Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýewde rus dron hüjümi netijesinde azyndan 2 adam öldi, Ukrainanyň dronlary Moskwa atyldy


Russiýanyň Kiýewe eden dron hüjümde iki adam heläk boldy
Russiýanyň Kiýewe eden dron hüjümde iki adam heläk boldy

7-nji maýa geçilýän gije Russiýa bilen Ukraina bir-biriniň paýtagtlaryna dron hüjümlerini amala aşyrdy. Kiýewe edilen hüjümde iki adam heläk boldy, bäş adam, şol sanda dört çaga ýaralandy. Ukrainanyň harby administrasiýasy sosial ulgamlarda beren maglumatynda, ýok edilen dronlaryň galyndylarynyň üç etrapdaky ýaşaýyş jaýlaryna we beýleki binalara düşmegi netijesinde ýangynlaryň dörändigini aýtdy.

Şol bir wagtda, 7-nji maýda irden Moskwa tarap atylan ukrain dronlary sebäpli zyýan ýa-da ýaralanan adamlar barada maglumat gowuşmady. Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin rus howa goranyş bölümleriniň ýerli wagt bilen sagat 22:00-den soň Ukrainanyň azyndan 14 dronuny ýok edendigini aýtdy.

Russiýanyň resmileri Moskwa tarap gelýän dronlaryň şäheriň golaýynda urlandygyny aýtdylar. Şol bir wagtda, gijäniň dowamynda paýtagtyň esasy aeroportlarynyň işi saklandy.

XS
SM
MD
LG