Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Putini "atyşygy bes etmäge" we "ylalaşyga gol çekmäge" çagyrdy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (kombo suraty)
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (kombo suraty)

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Rim papasy Fransisiň jaýlanyş çäresiniň çäginde ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen duşuşygynyň ertesi güni, Russiýanyň lideri Wladimir Putini Ukraina bilen urşy tamamlamak üçin atyşygy bes etmäge we parahatçylyk ylalaşygyna gol çekmäge çagyrdy.

Tramp 27-nji aprelde žurnalistleriň Putinden nämä garaşýandygy baradaky soragyna: "Men onuň atyşygy bes etmegini, gepleşige oturmagyny we ylalaşyga gol çekmegini isleýärin" diýip jogap berdi.

Şeýle-de Tramp 26-njy aprelde Zelenski bilen bolan duşuşygynyň gowy geçendigini aýtdy, emma şol bir wagtyň özünde ukrain lideriniň Russiýa 2014-nji ýylda basyp alan Krym ýarym adasyny bermegi kabul etmäge taýyndygyny çaklady. Zelenski munuň bilen hiç wagt ylalaşmajakdygyny öňden bäri açyk aýdyp gelýär.

Trampdan žurnalistler Krymyň Russiýa berilmegi baradaky soraga pikirini soranlarynda: "Hawa, men şeýle pikir edýärin" diýip jogap berdi.

Tramp bilen Zelenskiniň 26-njy aprelde Watikanda geçen duşuşygy 15 minut dowam etdi. Bu duşuşyk, Trampyň Zelenskini fewral aýynda Ak tamdan çykarmagyndan soň geçirilen ilkinji duşuşyk boldy.

"Zelenskini has asuda gördüm. Men onuň ýagdaýy gowy düşünýändigini we ylalaşyga ýetmek isleýändigini pikir edýärin" diýip, Tramp aýtdy.

Zelenski bolsa soňky duşuşygy "örän simwolik waka, eger biz umumy netijelere ýetsek, taryhy waka öwrülip biler" diýip atlandyrdy.

Donald Tramp takmynan 100 gün öň prezident wezipesine girişeli bäri, 38 aý dowam edýän Ukraina urşuny tamamlamagy baş maksatlaryň biri hökmünde öňe sürdi we geçen aý derrew hem-de doly ýaraşyk yglan edilmegine çagyrdy.

Zelenski Trampyň bu teklibine razylyk beren hem bolsa, Putin heniz Waşington bilen ýaraşygyň jikme-jikliklerini ylalaşmagyny dowam etdirýär.

Bilermenleriň aýtmagyna görä, Putin gepleşikleri bilkastlaýyn uzaldýar, sebäbi rus goşunlary häzir söweş meýdanynda has amatly ýagdaýda. Eger häzirki çaknyşyk liniýasynda parahatçylyk gazanylsa, onda Putin 2022-nji ýylda Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen Ukrainanyň dört gündogar sebitini, ýagny Donetski, Lugansky, Zaporižýeni we Hersony doly eýelemek baradaky maksadyna ýetip bilmez.

Ekspertleriň pikiriçe, ukrain territoriýalaryny Russiýa tabşyrmak Zelenski üçin syýasy we konstitusion taýdan mümkin däl. Ukrainanyň raýatlary we deputatlary hem munuň bilen düýbünden ylalaşmaýar.

"Biz hiç wagt Krymy Russiýanyň bir bölegi hökmünde ykrar etmeris" diýip, Zelenskiniň partiýasyndan deputat Oleksandr Merežko AP habar agentligine aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio hem şol günki çykyşynda, Ukraina urşuny tamamlamak boýunça ylalaşygyň ýakyndygyny aýtdy. Şeýle-de bolsa, Zelenski front liniýasyndaky soňky hüjümlerden soň Russiýa garşy halkara basyşyny güýçlendirmäge çagyrdy.

Tramp Zelenski bilen duşuşygyndan soň, soňky iki hepdede onlarça parahat ýaşaýjynyň ölmegine sebäp bolan Russiýanyň Ukrainadaky hüjümlerini tankytlady.

"Putiniň soňky günlerde şäherlere we ýaşaýyş jaýlaryna raketa atmagyna hiç hili zerurlyk ýokdy. Bu maňa onuň belki-de urşy bes etmek islemeýändigini, diňe meni aldap gelýändigini we onuň bilen başgaça, mysal üçin, 'bank' ýa-da 'ikinji derejeli sanksiýalar' arkaly işleşmegiň zerurdygyny görkezýär" diýip, Tramp 26-njy aprelde sosial mediada ýazdy.

Emma Trampyň bu tankydy onuň Krymyň Russiýa galmagy baradaky aýdan takyk sözlerinden soň edildi. Ol 25-nji aprelde "Time" žurnalyna beren interwýusynda "Krym Russiýada galar" diýip aýtdy.

Russiýa islendik parahatçylyk ylalaşygynyň Ukrainanyň 20 göterimine golaýynyň, şol sanda Krymyň Russiýa degişli bolmagyny ykrar edilmegini talap edýär. Şeýle-de, Russiýa Ukrainanyň NATO agza bolmazlygyny we ukrain territoriýalarynda halkara parahatçylyk güýçleriniň ýerleşdirilmegi baradaky teklibini ret edýär.

NBC telekanalyna beren interwýusynda Rubio, Moskwanyň hem käbir eglişiklere gitmelidigini aýtdy, ýöne ABŞ administrasiýasy henize çenli munuň jikme-jiklerini mälim etmedi.

Forum

XS
SM
MD
LG