Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Kiýewe uran zarbalarynda 9 adam öldi, onlarçasy ýaralandy


Ukrainanyň halas edijileri Russiýanyň Kiýewe atan ballistik raketasynyň weýrançylyklaryny arassalaýarlar 24-nji aprel
Ukrainanyň halas edijileri Russiýanyň Kiýewe atan ballistik raketasynyň weýrançylyklaryny arassalaýarlar 24-nji aprel

Russiýa 24-nji aprele geçilýän gije Ukrainanyň dürli künjeklerine garşy giň gerimli raketa we dron hüjümini amala aşyrdy. Bularyň netijesinde paýtagt Kiýewde ýaşaýyş jaýlary weýran edildi, azyndan 9 adam heläk boldy, onlarça adam şikes aldy.

Bu birnäçe aýyň dowamynda amala aşyrylan iň güýçli hüjümleriň biri bolup, ol ABŞ-nyň Ukraina ýurduň çägindäki 38 aýlyk urşy tamamlamak üçin hödürlän ultimatum äheňinde garalan teklibine gabat geldi.

Günbataryň Ukrainadaky uruşda wagtlaýyn hem bolsa ok atyşyklary togtatmak baradaky tagallalary soňky günlerde şowsuz boldy. Russiýa hüjümleriniň gerimini güýçlendirmegi dowam etdirýär, Ukraina bolsa ABŞ-nyň tekliplerine garşy çykyş edýär.

23-nij aprelde Londonda geçirilmegi meýilleşdirilen daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň öň ýanynda, ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubionyň soňky pursatda oňa gatnaşmazlyk kararyna gelmegi, duşuşygyň ähmiýetini peseltdi.

Rubionyň bu karary, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň ABŞ-nyň Krymy Russiýanyň gözegçiliginde resmi taýdan ykrar etmek baradaky ähtimallyk teklibini ret etmeginden soň ýüze çykandygyna meňzeýändigi aýdyldy. Şeýle ädim ABŞ-nyň uzak ýyllaryň dowamynda ýöredip gelen syýasatyna garşy bolar. Şeýle-de muňa razy bolan islendik ukrain resmisi üçin syýasy soň bolup biler.

“Bu barada gürrüň etmäge-de gerek ýok. Bu biziň konstitusiýamyza garşy gelýär. Bu biziň territoriýamyz, Ukrainanyň territoriýasy” diýip, Zelenski London gepleşikleriniň öňüsyrasynda žurnalistlere aýtdy.

Munuň yz ýany, 23-nji aprelde agşamara ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp sosial mediada we metbugat beýanatlarynda Zelenskini göni tankytlady. Şeýle-de, ol Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň ABŞ-nyň tekliplerine açykdygyny aýtdy.

Trampyň Russiýa boýunça baş wekili Stiw Witkoffyň 25-nji aprelde Moskwa sapar edip, Putin bilen duşuşmagyna garaşylýar.

“Men Russiýanyň taýýardygyny pikir edýärin. Biz Russiýa bilen ylalaşyk gazanyp bileris. Indi Zelenski bilen ylalaşmaly” diýip, Tramp aýtdy.

“Men Zelenski bilen has aňsat bolar öýdýärdim. Häzirki wagta çenli bu has kyn” diýip, ol belledi.

Zelenski X sosial ulgamynda ýerleşdiren ýazgysynda, Günorta Afrikadaky resmi saparyny gysgaldyp, yzyna - Ukraina dolanýandygyny belläp, postunda Trampa jogap berdi we 2018-nji ýylda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Krymyň basylyp alynmagyny ýazgarýan beýanatynyň nusgasyny paýlaşdy.

Tramp wezipesine girişenden soň 24 sagadyň içinde Ukrainadaky konflikti bes etjekdigini wada beripdi. Emma gepleşikleriň öňe ilerlemegi kyn boldy, sebäbi Russiýa Ukrainanyň hem harby, hem-de raýat infrastrukturalaryna garşy hüjümlerini dowam etdirýär.

Ukrainanyň harby güýçleriniň maglumatyna görä, Russiýa apreliň 24-nji aprele geçilýän gije 210-dan gowrak raketany we drony atypdyr.

Forum

XS
SM
MD
LG