Paýtagt Aşgabadyň Parahat mikroraýonynda işleýän hususy diş lukmanlardan birine garşy jenaýat işi gozgaldy. Ol gadagançylyga garamazdan, gizlinlikde gije sagat 20.00-dan soň näsaglary kabul edenlikde aýyplanýar.
Bu habar 24-nji iýunda Saglygy goraýyş ministrliginde geçirilen ýygnakda mälim edilipdir. Şol ýygnaga gatnaşan, emma adynyň efirde tutulmazlygyny islän bir saglyk işgäriniň aýtmagyna görä, bu jenaýat işi polisiýa tarapyndan derňelýär.
Agzalýan jenaýat işi baradaky habar şu aýyň başynda, ýagny 7-nji iýunda Saglygy goraýyş ministrliginde ýygnak geçirilip, lisenziýasyz işleýän hususy diş lukmanlarynyň garşysyna çäre görmek kararyna gelnendigi baradaky habarlar ýaýrandan kän wagt geçmänkä ýüze çykdy.
Şol ýygnaga gatnaşanlardan biri, özüni Orazgeldi diýip tanadan aşgabatly diş lukmanynyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, şol wakadan bäri paýtagtda we Ahal welaýatynda iş alyp barýan hususyýetçi diş lukmançylyk kabinetleriniň 45 sanysyndan eýýäm 25 töweregi ýapylypdyr.
Reýdler
Şol ýygnakda gelnen kararyň netijesinde, paýtagtda hususy diş lukmançylygy bilen meşgul bolýan käbir lukmanlaryň kabinetlerine hukuk goraýjy organlar tarapyndan reýdler geçirilip, olaryň käbirleriniň emläkleri konfiskasiýa edilip, jerime hem salnypdyr.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir diş lukmanlarynyň aýtmaklaryna görä, iş ýerlerine reýd geçirilen käbir lukmanlardan indiden beýläk bu iş bilen meşgul bolmajakdyklary barada dilhat hem alypdyrlar.
Emma Azatlyk Radiosyna gowuşan maglumatlardan çen tutulsa, şeýle temmilere garamazdan, işlerini gizlinlikde dowam etdirýändigi aýdylýan käbir hususy diş lukmanlaryna garşy çäre görlüp, olardan käbirleri jenaýat jogapkärçiligine çekilýärler.
Başda belläp geçişimiz ýaly, Saglygy goraýyş ministrliginiň 24-nji iýunda geçiren ýygnagynda berlen maglumatlardan çen tutulsa, Aşgabadyň Parahat mikroraýonynda işleýän bir lukman gadagançylyga garamazdan, agşam sagat 20.00-dan soň näsaglary kabul edýändigi üçin, onuň garşysyna jenaýat işiniň açylandygy aýdylýar.
Şol ýygnaga gatnaşan, emma adynyň efirde tutulmagyny islemedik lukmanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, häkimiýetleriň girizen gadagançylyklaryna boýun bolmandygy üçin ýene-de üç sany hususy diş lukmanlaryna garşy jenaýat işi açylypdyr.
Öz islegiň bilen arza ýazmak
Şonuň ýaly-da, ol döwlet edarasynda işläp, işden soň hususy diş lukmançylygy bilen meşgullanýanlardan-da, öz işleýän hökümet edaralaryndan öz islegi boýunça işden çykýandygy barada arza ýazmaklarynyň talap edilýändigini gürrüň berýär.
Resmi habar serişdelerinde hususy diş lukmançylygy bilen meşgul bolýan lukmanlaryň garşysyna alnyp barylýan çäreler hakda hiç hili düşündiriş ýa-da maglumat berilmeýär. Emma, lukmanlaryň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, Saglygy goraýyş ministrligi hususy diş lukmanlaryň garşysyna häzirki alnyp barylýan göreşi olaryň lisenziýasyz işleýändikleri hem-de olaryň gepatit keseliniň ýaýramagyna sebäp bolýandyklary bilen düşündirýär.
Lukmanlaryň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, lukmançylyk işi boýunça lisenziýa berilmeýär. Diňe käbir lukmanlar dürli ýollar bilen şol lisenziýany alyp bilipdirler. “Lisenziýany alyp bilmänligim üçin hususy diş lukmançylyk işimi mejbury taşlamaly boldum” diýip, özüni Aman diýip tanadan aşgabatly lukman Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Hususy diş lukmanlaryň gepatit keselini ýaýratmakda aýyplanmagy bolsa ençeme ýyllap işläp gelýän şol lukmanlary geň galdyrypdyr. Öňki diş lukmany Amanyň aýtmagyna görä, hususyýetçi diş lukmanlary ýokary lukmançylyk bilimi bolan adamlar. Olaryň kabinetlerinde işiň gurnalyş derejesi sanitar-epidemologik görkezijilere gabat gelýär.
Hususy diş lukmançylyk kabinetlerine garşy görülýän çäreleriň döwlet tarapyndan gurlan diş lukmançylyk edaralaryna barýan näsaglaryň sanyny köpeltmek üçin edilýändigi barada hem çaklamalar bar. Hususy diş lukmanlaryna garşy görülýän bu çäreler, olaryň sebäpleri barada resmi taýdan hiç hili takyk maglumat berilmeýär.