Birnäçe ýurduň harby liderleri şu hepde Türkiýäniň Harby-deňiz güýçleriniň Ankaradaky baş binasynda ümsüm duşuşyp, Gara deňziň Russiýa we Ukraina arasynda ok atyşyk bes edilen halatyndaky howpsuzlyk şertlerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu duşuşyklardan birnäçe gün ozal, ýewropaly diplomatik çeşmeler Türkiýäniň Ukrainada köpmilletli harby goşun ýerleşdirilmeginiň “deňiz güýçleri boýunça ugurlarynyň jogapkärçiligini öz üstüne almaga” isleg bildirýändigini Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdi.
Muny şeýle etmekde Türkiýede käbir praktiki sebäpler bar.
1936-njy ýylda kabul edilen Montrýo konwensiýasy deňizýaka bolmadyk ýurtlaryň Gara deňizde ýerleşdirip biljek harby-deňiz gämileriniň göwrümini hem-de olaryň deňizde bolmagynyň möhletini berk çäklendirýär. Bu ýagdaý NATO-nyň iň güýçli harby goşunlarynyň birine eýe bolan Türkiýäni tebigy taýdan möhüm oýunçylaryň hataryna goşýar.
Deňeşdirmek üçin aýdylsa, Türkiýede, meselem, 17 sany orta ölçegde harby gämi bar, Rumyniýada şeýle gämilerden bary-ýogy üç sanysy bar.
“Meniň pikirimçe muny Türkiýe ýewropalylaryň tarapynda bolmazdan çözmek mümkin däl” diýip, Ýewropa syýasat seljermesi merkeziniň analitigi Sam Grin (Sam Greene) soňky brifinginde aýtdy.
Parahatçylyk ýa-da howpsuzlygy kepillendiriş güýçleriniň bir bölegi hökmünde, britan we fransuz gämileriniň hem Gara deňizde nobatçylyk etmegine garaşylýar.
Ýöne ‘isleg koalisiýasynyň’ göz öňünde tutýan guryýer goşunlarynda bolşy ýaly, harby-deňiz missiýalary hem ‘ABŞ goldawyna’ bil baglamaly bolup biler.
Bu nädip tapawutlanýar?
Strategiki we halkara barlaglary merkezine (CSIS) görä, bu, howa we kosmos arkaly alnan aňtaw maglumatlaryndan, yzarlaýyş we aňtaýyş operasiýalaryndan ybarat bolup biler. Ýöne, barlag merkeziniň belleýşi ýaly, Birleşen Ştatlaryň harby-deňiz gämileri onsuz hem Gara deňizde patrulçylyk edýär, şonuň üçin, ol hem möhüm rol oýnap biler.
Bu babatda, Gara deňiz missiýasy guryýer missiýasyndan örän tapawutly şertlerde ýola goýlup bilner, sebäbi NATO yzygiderli ýagdaýda geçirilýän köp milletli harby türgenleşikler bilen, ol ýerde öňden bäri bolýar.
Aslynda, NATO edil ýaňy-ýakynda ol ýerde 12 ýurduň, şol sanda, Türkiýäniň, Birleşen Ştatlaryň, Britaniýanyň hem-de Rumyniýanyň gatnaşmagynda deňiz güýçleriniň harby türgenleşidigini geçirdi. Harby goşunlar 12 günüň dowamynda sebitde gibrid, deňiz we howa hüjümlerine garşy söweşjeň türgenleşikleri ýerine ýetirdiler.
Harby-deňiz patrullary hem täjirçilik maksatly gämileriň (şol sanda Ukrainanyň möhüm galla eksportlarynyň) erkin hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, ýaraşygyň şertleriniň berjaý edilşine esewan edilmegi we minalardan arassalaýyş ýaly köp ugurly missiýalara üns gönükdirerler
Ukrainanyň Harby-deňiz güýçlerinde ätiýaçdaky kapitan bolan Andriý Ryženko Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň “Häzirki zaman” telewideniýesine beren gürrüňinde minalar zerarly, “häzirki wagtda ençeme portlaryň doly petikli galýandygyny” aýtdy.
“Olar Mykolaýiw, Oçakiw, Herson portlary. Beýleki portlar resmi taýdan açyk, ýöne çäklendirmeler bar... minalar tapylyp, ýok edilmeli” diýip, ol aýtdy.
"Ukraina ýeňdi"
Guryýer söweşlerinden tapawutlylykda, Ukraina özüni deňizdäki uruşda ýeňiş gazanýan ýaly, ýa-da bireýýäm ýeňen ýaly duýýar.
Russiýanyň birnäçe deňiz gämisini gark eden bir topar ajaýyp hüjümler Russiýanyň san taýdan güýçli bolan harby-deňiz goşunlaryny basylyp alnan Krymdaky bazarlardan gysyp çykardy we Noworossiýske çekilmäge iterdi.
“Ukraina deňizde ýeňdi we häzirki wagtda doly artykmaçlyga eýedir. Ol duşmany öz kenaryna golaýlatmaýar we raýat nawigasiýasyny üpjün edýär” diýip, Ukrainanyň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdesi Oleksiý Neižpapa 8-nji aprelde Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna aýtdy.
“Ýöne duşmanyň göni portlarda ýa-da deňizde raýat desgalaryna, asuda gämilere zarba urup bilýän mümkinçiligi, ýaraglary bar. Şonuň üçin, elbetde, howp saklanýar” diýip, ol aýtdy.
16-njy aprelde gije Odesa edilen rus dron hüjümleri munuň şeýledigini ymykly görkezdi.
Ryženko Gara deňizde gämi hereketiniň parahatçylyk döwründäki ugurlar boýunça amala aşyrylmaýandygyny we munuň dikeldilmelidigini aýtdy.
“Odesadan goňşy ýurtlaryň territorial suwlarynda gizlenip däl, göni Gara deňziň ortasy bilen Bosfor bogazyna gidilip bilinmeli” diýip, ol aýtdy.
Ryženko Ankarada geçirilýän gepleşikleriň şeýle jikme-jikliklere gönükdirilýändigini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.
Ümsüm geçirilýän gepleşikler
Bu gepleşikler ilkinji gezek 13-nji aprelde Türkiýäniň Goranmak ministrligi tarapyndan yglan edildi, ýöne haýsy ýurtlaryň gatnaşýandygy mälim edilmedi.
Soňra, Gürjüstan bilen bilelikde, NATO agzalary bolan Bolgariýanyň hem-de Rumyniýanyň hem gepleşiklere gatnaşýandyklary habar berildi.
Britaniýanyň Goranmak ministrligi 15-nji aprelde Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna özüniň hem gepleşiklere gatnaşýandygyny aýtdy, biraz soň, ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski Ukraina bilen Fransiýanyň hem gatnaşýandygyny aýtdy.
“Biz kontingentiň deňizde bolmagy barada gepleşýäris we biz Türkiýäniň deňizde geljekki howpsuzlyk kepillikleri babatynda möhüm ornunyň boljakdygyna ynanýarys” diýip, Zelenski aýtdy.
“Bu, urşy soňlamak barada däl, bu ok atyşygy bes edilenden soňra, nämeleriň boljakdygy – howpsuzlyk kepillikleri – barasyndadyr” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Guryýer kontingenti boýunça ozal geçirilen maslahatlaşmalarda bolşy ýaly, Birleşen Ştatlar soňky gepleşiklere-de gatnaşmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum