Amerikaly taryhçy Benýamin Natans sowet dissident hereketiniň taryhy barada ýazan "Biziň umytsyz işimiziň rowaçlygy üçin" atly kitaby üçin 2025-nji ýylyň Pulitser baýragyna mynasyp boldy.
Bu baýraga mynasyp bolanlaryň atlary baýrak komitetiniň web sahypasynda çap edildi.
797 sahypalyk kitap 2024-nji ýylda Prinston uniwersitetiniň neşirýatynda çap edildi.
Kitabyň annotasiýasynda bellenmegine görä, gündeliklere, ýatlamalara, şahsy hatlara, söhbetdeşliklere we KGB-niň sorag ýazgylaryna esaslanýan eserde "dissidentleriň sowet döwletiniň güýjüni çäklendirmek üçin sowet kanunlaryny ulanmak kararyna gelşi barada" gürrüň berilýär, ýagny olaryň azat däl ýurtda özlerini azat adamlar ýaly alyp barmaga başlandygy aýdylýar.
Natans, Pensilwaniýa uniwersitetiniň dosenti, bu baýragyň gapdaly bilen 15 müň dollar sylag alar.
Dissidentler baradaky kitabyndan başga, ol Russiýa imperiýasyndaky ýewreýleriň taryhy barada ýazan "Çägiň aňyrsynda" atly eseri bilen hem tanalýar.