Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda maşgalada bolýan zorluk-sütemden we gödek azarlardan ejir çekýänler üçin ýeke-täk telefon ulgamy açyldy


Gazak resmileri statistik maglumatlara esaslanyp, Gazagystanda her ýyl çagalara garşy 2 müňden gowrak jenaýatyň edilýändigini aýdýarlar.
Gazak resmileri statistik maglumatlara esaslanyp, Gazagystanda her ýyl çagalara garşy 2 müňden gowrak jenaýatyň edilýändigini aýdýarlar.

Gazagystanyň hökümeti maşgalada bolýan zorluk-sütemden we gödek azar berýänlerden ejir çekýänlere haýal etmän hukuk, psihiki we maslahat kömegini bermek üçin, ýeke-täk döwlet aragatnaşyk merkeziniň açylandygyny habar berdi.

«Döwlet baştutany Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanyň halkyna ýüzlenmesinde, ýeke-täk ynanç telefon ulgamyny döretmek wezipesini öňde goýdy hem-de zorlukdan we azar berýänlerden ejir çekýänlere kömek bermegiň netijeli meýilnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Bu tabşyrygyň yzy bilen maşgalada bolýan zorluk-sütemden we azar berýänlerden ejir çekýän gazagystanlylar 16-njy oktýabrdan başlap, gije-gündiziň dowamynda, birleşen döwlet aragatnaşyk merkezi "111 — Amanat" ulgamyna ýüz tutmaga mümkinçilik aldylar» diýip, Gazagystanyň premýer-ministriniň metbugat gullugynyň beýanatynda aýdylýar.

Telefon jaňlaryň mugt bolýandygy aýdylýar we oňa şäher nomerlerinden we jübi telefonlaryndan ýüz tutup bolar. Şeýle hem SMS – hat üsti bilen ýollanan dialoglar arkaly-da, raýatlara zerur kömekler berler.

Şeýle hem şol bir wagtda «zerur bolan ähli döwlet organlary we gulluklary hökmany jogap gaýtarmak baglanyşygyna birikdirmegi üpjün etmek» hem göz öňünde tutulýar.

"Görkezilen bu çäreler raýatlara, aýratyn-da aýallara we çagalara howpsuz şertleri döreder" diýip, Gazagystanyň premýer-ministriň orunbasary Tamara Düýsenowa maşgalada bolýan zorluk we azar berýänler barada, pikir alyşmak duşuşygyndaky çykyşynda aýtdy.

2020-nji ýylyň sentýabr aýynda, Gazagystanyň häkimiýetleri hökümetde höküm sürýän “Nur Otan” partiýasynyň Maşgala, aýal we çaga hukuklary boýunça Respublikan jemgyýetçilik geňeşiniň çäginde, «111» aragatnaşyk merkeziniň açylandygyny yglan edipdi (ol partiýa 2022-nji ýyldan bäri "Amanat" atlandyrylýar). Şonda häkimiýetler raýatlara maşgalada bolýan zorluk-sütemlere "hiç bir geçirimlilik" etmeli däldigini we “çaganyň ýa-da aýallaryň janyna we saglygyna sähelçe howp abanan ýagdaýynda, «111» belgisine ýüz tutmalydygyny” teklip edipdi.

Mejlisde statistik maglumatlara esaslanyp, Gazagystanda her ýyl çagalara garşy 2 müňden gowrak jenaýatyň edilýändigi nygtaldy. Olaryň 700-e golaýy jynsy eldegrilmesizlige garşy geçirilýär. Statistik maglumatlara görä, çagalara garşy edilýän zorluk-sütemiň 60%-i maşgalada ýüze çykýar.

  • Şu ýylyň tomsunda Gazagystanda, maşgalada bolýan zorluk-sütemiň administratiw ýagdaýlaryny ejir çeken adamyň şikaýaty bolmazdan açmaga mümkinçilik berýän düzedişler güýje girdi. Şeýle hem kabul edilen düzedişlerde, taraplaryň gaýtadan ýaraşmak çäresinden soň, ol işi ýatyrmak mümkinçiligi aradan aýrylýar. Tankytçylar bu özgerişleri "örän ýüzleý çäre" diýip atlandyrdylar. Adam hukuklaryny goraýjylar maşgalada bolýan zorlugy jenaýat hasap edip, oňa aýratyn iş hökmünde garamagy zerur hasaplaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG