Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wens: Russiýa Ukraina boýunça gepleşiklerde aşa ýokary talaplary öňe sürýär


ABŞ-nyň wise-prezidenti Jeý Di Wens
ABŞ-nyň wise-prezidenti Jeý Di Wens

ABŞ-nyň wise-prezidenti Jeý Di Wens Russiýanyň Ukraina bilen konflikti çözmek boýunça geçirilýän gepleşiklerde öňe sürýän talaplarynyň “aşa ýokary” bolandygyny aýtdy. Bu barada ol 8-nji maýda “Fox News” telekanalyna beren interwýusynda aýtdy. Onuň sözlerine görä, Waşington Russiýanyň ilkinji tapgyr gepleşiklerde, adatçy bolşy ýaly, ýokary talaplar bilen çykyş etjekdigini öňünden çaklapdy.

“Biz Russiýanyň artykmaç zatlar islejekdigini bilýärdik, sebäbi olaryň urşa bolan garaýşy ýeňiş gazanýandygy pikirden ugur alýar. Emma Russiýa häzir ele geçirmedik territoriýalaryny hem özüne berilmegi barada umytlanyp bilmez. Bu başlangyç parahatçylyk teklibine goşulan şertleriň biridi” diýip, Wens aýtdy.

Wens Russiýa bilen Ukrainanyň ABŞ bilen geçirýän gepleşiklerinde öz teklipleri bilen çykyş etmeginiň möhüm ädimdigini hem belledi. Ol eger Russiýanyň gepleşiklere çynlakaý çemeleşmeýändigi belli bolan halatynda, Waşingtonyň bu tagallalardan çekiljekdigini nygtady.

“Bu ýagdaý <…> Russiýanyň hem, Ukrainanyň hem ABŞ-nyň maslahatyndan we araçylyk tagallalaryndan mahrum, ýekelikde galjakdygyny aňladar” diýip, Wens aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, ol diplomatik öňegidişlige umyt bildirip, Waşingtonyň taraplary ýakynlaşdyrmak üçin tagallalary dowam etdirjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG