Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp 8-nji maýy Ikinji Jahan urşunda Ýeňiş güni güni diýip resmi taýdan yglan etdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp resmi proklamasiýa bilen 8-nji maýy Ikinji Jahan urşunda Ýeňiş güni diýip yglan etdi. Bu barada 7-nji maýda Ak Tamyň resmi saýtynda habar berildi.

Tramp bu meýlini öňünden sosial mediada beýan edip, 11-nji noýabry Birinji Jahan urşunda Ýeňiş güni, 8-nji maýy bolsa Ikinji Jahan urşunda Ýeňiş güni hökmünde yglan etjekdigini mälim edipdi. Ol ABŞ-nyň Ikinji Jahan urşunda “ýeňiş gazanmak üçin islendik beýleki ýurtlardan has köp iş edendigini” aýtdy.

8-nji maý 1945-nji ýylda nasistik Germaniýanyň kapituliýasiýa eden güni bolup, ABŞ-da adatça “Ýewropada ýeňiş güni” hökmünde bellenilýär. Sebäbi Ikinji Jahan urşy diňe Ýaponiýanyň 2-nji sentýabrda kapituliýasiýa etmegi bilen tamamlandy. Trampyň proklamasiýasy 8-nji maýy diňe Germaniýanyň ýeňilmegi däl-de, Ikinji Jahan urşunyň doly Ýeňiş güni hökmünde yglan edýär.

Proklamasiýada bu gün “azatlyk güýçleriniň dünýä taryhyndaky iň uly ýeňişleriniň biri” hökmünde häsiýetlendirilýär. Şeýle hem, ABŞ-nyň uruşdaky gatnaşygy jikme-jik beýan edilip, “Amerikan esgerleriniň gurbany bolmazdan bu uruşda ýeňiş gazanylmazdy, we biziň häzirki dünýämiz düýpgöter başgaça bolardy” diýilýär.

Ak Tamda eden çykyşynda Tramp ABŞ-nyň uruşdaky ýeňişlerinde beýleki ýurtlaryň, şol sanda Russiýanyň hem kömek edendigini boýun aldy, emma ýeňşiň esasan ABŞ-nyň tagallalary bilen gazanylandygyny ýene bir gezek nygtady.

XS
SM
MD
LG