Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidentiniň adyndan uruş weteranlaryna $10 berler


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmenistan II Jahan urşuna gatnaşan türkmenistanly uruş weteranlaryna 200 manat möçberinde pul sowgadyny gowşurýar. Bu baradaky karara prezident Serdar Berdimuhamedow 3-nji maýda gol goýdy.

Beýleki käbir post-sowet ýurtlary bilen deňeşdirilende Türkmenistan öz uruş weteranlaryna 9-njy maýda bellenilýän Ýeňiş güni mynasybetli iň az pul sowgadyny berýän ýurtlaryň hataryndadyr.

Prezidentiň adyndan gowşurylmaly 200 manat pul sowgady – döwlet kursy boýunça $57, gara bazar kursy boýunça hem $10 möçberindäki serişde bolýar.

Mundan başga-da, prezidentiň kararynda pul sowgady bilen birlikde, uruş weteranlaryna gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak hem göz öňünde tutulýar. Ýöne ozalky ýyllaryň tejribesinden belli bolşuna görä, Türkmenistanda uruş weteranlaryna, olaryň yzynda galanlara prezidentiň adyndan diýlip berilýän sowgatlar adatça weteranlaryň özleriniň ýa-da býujet edaralarynyň işgärleriniň hasabyna gowşurylýar.

Türkmenistandaky uruş weteranlarynyň takyk sany baradaky maglumatlar elýeterli däl.

Ýurtdaky ýapyklyk, metbugata edilýän berk döwlet gözegçiligi türkmenistanly weteranlaryň durmuş şertleri, görýän kynçylyklary barada anyk maglumat almak, olar bilen söhbetdeşlik guramak mümkinçiligini tasdan ýoga çykarýar.

XS
SM
MD
LG