Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda sport dükanlary köpelýär


Aşgabatdaky sport dükany
Aşgabatdaky sport dükany
Paýtagtda soňky ýyllar sport enjamlaryny we egin-eşiklerini satýan dükanlaryň sany köpeldi. Aşgabadyň bazarlarynyň her haýsysynda diýen ýaly bu hili dükanlara duşmak bolýar. Olar diňe bir bazarlarda däl, eýsem paýtagtyň beýleki künjeklerinde hem bar.

Sport harytlarynyň dükanlarynyň ählisi hususy eýeçilikde. Bu dükanlarda sporta we bedenterbiýä degişli harytlaryň dürli görnüşleri bar. Emma olaryň nyrhynyň ýerli ilatyň uly bir bölegi üçin elýeterlidigini aýtmak kyn.

Paýtagtyň "Gülüstan" bazaryndaky sport dükanynyň özüni Ýagmyr diýip tanadan satyjysy bu barada şeýle diýýär. “Biziň müşderilerimiz, esasan, gurply adamlar. Şonuň üçin müşderilerimiz o diýen köp däl”.

Ýagmyryň işleýän dükanynda satylýan harytlaryň hiliniň ýokary bolşy ýaly olaryň bahalary hem ýokary. Mysal üçin, "Adidas" firmasynyň sport egin-eşiginiň bahasy 200-300 manat aralygynda. Şol firmanyň krossowkasy bolsa azyndan 150 manada durýar. Şonuň üçin bu dükanyň müşderileri az.

Ýöne, muňa garamazdan, bu dükanyň söwdasy girdejisiz däl. Ýagmyryň işleýän dükanynyň söwdasy her aý durnukly girdeji getirmese-de, dükan bu söwdadan zyýan çekmeýär. “Geçen aý biziň girdejimiz gowy bolmady. Ýöne şu aýyň başyndan biziň girdejimiz eýýäm 300 dollara ýetdi” diýip, Ýagmyr gürrüň berýär.

Şu aýyň girdejisiniň gowy bolmagynyň sebäbini Ýagmyr ýurtda aprel aýynyň 1-den başlan “Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi” diýilýän çäreler bilen baglanyşdyrýar. Ýagmyryň aýtmagyna görä, bu hepdelige gatnaşýan adamlaryň aglabasy döwlet işgärleri ýa talyplar, olar, esasanam, egin-eşik we sport aýakgaplaryny satyn alýarlar.

Diňe ýöriteleşdirilen sport dükanlary däl, soňky döwürlerde sport egin-eşiklerini satýan adaty dükanlaryň sany hem barha köpelýär. Bu söwda nokatlarynda diňe bir sport egin-eşikleri däl, eýsem gündelik geýilýän egin-eşikler hem satylýar.

Ýasama harytlar

Şolar ýaly söwda nokatlarynyň satyjylarynyň biri – 28 ýaşly Aýmyrat. Onuň satýan sport egin-eşikleriniň köpüsinde dünýä belli bolan "Adidas", "Puma" ýaly firmalaryň belgileri bar. Emma şeýle dükanlarda satylýan bu harytlaryň hili o diýen ýokary däl.

Şeýle harytlaryň aglabasy “ýasama” Hytaýda öndürilen harytlar. “Olar iň bärkisi Eýranda öndürilen krossowkalarça-da ýok. Sebäbi olar “ýasama” krossowkalar. Hakyky "Adidas" ýa-da "Puma" krossowkalaryň bahasy 50 dollardan geçýär. 'Ýasamalaryňky' bolsa aňry gitse, 60 manat” diýip, Aýmyrat gürrüň berýär.

Emma, muňa garamazdan, onuň sport egin-eşik söwdasy soňky döwürde has gyzgalaňly. “Meniň iň gowy geçýän harydym krossowkalar. Diňe krossowkalaryň 37 sanysyny satdym. Hytaýyň ak reňkli sport formasynyň bolsa 24 sanysy geçdi” diýip, Aýmyrat soňky iki günki söwdasy barada gürrüň berdi.

Diňe Hytaýyň däl, dükanlarda Pakistanda, Eýranda we Ýewropada ýerleşýän ýurtlarda öndürilen diýen ýazgyly önümler hem köp. Emma sport enjamlaryna we egin-eşiklere bolan talabyň artmagyna garamazdan, henize çenli “Türkmenistanda öndürildi” diýen ýazgyly harytlara duş gelmek kyn.

Ýagmyryň aýtmagyna görä, bu ýagdaý Türkmenistanda şeýle harytlaryň öndürülmeýändigi bilen bagly bolman, eýsem ýurtda öndürilýän sport egin-eşikleriniň köpüsiniň daşary ýurtlara eksport edilmegi we olaryň bahasynyň juda ýokary bolmagy bilen bagly.
XS
SM
MD
LG