Bu sepgitler entek deňizdäki damjadyr, ýöne şeýle özgerişler jemgyýetdäki açyk pikir alyşmalaryň netijesidir diýip, ýerli synçy Türkmenistanda daşary ýurtlular üçin elektron wiza düzgüniniň girizilmegini we golaýda ýollary baglanan türkmen zenanlarynyň Türkiýä gitmegine rugsat berilmegini seljerdi.
Ýyllarboýy ýapyklykda tankyt edilen Türkmenistan ýaňy-ýakynda “Migrasiýa hakynda” kanunyna üýtgetmeleri girizip, ýurda syýahat etmek isleýän daşary ýurt raýatlary üçin elektron wiza düzgüniniň girizilýändigini yglan etdi.
Şeýle-de, türk raýatlaryna durmuşa çykan türkmenistanly zenanlaryň hereket azatlygynyň çäklendirilmegi bilen bagly meseleler sosial mediada we garaşsyz neşirlerde, şol sanda Azatlyk Radiosynda yzygiderli habar berlenden soňra, olaryň ýurtdan çykmagyna rugsat berilmegi ýerli synçylar tarapyndan “garaşsyz medianyň gazanan üstünligi” hökmünde alkyş aldy.
Ýatlsak, şu ýylyň başlaryndan bäri, ýollary baglanan türkmenistanly zenanlar we olaryň türkiýeli ýanýoldaşlary wideo ýüzlenmeler çap edip, sosial saýtlarda hem öz meselelerini gozgap, türkmen häkimiýetlerine haýyş bilen ýüz tutupdylar. Şeýle wideolar maglumat çeşmeleri arkaly ýaýradylyp, olarda zenanlaryň ençemesiniň bir ýyldan gowrak wagt bäri häkimiýetler tarapyndan Türkmenistandan çykarylmaýandygy aýdyldy.
“Adalata teşnelik çärýek asyrlyk üzňeligi sarsdyryp başlady” diýip, ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny ýakyndan yzarlaýan ýerli synçy soňky wakalary teswirleýär.
“Biz 2024-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanda soňky çärýek asyrda ilkinji gezek hut ýurt içinde syýasy we sosial jemgyýetçilik pikir alyşmalaryň ýygjamlaşmagyna we möhüm ykdysady we sosial meseleleriň ilat tarapyndan aç-açan dile getirilip başlanmagyna şaýat bolduk. Şeýle tagallalaryň fonunda, ýaňy-ýakynda türkmen raýatlarynyň Türkiýä çykyp bilmek meselesi boýunça ýurt ýolbaşçylaryna aç-açan onlaýn ýüzlenmekleriniň netijesinde, ahyrsoňy häkimiýetleriň kem-kemden oňyn çözgütleri kabul etmäge mejbur bolýandyklaryny synladyk” diýip, synçy sözüniň üstüni ýetirýär.
Ol bu “kiçi sepgitleriň” arkasynda, ilkinji nobatda, ýurtdan çykyp bilmedik türkmen aýallarynyň Türkiýede galan garyndaşlarynyň we ýanýoldaşlarynyň “aýgytly çykyşlarynyň” we şol çykyşlaryň üsti bilen turan “halkara şowhunyň” durandygyny aýdýar.
Azatlyk Radiosy apreliň ortalarynda migrasiýa edaralaryndaky çeşmelere salgylanyp, ýurtdan çykarylmadyk zenanlaryň Türkiýä gitmegine köpçülikleýin häsiýetde rugsat berlip başlanandygyny habar berdi.
“Men bu sanawy öz gözüm bilen gördüm. Sanawdaky 150-ä golaý aýal maşgaladan 60-a golaýy eýýäm daşary ýurda çykaryldy” diýip, şonda çeşme aýtdy.
"Umyt uçganaklary"
“Bu sepgitlere ýetilmegine-de jemgyýetçiligiň aç-açan pikir alyşmalary we onlaýn ýüzlenmeleri sebäp boldy” diýip, ýerli synçy aýdýar.
Ýatlasak, Azatlyk Radiosy soňky bir ýyldan gowrak wagt bäri ýurtda, iň bolmanda, ilat arasynda aç-açanlygyň peýda bolup başlamagy, halk bilen häkimiýetleriň arasynda, bar bolan meseleleri aç-açan gozgamak arkaly, dialogyň ýola goýlup başlanmagy ýaly temalary birnäçe gezek gün tertibine getirdi.
Şeýle alamatlar ýerli synçylarda we birnäçe intellektual adamlaryň arasynda ätiýaçly hem bolsa, “umyt uçganaklaryny” döredipdi. Şeýle wakalar ýurduň syýasatyny ýakyndan yzarlaýan daşary ýurtly synçylaryň hem ünsüni özüne çekipdi.
Bu meýilleriň arasynda, Türkmenistan ýaňy-ýakynda, has takygy prezident Serdar Berdimuhamedowyň 18-nji aprelde gol çeken karary bilen “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň kanunyna üýtgetme girizip, ýurda syýahat etmek isleýän daşary ýurt raýatlarynyň wiza düzgünini ýeňletdi.
Hökümetçi neşirlerde çap edilen habarlardan çen tutulsa, öňler Türkmenistanyň berk wiza düzgünleriniň, şol sanda almasy kyn çakylyk hatlarynyň getirýän päsgelçiliklerine we çylşyrymly býurokratik proseslere duçar bolan daşary ýurtlular, eger ýurda syýahat etmek isleseler, mundan beýläk, elektron wizalara ýüz tutup, Türkmenistana baryp bilýärler.
Maglumat üçin aýdylsa, bu täzelik 17-nji aprelde Türkmenistanda migrasiýa edaralarynyň işgärleriniň gününiň bellenýän wagtlaryna gabat geldi.
“Kanunyçlyga üýtgetmeler gizirilip, daşary ýurtlularyň Türkmenistana elektron wiza bilen gelip gitmegi ýola goýulýar” diýip, ýerli synçy aýdýar.
Synçylar şeýle özgertmeleriň ýurduň ýapyklykdan halas bolmak, açyk gapylar syýasatyny durmuşa geçirmek tagallalaryna goşant goşýandygyny aýdýarlar.
Türkmenistanyň yglan eden soňky täzeligi daşary ýurt döwletleriniň media serişdelerinde hem giňden habar berildi. Birleşen Ştatlaryň “The Washington Post” neşiri “Associated Press” habarlar agentligine salgylanyp, migrasiýa kanunyna girizilen üýtgetmeleri “Türkmenistan daşary ýurtlularyň ýurda girmegini aňsatlaşdyrýar” diýip habar berdi we bu çäreleriň işewür gatnaşyklaryny hem-de ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürip biljekdigini aýtdy.
Britaniýanyň “The Independent” neşiri bu habary “dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biri edil ýaňy bu ýurda syýahat etmegi aňsatlaşdyrdy” diýen sözbaşy bilen çap etdi.
Türkmenistanyň öz içinde hereket edýän “Biznes Türkmenistan”, “Türkmenportal” we “Orient” ýaly elektron neşirler hem by täzeligi gyzgyny bilen okyjylara ýetirdi.
Azatlyk Radiosynyň ýerli synçysy bu täzeliklere oňyn ädimler hökmünde baha berip, raýat işjeňliginiň mundan-da beýläk çärýek asyr bäri ýurtda dowam edýän üzňeligi maýlatmaga ýardam berjekdigine umyt bildirdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum