Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ICAO Russiýany 2014-nji ýyldaky “Boeing” betbagtçylygy üçin jogapkär diýip yglan etdi


MH17 uçaryna garşy atylan "Buk" raketasynyň bir bölegi. 24-nji maý, 2018 ý.
MH17 uçaryna garşy atylan "Buk" raketasynyň bir bölegi. 24-nji maý, 2018 ý.

Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) Geňeşi 2014-nji ýylda Donbas sebitiniň üstünde “Malaysia Airlines” awiakompaniýasynyň MH17 uçarynyň heläkçilige uçramagy bilen baglylykda Russiýany jogapkär hökmünde ykrar etdi. Bu barada Niderlandlaryň hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.

Beýanatda bellenmegine görä, Geňeş Russiýanyň Halkara raýat awiasiýasy baradaky Konwensiýanyň, ýagny Çikago konwensiýasynyň düzgünlerini bozandygyny kesgitledi.

“Geňeş şeýle hem öwezini dolmak meselesine sereder, munuň bilen baglylykda Russiýadan Niderlandlar we Awstraliýa bilen gepleşiklere gatnaşmagyna garaşýar. Biz bu işde Geňeşiň işjeň goldawyna umyt edýäris” diýip, Niderlandlaryň hökümetiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Mundan ozal, Russiýanyň Daşary işler ministrligi Moskwanyň Niderlandlar we Awstraliýa bilen Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň Geňeşindäki derňew işinde gatnaşygyny bes edýändigini mälim edipdi. Şol bir wagtda, rus tarapy BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň degişli rezolýusiýasynyň çäklerinde heläkçiligiň sebäplerini anyklamaga taýýarlygyny belläp geçipdi.

XS
SM
MD
LG