Türkmenistanyň kanunlarynda mümkinçiligi çäkli adamlara bir topar kanun ýeňilligi nazarda tutulan, bu olaryň özlerini jemgyýetiň doly bahaly agzalary ýaly duýup, gowy durmuşda ýaşap bilmekleri üçin görlen çäreleriň bir bölegi.
Ýöne bu kanuny ýeňillikleri almak, kanunda oz öňünde tutulan kömek-ýardamdan doly peýdalanmak hemişe aňsat hem düşmeýär diýip, Azatlyga gowuşýan habarlarda aýdylýar.
Biz bu mesele bilen gyzyklanyp, ýerli synçy Nurberdi Nurmmämedow bilen söhbetdeş bolduk.