“Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjanyň 2013-nji ýylyň 18-nji dekabrynda ýurduň baştutanyna söz berşi ýaly paýtagtdaky S.Türkmenbaşy adyndaky Olimpiýa stadiony doly söküldi.
Türkmenistanda, şu ýyldan başlap, daşary ýurtlarda gaýybana okap alnan diplomlar ykrar edilmez. Bu barada halk köpçüligine ýaýradylan takyk maglumat henize çenli göze ilenok.
Şu hepdäniň başyndan beýläk paýtagt Aşgabatdaky kiosk görnüşli kommersiýa dükanlar ýa-da, il içinde aýdylyşy ýaly, ”kommersiýa budkalar” aýrylyp başlandy.
Paýtagt Aşgabada gije garaňkyda beýik ýerden syn etseň, şäher ikä bölünýär. Biri gündiz ýaly ýagtylyk, beýlekisi bolsa şäheriň gijäniň garaňkysynda ýitip gidýän bölegi.
Türkmenistanda prezidentiň portretiniň nobatdaky çalşygy geçirilýär. Indi okuw jaýlarynda, döwlet edara-kärhanalarynda prezidentiň geçen ýylyň başynda girizilen portretine derek onuň täze “kanoniki” portreti asylmaly.
10-njy ýanwarda geçen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti Türkmen telewideniýesiniň efirde görkezýän gepleşikleriniň hilinden ýene bir gezek öz nägileligini bildirdi.
Lenin Aşgabada gelip görmedik hem bolsa, geçen asyryň 80-90-njy ýyllaryna çenli bu şäherde ony ýatladýan heýkelleriň, onuň ady dakylan köçeleriň we edara-kärhanalaryň ençemesi bardy.
Türkmenistanda gaz ölçeýji enjamlary oturtmak baradaky çekişme esli wagtdan bäri dowam edýär. Bu tema prezidentiň ýolbaşçylygynda geçirilen hökümet maslahatynda hem gozgaldy.
Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýurtda Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakyndaky kanun güýje girdi. Emma ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak entek hiç kime başardanok.
10-njy ýanwarda Türkmen döwlet milli konserwatoriýasynda prezident G.Berdimuhamedowyň “Döwlet guşy” atly kitabyndaky goşgularyna saz ýazmak boýunça bäsleşik geçirildi.
12-nji ýanwarda ýurt boýunça 1881-nji ýylda we Watan ugrundaky beýleki söweşlerde wepat bolanlaryň Hatyra güni bellendi. Hatyra gününiň esasy çäresi Gökdepe galasynda geçdi.
Şu ýylyň başyndan ýurtda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky täze kodeksi güýje girdi. Ol güýje giren badyna hem degişli çäreler göze ilip başlady.
Täze ýyl baýramçylygynyň tamamlananyna alty gün geçen hem bolsa, paýtagt Aşgabatda bu baýramçylyk bilen bagly köpçülikleýin çäreler dowam edýär.
Golaýda paýtagt Aşgabadyň B.Annanow köçesinden Bedew ýaşaýyş massiwine barýan demirýol üsti köpri ýapylyp, ony täzeden gurmaga girişildi.
Aşgabadyň “protokol” diýlip atlandyrylýan bu köçeleriniň aýratyn statusy barada hiç hili resmi maglumat ýa bellik ýok. Emma, il arasyndaky gürrüňlerden çen tutulsa, onda...
Türkmenistanda 25-nji dekabrda ýurduň merkezi gazetlerinde “Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda” at bilen täze kanun çap edildi.
Paýtagtda asylan duýduryşlardan çen tutulsa, indi Aşgabadyň uly ýollarynyň ugurlarynda ýörite pyýadalara niýetlenen geçelgelerden geçmedik adamlara jerime salnar.
Geçen hepdäniň başynda Aşgabatda Döwletenergogözegçilik edarasynyň işgärleri öýme-öý aýlanyp, elektrik hasaplaýjy enjamlaryň täzelenmelidigini habar berdiler.
Aşgabadyň käbir köçelerinde emeli täze ýyl arçalary dikilip, olar dürli-dürli oýnawaçlar bilen bezeldi. Şu ýyl täze ýyl arçalarynyň esasy bezegi bedew at boldy.
Ýene-de ýükle