Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmen režimi ‘ideal we baky diktaturanyň’ möhüm şertlerini bozýar” – synçy


"Soňky döwürde... özge pikirli raýatlara garşy açyk-aýdyň basyşlaryň güýçlenmegi ýerli ýaşaýjylaryň aladasyny artdyrýar". Illýustrasiýa suraty
"Soňky döwürde... özge pikirli raýatlara garşy açyk-aýdyň basyşlaryň güýçlenmegi ýerli ýaşaýjylaryň aladasyny artdyrýar". Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda raýatlaryň häkimiýetleriň soňky döwürde aktiwistlere, garaşsyz žurnalistlere we öz hukuklaryny gorap çykyş edýänlere garşy güýçlendiren basyşlaryna bolan nägileligi artýar diýip, Azatlyk Radiosynyň ýerli synçysy ýutdaky soňky özgerişliklere ünsi çekýär.

Ol şeýle ýagdaýyň döremeginde ýurduň Ženewadaky ilçisi Wepa Hajyýewiň BMG-niň maslahatynda, şol sanda Azatlygyň merhum žurnalisti Hudaýberdi Allaşowy “arakhorlykda” aýyplap eden çykyşynyň, Türkiýede türkmen aktiwistleri Alişer Sahatow bilen Abdulla Orusowyň deportasiýa edilmek howpunyň, şeýle-de içerki wagyz-nesihat ýygnaklarynyň artmagynyň uly täsiriniň bardygyny nygtaýar.

Dünýäniň iň ýapyk we azat metbugatyň berk çäklendirilýän ýurtlarynyň biri Türkmenistanda ilatyň dürli meselelere bolan garaýyşlaryny mälim etjek garaşsyz pikir soralyşyklar geçirilmeýär. Bu sebäpli, Azatlygyň ýerli synçysy, ilatyň häkimiýetleriň soňky basyş syýasatlaryna bolan pikirini öwrenmek üçin, ýurduň dürli sebitlerinde ýaşaýan, dürli ýaş we sosial gatlaklara degişli bolan jemi 46 adam bilen söhbetdeşlik geçirdi. Bu ylmy bolmadyk pikir soralyşyga gatnaşyjylaryň arasynda ýokary synp mekdep okuwçylaryndan başlap pensionerlere çenli dürli raýatlar, şol sanda hökümet işgärleri hem bar.

Synçynyň ilki beren soragy Türkmenistanyň BMG-niň Ženewa edarasyndaky hemişelik wekili Wepa Hajyýewiň 24-nji aprelde BMG-niň Gynamalara garşy komitetiniň mejlisinde Türkmenistanda gynamalar we raýatlara ýowuz daraşmalar boýunça beren hasabaty bilen bagly boldy.

Wepa Hajyýew
Wepa Hajyýew

Hajyýew çykyşynda türkmen häkimiýetleri tarapyndan gynamalara sezewar edilendigi aýdylýan raýatlaryň, şol sanda dowamly yzarlamalara duçar edilen merhum žurnalist Hudaýberdi Allaşowyň, polisiýanyň tussaglygy wagtynda agyr ýenjilmeler sebäpli ölendigi aýdylýan Allamyrat Hudaýramowyň, şeýle-de türme tussaglygynda saklanýan aktiwist Mansur Mingelowyň dagy gynalmandygyny öňe sürdi, galyberse-de ol garaşsyz žurnalistikany “ownuk bähbitlere kowalaşmakda” we “galp maglumatlary” ýaýratmakda aýyplady.

Pikir soralyşygynyň netijesine görä, gatnaşanlaryň 84,8%-i Türkmenistanyň Hajyýewiň BMG-de eden çykyşyndan habarly. Olaryň 89,7%-i bu çykyşy negatiw (ýalan sözledi diýip) häsiýetlendiripdir.

Türkmenistanda söz we metbugat azatlygynyň zerurlygy baradaky soraga gatnaşanlaryň 91,3%-i onuň zerurdygyny aýtdy. Bu görkeziji okuwçylar, studentler, býujet işgärleri, telekeçiler we pensionerleriň arasynda deň derejede ýokary boldy. Gatnaşyjylaryň 71,7%-i ýurtda söz we metbugat azatlygynyň “düýbünden ýokdugyny” aýtdylar.

Raýatlaryň pikirine görä, söz azatlygyny üpjün etmek üçin häkimiýetler ilki bilen gorky syýasatyndan el çekmeli (45,6%), jemgyýet bilen açyk dialogy ýola goýmaly (30,4%) we häkimiýetler, husanda prezidentiň hut özi senzurany dolulygyna ýatyrmaly (15,2%). Ýene bir gezek bellesek, bu dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň birinde geçirilen ylmy bolmadyk pikir soralyşygyň netijeleridir.

Dünýäniň iň ýapyk we azat metbugatyň berk çäklendirilýän ýurtlarynyň biri Türkmenistanda ilatyň dürli meselelere bolan garaýyşlaryny mälim etjek garaşsyz pikir soralyşyklar geçirilmeýär
Dünýäniň iň ýapyk we azat metbugatyň berk çäklendirilýän ýurtlarynyň biri Türkmenistanda ilatyň dürli meselelere bolan garaýyşlaryny mälim etjek garaşsyz pikir soralyşyklar geçirilmeýär

Mundan başga, ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat ýygnaklarynda häkimiýetleriň daşary ýurtlarda ýaşaýan aktiwistlere garşy aç-açan haýbat atmagy, olaryň özge pikirli raýatlary we žurnalistleri “ýurduň duşmanlary”, “daşary ýurtlaryň agentleri” hökmünde häsiýetlendirmegi hem jemgyýetçilikde uly nägileligi döretdi diýip, synçy söhbetdeş bolan onlarça ýaşaýjynyň sözlerine salgylanyp aýdýar.

Onuň bellemegine görä, türkmen häkimiýetleriniň soňky ýyllarda has-da güýçlenen repressiw hereketleri “jemgyýetiň sabyr käsesini doldurmakçy bolýar”. Ol “ideal diktatura” üçin zerur bolan şertleriň Türkmenistanda indi saklanmaýandygyny, ýagny hökümete sadyk gatlagyň we ilatyň minimal ykdysady üpjünçiliginiň ýokdugyna ünsi çekýär.

Ol türkmen režiminiň “ideal diktaturanyň düzgünlerini bozýandygyny” belleýär.

“Türkmen režimi ‘ideal we baky diktaturanyň’ möhüm şertlerini ‘bozýar’. Ýagny, diktatura we diýdimzorluk diňe režime sadyk gatlagyň dolulygyna sadyklygynda, şeýle hem ilatyň minimal derejede durmuş ykdysady üpjünçiliginiň bolmagynda baky ýa-da uzak wagtlaýyn saklanyp biler, emma bu günki Türkmenistanda ilatyň minimal üpjünçiligi hem üpjün edilmeýär, hökümete sadyk gatlak hem indi režimden ýadap, ‘täzeçilligi’ isleýär."

"Hökümete sadyk gatlak hem indi režimden ýadap, ‘täzeçilligi’ isleýär" diýip, ýerli synçy belleýär.
"Hökümete sadyk gatlak hem indi režimden ýadap, ‘täzeçilligi’ isleýär" diýip, ýerli synçy belleýär.

Soňky döwürde sosial mediada hökümet tarapdary bolan bloggerleriň özge pikirli raýatlara garşy açyk-aýdyň basyşlaryny güýçlendirmegi hem ýerli ýaşaýjylaryň aladasyny artdyrýar diýip, synçy sözüni dowam etdirýär.

“TikTok we beýleki sosial ulgamlarda oppozisiýa garşy gönüden-göni gorkuzmalar edilýär. Bu bolsa jemgyýetçilikde öňden bar bolan nägileligi has-da ýitileşdirýär” diýip, paýtagt häkimliginiň bir işgäriniň anonimlik şertinde beren gürrüňinde bellenýär.

Şeýle-de, syýasy synçy halkara derejesindäki awtoritar režimleriň arasynda emele gelen global tendensiýalaryň türkmen häkimiýetleriniň häzirki repressiw hereketleriniň dowamlylygyna näderejede täsir edip biljekdigi baradaky soragy orta atýar. Ol şeýle ýagdaýlaryň Türkmenistandaky ýagdaýlary has-da çylşyrymlaşdyryp biljekdigini nygtap, hökümetiň häzirki syýasy usullarynyň uzak möhletleýin üstünlik getirjegine şübhe bildirýär.

“Gürrüňdeş bolan raýatlar häkimiýetleriň beýle aç-açan duşmançylyk we çydamsyzlyk diline geçmegini Wepa Hajyýewiň dilinden, şeýle hem hökümetçi bloggerleriň çykyşlaryndan eşidýändigini belläp, munuň arkasynda häkimiýetleriň emele gelen global çarpynyşykdan ‘arkaýyn’ bolmak isleginiň ýatan bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar. BMG häzirki wagtda öz programmalaryny çäklendirmäge girişýär, USAID, USAGM ýapylmagy boýunça agyr sud diňlenişikleri gidip dur, bütin dünýäde awtoritar we milletçi populist hökümetler möwç alyp başlady, bu hem türkmen režimine arkaýynlyk duýgusyny berene meňzeýär" diýip, synçy belledi we sözüni dowam etdirip:

"Ýöne bu ýerde bir ‘emma’ bar. Ol hem, dünýäde göräýmäge ýitileşýän awtoritar meýiller köp halatlarda hut demokratik we demokratiýa geçiş ýolunda bolan döwletlerde bolup dur, bu hem öz gezeginde, şeýle meýilleriň islendik wagt ýakyn saýlaw möwsümlerinde üýtgäp biljegini inkär edip bilmeýär, ýöne, tersine, öňden bäri awtoritar bolup gelýän döwletleriň aglabasy bolsa hut uly syýasy öwrümleriň, ýiti syýasy geçişleriň bosagasynda dur. Şeýle ýagdaýda, türkmen häkimiýetleriniň arkaýynlygy ýa-da başga sebäbe görä syýasy repressiwligi gowulyga getirmejegi ikuçsyzdyr” diýip, synçy pikirini jemledi.

Bellesek, makalada beýan edilen pikir-garaýyşlar ýerli synçynyň özüne degişli bolup, olar Azatlygyň resmi pozisiýasyny hökman şöhlelendirmän biler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG