Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşi Russiýanyň Ukrainadaky uruşda CS gazyny ulanandygy boýunça ilkinji gezek resmi taýdan aýyplama bildirip, munuň çäginde täze sanksiýa kararnamasynyň taslamasyny taýýarlady. Bu barada Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Systema derňew bölümi tarapyndan görülen düşündiriş belliginde aýdylýar.
Resmi maglumatda aýdylmagyna görä, bu aýyplama 2024-nji ýylyň noýabrynda we 2025-nji ýylyň fewralynda Ukrainanyň haýyşy esasynda taýýarlanan Himiki ýaraglara gadaganlyk baradaky guramanyň (OPCW) iki hasabatyna esaslanýar.
Bu teklip Ýewropa Bileleşiginiň öňümizdäki günlerde kabul etmegine garaşylýan üç bölümden ybarat boljak sanksiýalar toplumunyň bir bölegidir. Beýleki iki paket kiber-hüjümler we Russiýanyň Ýewropada durnuksyzlyk döredýän kampaniýalary bilen baglanyşykly. Ýewropa Bileleşiginiň içerki çeşmelerine görä, dördünji sanksiýalar bukjasy Russiýanyň “kölege flotuny” nyşana alar.
OPCW tarapyndan taýýarlanan hasabatlarda Russiýanyň 2024-nji ýylda Ukrainanyň Dnepropetrowsk sebitindäki Mariýiwka we Ilinka şäherlerinde geçirýän hüjümleri wagty CS gazyny ulanandygyna meňzeýän hadysalary dokumentleşdirilýär.