Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ bilen huthileriň arasynda ýaraşyk gazanyldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

ABŞ bilen Ýemeniň huthi güýçleriniň arasynda ýaraşyk gazanyldy. Bu barada Oman soltanlygynyň daşary işler ministri Badr bin Hamad Al-Busaidi habar berdi.

Maglumata görä, gazanylan ylalaşyga laýyklykda, ABŞ bilen huthiler biri-birine garşy hüjüm etmeli däl. Bu düzgün Birleşen Ştatlaryň Gyzyl deňizdäki we Bab-el-Mandep bogazyndaky gämilerini hem öz içine alýar. Omandan edilen beýanatda huthileriň Ysraýyla garşy hüjümlerini hem bes edip-etmejegi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Bu habardan az salym öň, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp huthilere garşy howa zarbalarynyň bes ediljekdigini mälim etdi.

“Huthiler indi söweşmek islemeýändigini mälim etdiler. Olar söweşmek islemeýändigini açyk aýtdylar, bizem muny hormatlaýarys we zarbalarymyzy bes edýäris. Olar boýun egdiler… Indi gämilerimizi partlatmajakdyklaryny aýtdylar” diýip Tramp belledi.

2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Gazadaky çaknyşyklaryň başlamagy bilen, Ýemeniň käbir sebitlerini gözegçilikde saklaýan huthiler Ysraýyla we onuň ýaranlaryna degişli gämilere, şol sanda sebite iberilen Amerikanyň harby gämilerine garşy hüjümlere başlapdy. ABŞ bilen onuň ýaranlary bolsa, jogap hökmünde huthileriň bazalaryna zarba urdy.

XS
SM
MD
LG