Kongresiň demokrat agzalary Tramp administrasiýasynyň ABŞ-nyň Halkara Ösüş Gullugyny (USAID) Döwlet departamentine birikdirmek üçin edýän görnetin synanyşygyna garşy çykdylar. Bu göçüm dünýädäki kömek maksatnamalaryny, şol sanda Ukraina üçin goýberilýän milliardlarça dollar kömek goldawyny sorag astyna salýar.
Kanun çykaryjylar 3-nji fewralda USAID-iň Waşingtonyň merkezindäki esasy edarasynyň daşynda ýygnanyp, prezident Donald Tramp tarapyndan hökümeti kiçeltmek tabşyrylan Elon Masky, Teslanyň we SpaceX-iň baş direktoryny tankytlap, ony "bikanun hereket" etmekde aýypladylar.
Demokratik kanun çykaryjylar agentligiň işgärlerine 3-nji fewralda işe çykmaly däldigi aýdylanyndan soň, protest bildirmek üçin ýygnandylar. USAID-iň işgärleri soň, agentlikde geçirilýän bolmagy mümkin arassalaýyş çäresiniň çäginde, hökümet elektron poçtalaryndan we beýleki hasaplaryndan kesildi.
Agentligiň Waşingtondaky esasy edarasynyň daş işiginde çykyş eden kanun çykaryjylar USAID-iň işini goradylar we oňa garşy görülýän çäreleriň kongresiň ygtyýarlyklaryna gatyşmak bolýandygyny aýtdylar.
“Bizde hökümetiň Elon Musk atlandyrylýan dördünji bölümi ýok. Bu hakykatdan hem aýdyň bolar" diýip, Meriländden saýlanan demokrat wekil Jeými Raskin aýtdy.
Ol Maskyň delilleriniň nämedigini bilmeýändigini, "emma olaryň Birleşen Ştatlaryň halky tarapyndan ABŞ-nyň Kongresi arkaly kanuny esasda kabul edilen zatlar bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny” hem sözüne goşdy. "Biz USAID-i hemme taraplaýyn gorarys" diýip, Raskin aýtdy.
Senator Kris Merfi (Chris Murphy) (Demokrat-Konnektikut) hem bu göçümiň konstitusiýa krizisini döredendigini aýtdy we oňa garşy göreşmek wadasyny berdi.
“Salgyt töleýjileriň pullarynyň nähili harçlanmalydygy baradaky meseläni halk çözýär. Bu meseläni Elon Mask çözüp bilmez" diýip, ol USAID binasynyň öňünde, Raskiniň ýanynda durup aýtdy.
Merfi bu göçümi “hökümeti saýlanmadyk milliarderleriň we korporatiw bähbitleriň bir toparyna tabşyrmak synanyşygy" diýip atlandyrdy we “biz munuň beýle edilmegine ýol bermeris” diýdi.
ABŞ-nyň Halkara Ösüş agentligi 1961-nji ýylda Kongres tarapyndan döredilen garaşsyz hökümet edarasy bolup, dünýäde onuň 10,000 çemesi işgäri bar.
Bu ABŞ hökümetiniň esasy halkara kömek guramasy bolup, dünýäniň käbir garyp ýurtlaryndaky meýilnamalary maliýeleşdirmek üçin, Kongresden ýylda onlarça milliard dollar serişde alýar.
Bularyň arasynda garyplyga garşy maksatnamalar, saglyk maksatnamalary, betbagtçylyklardan halas etmek, demokratiýany ilerletmek, adam hukuklaryny goramak maksatnamalary hem bar.
Kongresiň barlaglar gullugynyň (CRS) ýakynda çap eden hasabatynda aýdylmagyna görä, USAID-e 2023-nji maliýe ýylynda 130 töweregi ýurtdaky taslamalary goldamak üçin 40 milliard dollardan gowrak serişde goýberildi. Bu kömekleri alanlaryň iň ýokarky üçlüginde, uly kömek alan ýurtlar hökmünde, Ukraina, Efiopiýa we Iordaniýa durýar. Owganystan hem USAID maliýeleşdirmelerini alan ýurtlaryň iň ýokarky onlugyna girýär.
Döwlet sekretary Marko Rubio özüniň USAID-iň ýerine ýetiriji direktory bolandygyny tassyk etdi, ýöne bu wezipäniň ygtyýarlygyny, agentligiň gündelik işi bilen gönüden-göni meşgullanmazlyk üçin, başga birine geçirendigini aýtdy. Ol Kongresi agentligiň üýtgedilip gurulýandygy bilen ýazmaça habardar edip, USAID-iň käbir bölekleriniň Döwlet departamentine birleşdirilip, galan bölekleriniň ýatyrylyp bilinjekdigini aýtdy.
Bu çäre "USAID-iň amal edýän maksatnamalaryny bes etmek üçin däl-de, esem onuň Döwlet departamentinden syýasy ugur almagy" üçin görülýär diýip, Rubio aýtdy.
Günorta Amerika sapary wagtynda, Salwadorda çykyş eden Rubio USAID-iň işinden ençeme ýyl bäri nägiledigini, agentligiň Döwlet departamentiniň syýasatlaryna jogap bermekden ýüz öwrendigini aýtdy. Agentlik "Amerikanyň daşary syýasatyna laýyklykda işlemeli” diýip, ol aýtdy.
Rubio USAID-iň alýan pullarynyň salgyt töleýjileriň dollardygyny, emma edaranyň "milli bähbitlerden aýry, bütindünýä haýyr-sahawatyna" öwrülendigini aýtdy.
Ol biraz soň, 3-nji fewralda "Fox News" neşirine beren interwýusynda: "Meniň pikirimçe, biz Ýer togalagynda iň bir jomart ýurt bolarys, özem munuň manysy bolar, bu biziň milli bähbidimize laýyk bolar" diýdi. Döwlet departamenti bu söhbetdeşligiň tekstini öz web sahypasynda ýerleşdirdi.
3-nji fewral güni irden, 2-nji fewralda agentligiň işgärlerine ertesi gün işe gelmezlik barada e-poçta arkaly hat iberilendigi belli bolanyndan soň, Kongres agzalary dünýäniň iň baý adamy Masky nyşana aldylar.
Senator Patty Murray (Demokrat-Waşington), SpaceX Pentagon bilen baglaşylan hökümet şertnamalaryndan millionlarça dollar girdeji gazanýan wagtynda Masky USAID-e garşy herekete geçmekde aýyplady.
Murray Kapitolide geçirilen metbugat ýygnagynda USAID üçin eýýäm tassyklanan serişdeleriň doňdurylmagynyň “ynamy” bir ömrüň dowamynda görlen “iň pes derejä” düşürýändigini aýtdy we indiki ele geçiriljek serişdeleriň haýsy serişdeler boljakdygyny sorady.
Emma muňa garamazdan, Ak tam agentligiň reforma edilmelidigini aýdyp, beýanat çap etdi. Onda agentlikde serişdeleriň “sowrulmagyna we hyýanatçylyga” ýol berlendigi, şol sanda "Serbiýanyň iş ýerlerinde we işewür toparlarynda dürlülik deňligini we ähli taraplary içine alyjylygy ilerletmek” üçin 1,5 million dollar harçlanandygy aýdylýar.
Şeýle-de, Kolumbiýada “transgender operasy”, Peruda “transgender komik kitaby” we Gwatemalada “jyns çalyşmak we LGBT işjeňligi” üçin maliýe serişdeleriniň bölünip berlendigi bellenilýär.
"Bu sanawy näçe uzaltsaň uzaldyp oturmaly, özem bularyň hemmesi onlarça ýyl bäri dowam edýär... Prezident Tramp döwründe, häzir bu sowrujylyk, galplyklar we hyýanatçylyklar soňlanýar" diýip, beýanatda aýdylýar.
Forum