Türkmenistanda buýsanar ýaly halkara derejesinde üstünlikler kän bir gazanylyp durulmansoň, kiçeňräk halkara ýeňişleri hem hökümetiň guramalaşdyrýan mejbury çäreleri bilen gutlanýar diýip, bir ýerli synçy 'Arkadag' futbol klubynyň täze ýeňşini teswirledi.
Iki ýyl ozal Arkadag şäherinde esaslandyrylan 'Arkadag' futbol topary golaýda Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň üçünji derejeli Çagyryş ligasynyň oýunlarynyň final duşuşygynda Kambojanyň 'Swaý Rieng' topary bilen ýaryşyp, 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.
Toparyň halkara ýaryşlarda gazanan ilkinji möhüm ýeňşi Türkmenistanda mejbury çäreler bilen utgaşdy.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň bu ýeňiş mynasybetli Arkadag şäherinde 12-nji maýda geçirilen köpçülik çäresine mejbury çekilendiklerini aýdýar.
Mejbury çäre
“Talyplar Arkadag şäheriniň girelgesinden şäher merkezine çenli aralykda ýoluň iki gyrasyna janly diwar hökmünde düzülip, baýdak göterip, birnäçe sagatlap garaşmaly boldular” diýip, çeşme aýdýar.
Bu dabara barada döwlet telewideniýesinde efire berlen wideo reportažda 'Arkadag' futbol toparynyň futbolçylary üsti açyk, iki gatly awtobusyň ikinji gatynda baýdak galgadyp, ýygnananlaryň öňünden geçýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy çärä mejbury çekilen talyplaryň uzak wagtlap, bellenen ýerde, ýoluň iki kenarynda garaşmaly bolandyklaryny habar berýär.
“Şeýle çäreleriň guramaçylary 'ur' diýilse, 'gözüni çykarýarlar'. Gije sagat 3-de ýörite awtobuslarda talyplary Arkadag şäherine getirip başladylar” diýip, çeşmeler aýdýar.
Resmi metbugat futbol janköýerlerini hem-de şäher ýaşaýjylaryny bir ýere jemlän dabaralara 'Akhan' binasynyň ýanynda badalga berlendigini, şeýle-de ol ýerde sungat we döredijilik toparlarynyň çykyşlarynyň guramalaşdyrylandygyny aýdýar.
Çekeleşikli ýaryş
Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň ýaryşlarynyň çäklerinde 'Arkadag' futbol topary bilen Kambojanyň 'Swaý Rieng' futbol toparynyň araysynda 10-njy maýda Pnompen şäheriniň 'Morodok Teço' milli stadionynda geçirilen çekeleşikli final duşuşygynda hasap 59-njy minutda türkmen oýunçysy Merdan Saparow tarapyndan açyldy.
Ol özüniň topardaşy Şanazar Tyrkyşowyň burçdan oýuna girizen pökgüsini garşydaşyň derwezesine girizmegi başardy. Ýöne, kambojalylar 82-nji minutda, oýnuň tamamlanmagyna sekiz minut çemesi wagt galanda hasaby deň-deň etdiler. Şeýlelikde, oýunda goşmaça wagt berildi.
Türkmen futbolçylaryna ýeňşi bagş eden utuk arkadagly Altymyrat Annadurdyýewiň kamboja komandasynyň derwezesine 112-nji minutda salan pökgüsi bilen gazanyldy.
'Swaý Rieng' toparynda daşary ýurtlardan, şol sanda braziliýadan bolan futbolçylar hem bar ekeni, ýöne 'Arkadag' topary özüniň diňe türkmen oýunçylaryndan ybarat düzümi bilen Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň kubogyny asmana götermegi başardylar.
Çagyryş ligasy Konfederasiýanyň guramalaşdyrýan üçünji derejeli çempionaty bolup, onda Aziýanyň Ikinji ligasynyň, ýa-da esasy ligasynyň ýaryşlaryna çykyp bilmedik toparlar çykyş edýär.
Bu liga öňler Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Prezident kubogy hökmünde-de tanalýardy. Mundan ozal, 2014-nji ýylda Türkmenistanda şol wagtky Halkara Türkmen-Türk uniwersitetiniň 'HTTU Aşgabat' futbol topary final duşuşygynda Demirgazyk Koreýanyň ‘Rimýongsu’ toparyny 2:1 hasabynda utup, Prezident kubogyna mynasyp bolupdy.
'Gyzgyn' gutlaglar
'Arkadag' futbol topary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy tagallalary bilen 2023-nji ýylda şol ýyl dabara bilen açylan Arkadag şäherinde esaslandyryldy. Bu çäreleriň ählisi Türkmenistanda Arkadag hökmünde tanalýan Berdimuhamedowyň şahsyýet kultynyň dabaralandyrylmagyna goşant goşýan tagallalar hökmünde ýatda galdy.
Çagyryş ligasynda gazanylan ýeňiş Berdimuhamedowlar tarapyndan örän gyzgyn gutlandy. Gurbanguly Berdimuhamedow bu mynasybetli prezident Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi. Bu hat döwlet metbugatynda dolulygyna çap edildi. Şeýle-de, prezident Arkadag toparynyň futbolçylaryna pul sylaglaryny gowşurdy.
Bu ýeňiş döwlet telewideniýesinde ýurduň halkara sport ýaryşlarynda gazanan iň möhüm ýeňişleriniň biri hökmünde gutlandy.
Döwlet telewideniýesinde görkezilen wideo reportažlarda Arkadag şäherinde geçirilen dabarada iki gatly awtobusyň ikinji gatynda baýdak galgadyp, ýygnananlaryň öňünden geçen futbolçylaryň 'Arkadaga şöhrat' diýip gygyrýandyklaryny olaryň dodaklaryndan okap bolýardy.
Türkmen hökümeti halkara sport ýaryşlarynda gazanylýan üstünliklere aýratyn ähmiýet berýär we şeýle ýeňişler halk arasynda Türkmenistanyň halkara abraýynyň belende göterilmeginiň nyşany hökmünde wagyz edilýär.
Resmi statistikalara görä 500 adam çemesi ilaty bolan Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary hem 'Arkadag' futbol toparynyň gazanan ýeňşi mynasybetli öz ýaşaýan ýerlerinde geçirilen soňky mejbury çäreler boýunça ‘ýadawlyk’ beýan etdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum