy.

Bessentiň sözlerine görä, taraplar indi azyndan 90 günüň dowamynda paçlary 115% peseltmek barada ylalaşdylar. Ak Tamyň beýanatynda ylalaşyklaryň 14-nji maýdan güýje girjekdigi aýdylýar.

Bu ylalaşyklar Hytaýyň amerikan harytlaryna import paçlaryny esasy derejesine, ýagny 10%-e, ABŞ-nyň hytaý harytlaryna paçlaryny bolsa 30%-e çenli düşürjekdigini aňladýar. Taraplar indiki üç aýyň dowamynda özara söwda meseleleri boýunça gepleşikleri dowam etdirerler.

ABŞ-nyň administrasiýasy Hytaýa garşy paçlaryň ýokarlandyrylmagyny bu ýurt bilen söwda deňagramsyzlygy bilen düşündiripdi.

XS
SM
MD
LG