Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sobýanin Moskwa gönükdirilen 19 pilotsyz uçaryň urlandygyny aýdýar


Moskwa sebiti. Arhiw suraty
Moskwa sebiti. Arhiw suraty

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin 6-njy maýa geçilýän gije rus paýtagtyna tarap uçurylan 19 pilotsyz uçaryň urlandygyny habar berdi. Onuň tassyklamagyna görä, pilotsyz uçarlaryň biriniň uran zarbasy Kaşirskoýe şaýolundaky ýaşaýyş jaýynyň diwaryna zyýan ýetirdi.

Sobýaniniň sözlerine görä, bir sagadyň dowamynda Moskwa sebitinde 19 sany pilotsyz uçar uruldy, olaryň azyndan biri paýtagtyň ýokarsynda uruldy.

Şäher häkiminiň sözlerine görä, pilotsyz uçarlar paýtagta dürli ugurlardan aralaşdy. Olaryň biriniň galyndylary Kaşirskoýe awtoulag ýoluna gaçdy. Şeýle-de, ol, "deslapky maglumata görä, çynlakaý zyýanyň ýa-da ýitginiň bolmandygyny” aýtdy.

Rus telegram kanallary Moskwa asmanynda urlan pilotsyz uçaryň galyndylarynyň dokuz gatly ýaşaýyş jaýyna gelip urandygyny ýazýarlar.

“Maş” telegram kanaly ýerli ýaşaýjylaryň partlama seslerini eşidendigini we urgy tolkunyň ýokarky gatdaky jaýlaryň we gül dükanynyň penjire aýnalaryny döwendigini ýazýar

Sobýaniniň urlan pilotsyz uçarlar baradaky ilkinji habaryndan soň, Russiýanyň raýat awiasiýa gullugy Moskwanyň günortasynda ýerleşýän Wnukowo, Domodedowo we Žukowskiý howa menzilleriniň wagtlaýyn ýapylýandygyny habar berdi. Rus awiýasy soň Kaluga, Wolgograd we Saratow howa menzilleriniň hem ýapylýandygyny habar berdi.

“Baza” telegram kanalynyň habaryna görä, Iwanowo, Nižniý Nowgorod, Ýaroslawl we Samara howa menzillerinde gelýän we gidýän uçarlara çäklendirmeler girizildi.

Penza sebitiniň häkimi Oleg Melniçenko 6-njy maý gijesinde sebitde 10 sany pilotsyz uçaryň urlandygyny aýtdy. Sebit başlygynyň sözlerine görä, ölen adam ýa-da çekilen zyýan ýok.

Woronež sebitiniň gubernatory Aleksandr Gusew düýn sebitde azyndan 18 pilotsyz uçaryň ulandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG