Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: "Posýolkanyň" ýol hupbatlary


Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demir ýol geçelgesiniň golaýyndaky gatnaw.
Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demir ýol geçelgesiniň golaýyndaky gatnaw.
Soňky döwürde paýtagtda täze estakada köprülerini gurmak ýa-da köne köprüleri söküp, täzesini gurmak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Ýaňy-ýakynda paýtagtyň B.Annanow köçesinden Bedew ýaşaýyş massiwine barýan demirýol üsti köpri hem ýapylyp, ony täzeden gurmaga girişildi.

B.Annanow köçesinden Bedewe barýan köpri. Ol ýumrulup täzeden gurulmaly.
B.Annanow köçesinden Bedewe barýan köpri. Ol ýumrulup täzeden gurulmaly.
Bu işiň öňüsyrasynda, köpriniň ýapylmagy sebäpli ilatyň uçrajak kynçylyklaryny azaltmak üçin Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň günortasynda demirýoldan geçer ýaly awtoulag geçelgesi guruldy. Şeýle-de köne awtoserwisiň golaýynda hem demirýoldan geçmek üçin geçelge guruldy.

Bu geçelgeler sowet döwründe hem bardy. Emma şu wagta çenli ýapykdy. Göräýmäge, bu demirýol geçelgeleri onuň töweregindäki ilat üçin amatly ýaly hem bolup görünýär.

Hoja Ahmet Ýasawy köçesindäki geçelgäniň onuň töwereginde ýerleşen “Posýolka” diýlip atlandyrylýan raýonyň ýaşaýjylaryna şäheriň merkezi raýonlaryna has çalt barmaga mümkinçilik berýär.

Ýol kadalary göz öňünde tutulmadyk

Emma swetofordyr köçe belgileri bolmadyk bu raýonyň köçeleri ýol hereketiniň kadalaryna gabat gelmeýär. Hatda bu köçäniň gyrasynda ýerleşen 14-nji mekdebiň ýanynda çagalaryň köçeden geçýändigini görkezýän belgidir, pyýada geçelgäni alamatlandyrýan çyzyklar hem ýok.

Hoja Ahmet Ýasawy köçesindäki belgi
Hoja Ahmet Ýasawy köçesindäki belgi
Köçäniň ortarasyndan ony sag we çep tarapa bölýän çyzyk hem çekilmändir. Köçäniň awtoulag gatnawynyň ýygjamlaşmagy we onuň ýol hereketiniň kadalaryna görä düzgünleşdirilmezligi zerarly awariýa ýagdaýlarynyň döreýändigini bu raýonyň käbir ýaşaýjylary Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler.

Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, bu ýerde dekabr aýynyň aýagynda üç maşynyň arasynda awariýa hem bolupdyr. Mekdep kanikullary tamamlanandan soň, mekdebe barýan we mekdepden gaýdyp gelýän çagalarynyň bu köçeden geçmekleriniň howply boljakdygyny aýdýan ýaşaýjylaram az däl.

“Öň biziň raýonymyzyň bu bölegi çola ýerdi. Aňry gitse bir-iki sany maşyn geçýärdi. Indi bolsa bu köçäniň gatnawy prospektleriňki ýaly boldy. Emma, muňa garamazdan, ýol hereketini howpsuz edýän çäreler görülmedi” diýip, “Posýolka” diýlip atlandyrylýan raýonyň ýaşaýjysy Aman gürrüň berýär.

Munuň üstesine-de, Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ýagdaýy hem o diýen öwerlikli däl. Bu köçäniň käbir ýerlerindäki çukurjyklar, ýol hereketiniň ýygjamlaşandygyna garamazdan, oňarylmandyr.

Tunnel we "myş-myşlar"

Şeýle-de paýtagtyň Andalyp prospektiniň demirýol asty tunneliniň ýakyn wagtda ýapylyp, täzeden guruljakdygy hem aýdylýar. Paýtagtyň iň bir köp gatnawly bu köçe böleginiň ýapylmagy Bitaraplyk prospektindäki tunnele we ýokarda atlary agzalan Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň hem-de köne Awtoserwisiň golaýyndaky demirýol geçelgelerine agram salar.

Hoja Ahmet Ýasawy köçesindäki 14 mekdebiň golaýy
Hoja Ahmet Ýasawy köçesindäki 14 mekdebiň golaýy
Mundan başga-da, bu köpriniň hem-de tunneliň gurluşygy bilen bir hatarda olaryň töwereklerinde ýerleşýän hususy ýaşaýyş jaýlarynyň hem ençemesiniň ýumruljakdygy baradaky gürrüňler bar. Aýdylyşyna görä, B.Annanow köçesindäki köpriniň gurluşygynda “Bedew” gurluşyk harytlary dükanynyň töweregindäki ýaşaýyş jaýlary ýumrulmaly.

Andalyp prospektiniň tunneliniň gurluşygynda bolsa şol prospektiň Hitrowka raýonynyň içinden geçýän böleginiň her tarapyndan bir setir hususy ýaşaýyş jaýlarynyň ýumruljakdygy barada il arasynda gürrüň bar.

Hökümet ýolbaşçylary bu barada dil ýarmaýarlar, mediada hem bu meselede hiç hili düşündiriş berilmeýär. Mundan öňki tejribelere nazar salanymyzda, şeýle myş-myşlaryň çyn bolup çykan gezekleri-de, ýalan bolup çykan halatlary-da bar.

Emma bu myş-myşlar uly ile, esasanam şol raýonlarda ýerleşýän raýatlara, öz täsirini ýetirýär. Şol raýonlarda jaýlara bolan talap azalýar, jaýlaryň bahasynyň peselýändigi barada maglumatlar hem bar.
XS
SM
MD
LG