Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ýapyk” Türkmenistan daşary ýurtlular üçin elektron wiza ulgamyny girizýär


Türkmenistan dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň hatarynda agzalýar
Türkmenistan dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň hatarynda agzalýar

Dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biri hasaplanýan Türkmenistan daşary ýurt raýatlarynyň ýurda girmegini ýeňilleşdirmäge gönükdirilendigi aýdylýan elektron wiza ulgamyny girizjek täze kanuny kabul etdi.

Türkmen metbugatyna görä, prezident Serdar Berdimuhamedow degişli permana gol goýupdyr, we ol 18-nji aprelde resmi neşir edilenden soň, güýje giripdir.

Häzirki wagtda daşary ýurt raýatlary Türkmenistana gelmek üçin hökman öňünden wiza almaly we resmi “çakylyk hatyny” hödürlemeli. Şu talaplara garamazdan, köp ýüz tutanlaryň arzasy sebäbi düşündirilmezden ret edilýär.

Täze kanuna laýyklykda, daşary ýurt raýatlary indi ýönekeýleşdirilen onlaýn formany dolduryp bilýärler. Wiza üçin çakylyk hatlarynyň talap edilmeginiň hem ýatyryljakdygy aýdylýar.

Elektron wizalaryň derejeleri we görnüşleri, olary resmileşdirmegiň, bermegiň we möhletini uzaltmagyň tertibi gönüden-göni prezident tarapyndan bellenjekdigi aýdylýar.

Garaşsyzlyk alany bäri awtoritar dolandyryş astynda galýan we onlarça ýyl bäri iş ýüzünde üzňelik syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan daşary ýurtly syýahatçylar üçin dünýäde barmasy iň kyn bolan ýurtlaryň hatarynda galýar.

XS
SM
MD
LG