ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Kiýew bilen Moskwany ok atyşyklary 30 günlük şertsiz ýagdaýda bes etmäge çagyrdy we bu düzgün bozulsa, sanksiýalaryň giriziljekdigini aýtdy. Bu barada ol Truth Social atly sosial ulgamda ýazdy.
“ABŞ ideal ýagdaýda 30 günlük şertsiz ýaraşyk düzgünini talap edýär… Eger-de bu düzgün bozulsa, ABŞ we onuň hyzmatdaşlary goşmaça sanksiýalary girizer. Hepdeläp müňlerçe ýaş esger heläk bolýar we hemmeler munuň soňuna çykylmagyny isleýär. Men muny isleýärin, ABŞ hem isleýär” diýip, Tramp ýazdy.
“Men Ýewropaly hyzmatdaşlarymyz bilen birlikde Russiýanyň we Ukrainanyň arasynda parahatçylygyň ýola goýulmagy ugrunda tagalla ederin, bu durnukly parahatçylyk bolar! Bu ýaraşyk ahyrky netijede parahatçylyk ylalaşygyna getirmelidir. Munuň ählisi gaty çalt amala aşyrylyp bilner, we men islendik wagtda, hyzmatym gerek bolsa, taýýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Bu beýanatdan öň Tramp bilen Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy. Zelenski bu gürrüňdeşlikde Kiýewiň 30 günlük ýaraşyga “hatda şu günden başlap” taýýardygyny, Moskwanyň hem bu teklibe razy bolmagyna garaşýandygyny aýtdy.