Türkmenistanda prezidentiň kubogyny almak ugrunda 17 ýaşa çenli bolan oýunçylaryň arasynda geçirilen halkara ýaryşyň final tapgyrynda türkmen topary özüniň russiýaly bäsdeşlerinden üstün çykdy. Penşenbe güni Aşgabatda geçirilen bu duşuşyk türkmen ýaşlarynyň peýdasyna 2:1 hasaby bilen tamamlandy.
Hasap boýunça 19-njy gezek geçirilen bu ýaryşda sekiz ýurduň toparlary özara bäsleşdiler.
Emma 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky bu ýaryşa gatnaşan türkmen toparynyň düzümindäki azyndan üç oýunçynyň görkezilen ýaş çäginden uludygy barada maglumatlar gelip gowuşdy.
Eýsem, halkara sport tejribesinde boldy diýilýän şeýle ýagdaýlara nähili garalýar, olara garşy nähili çäreler görülýär? Bu soraglara Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň sport synçysy Alekseý Kuznetsow jogap berýär.
Azatlyk Radiosy: Alekseý, Türkmenistanda 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen ýaryşda türkmen toparynyň düzüminde has uly ýaşdaky oýunçylaryň hem bolandygy aýdylýar. Siz bu barada näme aýdyp bilersiňiz?
Alekseý Kuznetsow: Gynansak-da, bolup geçen zat, iň azyndan bu baradaky maglumatlar, tutuş dünýäde yzygiderli dowam edip gelýän gynandyryjy bir tejribedir.
Bu nähili bolup geçýär, käbir sportsmenleri belli bir sport türgenleşiklerine gatnaşdyrmak üçin, olaryň dokumentleri galplaşdyrylyp, şahsy maglumatlary üýtgedilýär. Beýtmek bilen-de, näme, ýaşy uly bolan oýunçy beýlekilere görä has güýçli, has çydamly bolýar. Emma dokumentlerde bolsa, onuň ýaşy beýlekileriňki bilen deň edilip görkezilýär.
Azatlyk Radiosy: Alekseý, şu ýerde sözüňizi böläýsem. Hawa, ýaňky siziň aýdýanyňyz, sportçynyň öz edýän işleridir. Emma, bize gowşan tassyklanmadyk maglumatlara görä, tälimçileriň özleri käbir oýunçylary komandadan çykaryp, olaryň ýerine has uly futbolçylary alypdyrlar. Siz sport türgenleriniň ýaşynyň üýtgedilmegine ýerli resmileriň dahylly bolmagyna nähili garaýarsyňyz?
Alekseý Kuznetsow: Hawa, men düşünýän. Emma, gynansak-da, sportdaky parahorluk mähnedini ýeňmek entek başardanok. Eger-de Halkara Olimpiýa komitetiniň içinde korrupsiýa bar bolsa, onda siziň ýaňky agzaýan ýagdaýlaryňyzy agzap oturmak hem gerek däl.
Bilýäňizmi, futbol dünýäsi, jemgyýetiň edil beýleki pudaklary ýaly çylşyrymlydyr. Futbolçy, onuň ene-atasy, tälimçi, komanda, hökümet... garaz, sanasaň, sanap oturmaly, bularyň her biriniň öz şahsy bähbidi bolýar. Ýagny, futbolçy gol salanyny, tälimçi öz toparynyň ýeňenini, hökümet hem sport pudagynyň özgerýändigini görkezmek isleýär.
Gynansak-da, häzire çenli bu korrupsiýa shemasyndan çykmak başartman gelýär.
Azatlyk Radiosy: Beýle ýagdaýlar oýunça, sport toparyna ýa-da ýurda nähili täsir ýetirýär?
Alekseý Kuznetsow: Beýle ýagdaýlaryň äşgär edilmegine iki – ýuridiki we sport – kanunçylygynyň düzgünleri esasynda baha berip bolar. Men Türkmenistanyň kanunçylygyny bilmänimden soň, munuň kanuny taraplary barada hiç zat aýdyp biljek däl.
Bu sport düzgünleri nazaryndan, elbetde, bir kanunbozmadyr. Muňa-da belli bir temmi görler. Ýagny, oýunçynyň ýa-da toparyň ballarynyň kemeldilmegi, ýeňşiň ýatyrylmagy, netijeleriň üýtgedilmegi ýaly çäreleriň görülmegi mümkin.
Azatlyk Radiosy: Alekseý, şeýle ýagdaýlaryň ýüz bermegi “sportuň ruhuny” öldürmeýärmi?
Alekseý Kuznetsow: Elbetde, öldürýär. Elbetde, bular ýaly wakalara şaýat bolmak lapykeç edýär. Şular ýaly nogsanlyklar sebäpli, sport hem ösüp bilmeýär.
Ýöne, düşüniň, sport munuň özi aýratyn bir ulgam bolman, bu durmuşyň bir bölegi. Ýagny, ol daş-töwerekdäki ykdysady, syýasy, jemgyýetçilik ýagdaýlaryny şöhlelendirýär.