5-nji noýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda prezidentlik saýlawlary geçiriler. Görşümiz ýaly, kandidatlaryň wezipeleri dünýäniň köp ýurtlary bilen bagly daşary syýasatyna, söwda we ykdysady gatnaşyklaryna täsir eder. Dalaşgärler howanyň üýtgemegi, Ukrainada barýan uruş, Russiýa garşy girizilen sanksiýalar barada näme diýýärler? Olaryň teklipleri Gazagystana we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryna nähili täsir edip biler?
Birleşen Ştatlaryň iň ýokary syýasy wezipesi ugrunda Respublikan partiýasyndan Donald Tramp bilen demokratlardan Kamala Harris göreşýärler. Tramp öň prezident bolan mahalynda, Merkezi Aziýa liderleri bilen gürrüňdeş boldy. Onuň bäsdeşiniň beýle tejribesi ýok. Bilermenler Harris bilen Trampyň daşary syýasatdaky käbir pozisiýalarynyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna täsirini ýetirjekdigini belleýärler.
C5+1 FORMATY NÄHILI BOLAR?
Sowet Soýuzy darganyndan soň, ABŞ SSSR respublikalarda galan ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin tagalla etdi. Şeýle hem demokratiýa we Ýewraziýada adam hukuklaryna hormat goýmak meselelerine ähmiýet berdi. 2001-nji ýylda Owganystanda terrorçylara garşy operasiýa başlanan mahaly, Merkezi Aziýa geografiki ýerleş mümkinçiligi taýdan, Waşington bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etdi. 2000-nji ýyllaryň başynda Jorj Buşuň hökümetiniň ýolbaşçylygynda, Türkmenistandan başga, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dördüsiniň baştutanlary Waşingtona bardylar we ABŞ-nyň prezidenti bilen duşuşdylar. Gazagystanyň ilkinji prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bolsa öz höküm süren döwründe, Ak tamyň ähli hojaýynlary bilen duşuşdy.
Gazagystanyň ikinji prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ABŞ iki gezek iş sapary bilen bardy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýygnaklaryna gatnaşyp, maýa goýum, biznes gatnaşyklary meseleleri boýunça duşuşyklar geçirip, birnäçe ylalaşyklara gol çekdi. ABŞ Gazagystanyň ykdysadyýetinde uly maýa goýum işlerinde ikinji orunda durýar. Iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 40 göterim artdy.
Tokaýew 2023-nji ýylda C5+1 platformasynyň çäklerinde, beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri bilen geçirilen sammitde, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen duşuşdy. Orsýetiň Ukraina garşy uruş başlanyndan bäri Moskwanyň goňşulary, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlary arkaly sanksiýalardan daşlaşmak howpy artdy. Azatlyk Radiosynyň interwýu geçiren bilermenleriniň pikirine görä, şol duşuşygyň dowamynda, bu ileri tutulýan pursat boldy. Sammitden soň Ak tam esasan sebitde energiýa howpsuzlygy meseleleriniň maslahat edilendigi, şol wagtyň özünde adam hukuklary meseleleriniň gozgalmandygy barada beýanat berdi.
ABŞ-nyň hökümeti C5+1 formatyndaky diplomatik sammit arkaly Merkezi Aziýanyň ýurtlary — Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga çalyşýar. Bu format Barak Obamanyň administrasiýasy döwründe girizildi we Donald Trampyň hem Jo Baýdeniň ýolbaşçylygy döwründe hiç hili päsgelçilige duçar bolmady. Prezident Baýden 2023-nji ýyldaky duşuşygy "taryhy pursat" atlandyryp, duşuşyklary yzygiderli geçirmäge çagyrdy hem-de indiki sammitiň Merkezi Aziýa ýurtlarynda geçirilmegini teklip etdi. Bu ýagdaý dowam edermi?
Halkara gatnaşyklaryna we Ýewraziýadaky geosyýasy meselelere ünsi çekýän Amerikanyň Diplomat žurnalynyň redaktory Katerina Putz ne Harrisiň, ne-de Trampyň C5+1 sammiti hakda anyk beýanat etmändigini belleýär. Ýöne bu platformanyň "Ak tamda kim bolaýanda-da, netijeli boljakdygyny" nygtaýar.
Katerina Putz, eger-de Harris prezident saýlansa, onuň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleri bilen C5+1 formatynda geçiriljek duşuşygyň mümkinçiligi örän pes diýip hasaplaýar. «Ýöne men Baýdeniň olar bilen duşuşmagyna garaşmaýardym. Merkezi Aziýanyň ýurtlary bu platformany örän netijeli ulanýarlar. Gazagystanyň köpugurly daşary syýasaty munuň aýdyň mysalydyr» diýip, ol ýazýar.
Merkezi Aziýada durnuklylygy öwrenýän gyrgyz alymy Alişer Hamidow C5+1 platformasyny şowsuz diýip atlandyrýar we saýlawlardan soň bu formatdaky duşuşyklar dowam etmez diýip hasaplaýar.
«[Russiýanyň prezidenti Wladimir] Putin we [Russiýanyň] premýer-ministri her aýda diýen ýaly Merkezi Aziýa gelýärler. Biziň (sebit ýolbaşçylarymyz – Red.) hem köplenç Russiýa gidip, her aý duşuşýarlar. Şoňa görä-de, Russiýa bilen şahsy aragatnaşyk, täsir gurallary köp, ol ýerde migrantlarymyz bar, biz rus giňişliginiň bir bölegi. ABŞ bu ýagdaýdan habarly bolup, bize täsir etmegiň kyn boljakdygyna düşünýär. Göwnüme bolmasa, C5+1 formaty öz ähmiýetini ýitirýän ýaly görünýär» diýip, Hamidow Azatlygyň Gazak gullugyna gürrüň berdi.
UKRAINADAKY URUŞ
Saýlawlaryň öňüsyrasynda Kamala Harris bilen Donald Tramp Ukrainadaky uruş barada, öz pikirlerini aýtdylar. Harris Russiýanyň agressiýasyna garşy durmak üçin, Ukrainany "näçe gerek bolsa" şonça-da goldamaga taýýardygyny yglan etdi.
Tramp hem öz gezeginde eger wezipä saýlansa, taraplary 24 sagadyň içinde gepleşik geçirmäge we urşy bes etmäge çagyrjakdygyny aýtdy.
Baýden administrasiýasy we ABŞ-nyň Kongresi uruş başlanandan bäri Ukraina köp milliardlarça dollarlyk kömek berdiler. Şu ýylyň aprel aýynda ABŞ-nyň kanun çykaryjylary goşmaça 61,3 milliard dollarlyk goldaw üçin ses berdi.
Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow ABŞ-nyň serişdeleriniň "harby operasiýanyň dinamikasyny üýtgetmejekdigini" aýtdy.
Respublikançy Donald Trampyň Ukrainadaky urşa bolan garaýşy demokratlaryňkydan tapawutlanýar. Ol saýlanan halatynda, Ukraina mundan beýläk maliýe kömegini goldamajakdygyny aýtdy. Tramp urşy bes etmegiň ABŞ-nyň bähbidine boljagyna ynanýar. Ol dawany tiz ýatyrjakdygyna söz berse-de, parahatçylyk şertnamasynyň mümkin bolan şertleri barada, takyk maglumat bermedi.
Britaniýanyň BBC telewideniýesiniň maglumatyna görä, eger Tramp ýeňiş gazansa, Kreml birnäçe sanksiýalary ýatyryp, hatda Krymy "Russiýanyň bir bölegi" hökmünde ykrar etjekdigine umyt edýär.
Amerikan Brookings institutynyň maglumatyna görä, Tramp bilen Zelenskiý parahatçylyk şertnamasyny şu ýylyň iýul aýynda geçiren telefon söhbetdeşliginde maslahat edipdiler we urşy bes etmek üçin ruslara garşy girizilen sanksiýalaryň ýatyrylmagynyň mümkindigi barada hem gürrüň bolupdyr.
Katerina Putz parahatçylyk şertnamasynyň maslahaty çalt geçirilmez diýip hasaplaýar. Onuň aýtmagyna görä, kim prezident bolsa-da, sanksiýa syýasaty düýpli üýtgemez. Russiýanyň sanksiýalardan sowa geçmegine kömek edýän ýurtlara garşy girizilen gytaklaýyn sanksiýalar mundan beýläk-de ulanylar.
«Sanksiýalar syýasaty düýpli üýtgäýer diýip pikir etmeýärin. Adaty bolşy ýaly, Merkezi Aziýanyň käbir kompaniýalaryna garşy sanksiýalar dowam eder. Ol kompaniýalaryň köpüsi uruş başlanandan soň döredildi. Sanksiýalardan sowa geçýänler Gazagystanyň ykdysadyýetiniň esasy oýunçylary däl, olar täze gelenler» diýip, ol bu barada belläp geçdi.
ABŞ-nyň hökümeti ýylyň başynda Russiýa uçarlaryň komponentlerini üpjün edeni üçin, Gazagystandan we Gyrgyzystandan üç kompaniýa sanksiýa goýdy. Premýer ministriň orunbasary Serik Žumangarin Amerikanyň Bloomberg neşirine beren interwýusynda, Gazagystanyň sanksiýalary berjaý etjekdigini aýtsa-da, «Biz ýurduň öndürijileriniň söwdasyna päsgel berilmegine ýol bermeris» diýip, sözüne goşdy.
Katerina Putzyň bellemegine görä, Gazagystanyň hökümeti sanksiýalardan sowa geçmegiň öňüni almak üçin, Günbatar ýurtlary bilen gowy gatnaşyk saklaýar.
Ekspert Alişer Hamidow eger Harris ýeňiş gazansa, sanksiýalaryň diňe bir Russiýa kömek eden kompaniýalara däl, eýsem aýry-aýry adama, ýagny döwlet işgärlerine gönügip biljegini-de aýdýar.
«Günbataryň Russiýa garşy sanksiýalarynyň işlemegi üçin, Harrisiň administrasiýasy, mysal üçin, Russiýa [sanksiýalardan sowa geçmäge] kömek bermäge mümkinçilik berýän Merkezi Aziýa liderlerine berk sanksiýa goýup biler» diýip, Hamidow hasap edýär.
HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI WE NEBIT ÖNDÜRMEK
Kamala Harris öz çykyşlarynda ýaşyl ykdysadyýete geçmek barada köp aýdýar. Ol saýlaw programmasynyň barşynda, bütin dünýäde howanyň üýtgemegini peseltmek maksady bilen 2019-njy ýylda ABŞ-nyň Kongresi tarapyndan kabul edilen Green New Deal karary ýatlatdy.
Şeýle-de bolsa, Demokratlar partiýasynyň kandidaty awgust aýynda CNN bilen eden interwýusynda, ABŞ-da nebitiň öndürilişindäki freking usulyna çäklendirmeler girizmejekdigini aýtdy (Freking – ýerasty gatlaklardan köp mukdarda suw we himiki goşmaça serişdeler goýbermek arkaly nebit ýa-da gaz çykarmak usuly; ýerasty madda çykarylýan döwründe, tebigy gaz nebit bilen bilelikde goýberilýär we atmosfera ýaýraýar).
Harris freking usulynda nebitiň öndürilmegini goldamasa-da, ýöne ony çäklendirmejekdigini, howanyň üýtgemegi baradaky garaýşynyň hem üýtgemejekdigini mälim etdi.
Kongresde köplük bolan respublikançylar ýurtda nebit öndürilişini çäklendirýändigini we ykdysadyýetiň gowşaýandygyny öňe sürüp, Green New Deal kararyna garşy çykdylar. Saýlaw kampaniýasynyň başyndaky duşuşyklarynda Tramp demokratlaryň ýaşyl ykdysadyýete geçmek planyny "aldawçylyk" diýip atlandyryp, özüniň ABŞ-ny nebit çykarýan kuwwatly güýje öwürjekdigini öňe sürýär.
«Eger men prezident saýlansam, Green New Deal planyny ýatyryp, ýangyjyň bahasynyň ýokarlanmagyny togtadyp bilerin» diýip, 19-njy oktýabrda Pensilwaniýada nebit pudagynyň işgärleri bilen geçiren duşuşygynda aýtdy.
Tramp ýurtda ýangyjyň bahasynyň peselmegi üçin, ýurduň içerki nebit öndürilişini goldaýar. Soňky 3 ýylyň içinde, ABŞ-da benziniň bahasy iki esse artdy.
Birleşen Ştatlaryň dünýäde iň uly nebit öndürijisi bolup durýandygyny nazara alýan bilermenleriň pikirine görä, nebit bilen bagly syýasat saýlawlaryň netijelerine täsir edip biler. Bu bolsa nebit eksportyna bagly bolan, şol wagtda-da howanyň üýtgemegini peseltmegi maksat edinýän Pariž ylalaşygyny tassyklaýan Gazagystana hem täsir ýetirip biler.
Katerina Putz ABŞ-nyň hökümet gurluşlaryndaky garşylykly deňagramlylygy nazarda tutup, Trampyň başlangyçlarynyň nebitiň bahasyna düýpli täsir etmejekdigini aýdýar.
«Gysga wagtlyk çäkde Gazagystan howanyň üýtgemegi meselesine ünsi çekmegiň ýatyrylmagyny goldap biler. Gazagystanyň hökümetiniň gök energiýa geçmek barada köp gürrüň edýändigine garamazdan, öndürilýän energiýanyň uly bölegi häzire çenli ýerden gazylyp alynýan energiýa daýanýar we ykdysadyýet olara bagly bolmagynda galýar» diýip, Katerina Putz aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.