Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ýurduň raýat maksatly desgalary nyşana alýan hüjümleri bes etmek başlangyjy boýunça Moskwanyň açyk jogabyna garaşýandygyny aýtdy.
Zelenski bu barada 21-nji aprelde giçlik eden wideo ýüzlenmesinde belläp, Ukrainanyň ilat infrastrukturasyna garşy hüjümleri bes etmek meýlinde öňküsi ýaly durýandygнny we muny gazanmak üçin islendik görnüşdäki gepleşiklere taýýardygyny aýtdy.
“Ukraina öz teklibiniň arkasynda dur... raýat infrastrukturasyny nyşana almazlyk barada. Biz Moskwadan açyk jogap garaşýarys. Muny üpjün etmek üçin islendik görnüşdäki gepleşige taýýar” diýip, Zelenski aýtdy.
Şol gün biraz öň, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ukrainanyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn gepleşik geçirmek teklibini öňe sürdi. Bu uruş başlany bäri onuň ilkinji şeýle teklibi boldy.
Zelenski Putiniň teklibine gönüden-göni jogap bermese-de, raýatlara garşy hüjümleri bes etmek bilen baglanyşykly islendik gepleşik üçin taýýardygyny aýtdy.
“Bu meseläniň iň anyk, iň ýönekeý we iň ygtybarly çözgüdi bar: raketa we uzak aralykly dron hüjümlerini bes etmek. Munuň özi awtomatik ýagdaýda ähli raýat infrastrukturasynyň howpsuzlygyny üpjün eder” diýip, Zelenski belledi.
ABŞ Ukraina we Russiýa urşy bes etmek ugrundaky gepleşiklerde öňe gidişlik gazanmak üçin basyş edýär.
Zelenski Ukrainanyň 23-nji aprelde Londonda ABŞ we Ýewropa ýurtlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek gepleşiklere gatnaşjakdygyny aýtdy. Ol gepleşikleriň esasy maksadynyň “ ok atyşyklary bes etmek boýunça şertsiz ýaraşygy gazanmak” boljakdygyny aýtdy. “Bu başlangyç nokadamyz bolmaly” diýip, Zelenski nygtady.
Şeýle hem taraplaryň ikisi-de 19-njy aprelde Putiniň birtaraplaýyn yglan eden pasha ýaraşygyndan soň, frontda söweş hereketleriniň täzeden başlanandygyny habar berdi.
Ukrainanyň resmileri Russiýanyň 21-nji aprelde onlarça raketa we dron hüjümlerini amala aşyrandygyny aýtdylar. Bu aralykda, Russiýanyň Belgorod regionyna ukrain dronlarynyň baryp urandygy habar berildi.
Mundan bir gün öň, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp şu hepdäniň dowamynda iki ýurduň arasynda ylalaşygyň gazanyljakdygy baradaky umydyny beýan etdi. 21-nji aprelde Trampyň Ak Tamda žurnalistlere aýtmagyna görä, ol öňümizdäki üç günüň dowamynda Ukrainadaky uruş we Waşingtonyň bu ugurdaky araçylyk tagallalary boýunça çykyş etmegi meýilleşdirýär.
Forum