Türkmenistanyň 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap köpçülikleýin ýerlerde çilim çekenlere salynýan jerimäniň möçberi 100 manada ýetiriler. Häzirki wagt bu jerimäniň möçberi 75 manat.
Paýtagtyň bazarlarynda satylýan elin etiň möçberi geçen ýylyň güýz aýlaryndan bäri görnetin azaldy. Indi bir hepde bäri Aşgabadyň bazarlarynda asla açyk söwdada elin et ýok.
Häzirki wagtda ýurt boýunça Türkmenistanyň Mejlisine 15-nji dekabrda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleriniň soňky tapgyrlary gelip ýetdi. Köçelerde ýörite şygarlar asyldy.
Şäher diýseň şäher däl. Oba diýmäge-de diliň baranok. Bu obadaky soňky 4-5 ýylyň içinde gurlan binalardyr köçeler paýtagt Aşgabatdakylardan kem däl.
Aşgabadyň Bagt köşgi soňky ýyllaryň dowamynda paýtagtda gurlan läheň binalardan diňe biri. Bu bina 2011-nji ýylda ulanmaga berlip, onuň gurluşygyna 140 million dollar sarp edilipdi.
Mäne türkmen döwletiniň esaslandyryjysy, onuň şu günki territoriýasyny kesgitläp, doly ykrar edilmegini gazanan adam hasaplanýan G.Atabaýewiň göbek ganynyň daman ýeri.
Geçen ýylyň 15-26-njy dekabry aralygynda Türkmenistanda ilat ýazuwy geçirildi. Bu çäräniň deslapky netijesiniň 2013-nji ýylyň iýul aýynda we doly netijesiniň bolsa 2014-nji ýylyň başlarynda yglan ediljekdigi aýdylypdy.
Anna güni, geçen hökümet maslahatynda Aşgabat şäherinde umumy uzynlygy 59,14 kilometr bolan köçeleri döwrebaplaşdyrmak baradaky karara gol çekildi.
Aşgabatda sökülmeli edilen obýektleriň arasynda şäheriň taryhy merkezinde ýerleşýän we öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe bina edilen monumentler toplumy hem bar.
27-nji oktýabrda Türkmenistan öz döwlet garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyny belledi. Garaşsyzlyk baýramy ýurt boýunça ýylyň iň köp adamly köpçülikleýin çäresidir.
Iki ýyl mundan ozal paýtagtyň merkezi köçelerinde beýleki awtobus duralgalaryndan artykmaç amatlyklary bilen tapawutlanýan täze awtobus duralgalary goýlup başlandy
Beýleki welaýatlardan Aşgabada işlemäge gelýän, emma Aşgabatda ýaşamak hem işlemek rugsatnamasy bolmadyk adamlar bilen baglanyşykly problemalar wagtal-wagtal ýüze çykýar.
Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda welaýatlardan Aşgabada iş gözläp gelýän adamlar barha köpelýär. Olaryň takyk sany barada resmi maglumat ýok.
Çoganlyda ýaşaýan Akgül öz gyzyny eýýäm 3-4 gün bäri çagalar bagyna eltmeýär. Muňa Aşgabatda ýüze çykandygy aýdylýan pedofiliýa jenaýatçylygy baradaky gürrüňler sebäp boldy.
Aşgabadyň 30-njy mikroraýonynyň Gurbandurdyýew köçesiniň 39-njy jaýynda ýangyn boldy. Ýangynyň bu üç gatly jaýyň 12 kwartirasynyň ählisine zyýan ýetirendigi aýdylýar.
Paýtagtyň mikroraýonlarynda häkimiýetleriň atlandyryşlary ýaly abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Ýerli häkimiýet wekilleri bu barada ilata takyk maglumat bermekden saklanýarlar.
18-nji sentýabrdan başlap ”Altyn asyr” TMCELL kompaniýasy dördünji görnüşiň ulgamy (4G) LTE tilsimatyny ulanmaklygy girizýändigini habar berdi. Bu beýanat Aşgabatda “Türkmentel-2013” atly sergide mälim edildi.
Aşgabat şäheriniň birnäçe raýonlarynda hususy awtoulag garažlary ýumrulyp, ýok edildi. Ýumrulan garažlar, esasanam, paýtagtyň 1, 3, 4, 5, 6-njy mikroraýonlarynda ýerleşýär.
Aşgabatda Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrunda futbol boýunça ýaryşyň açylyş dabarasy hem-de Türkmenistan bilen Eýran komandalarynyň duşuşyklary boldy.
Bu ýyl Aşgabadyň 55-nji mekdebindäki başagaýlyk adatdakysyndan has uly. Adaty klaslarda 20-25 okuwçy bolsa, bu mekdebiň başlangyç klaslaryndaky okuwçylaryň sany 40-a ýetýär.
Ýene-de ýükle