Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Dnipro hüjümi netijesinde azyndan 3 adam heläk boldy, onlarçasy ýaralandy


Russiýanyň Dnipro uran zarbalarynyň netijeleri. 17-nji aprel
Russiýanyň Dnipro uran zarbalarynyň netijeleri. 17-nji aprel

Russiýanyň 16-njy aprel agşamara Ukrainanyň günorta-gündogaryndaky Dnipro şäherine amala aşyran dron hüjümi netijesinde azyndan üç adam, şol sanda bir ýaş gyz we gartaşan aýal heläk boldy, başga-da onlarça adam ýaralandy. Bu barada Dnepropetrowsk sebitiniň häkimi Serhiý Lysak Telegram arkaly habar berdi.

Prezident Wolodimir Zelenski hüjümde wepat bolanlaryň biriniň bary-ýogy 17 ýaşyndaky Weronoka atly gyzdygyny belledi. Lysak 31 adamyň ýaralanandygyny, olaryň bäşisiniň çagadygyny, 16 adamyň bolsa hassahana ýerleşdirilendigini aýtdy.

Dnipro şäheriniň häkimi Borys Filatowyň bellemegine görä, hüjüm birnäçe ýangyna sebäp bolupdyr. Şeýle hem azyndan 15 ýaşaýyş jaýyna, talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýyna, bilim edaralaryna we azyk önümçilik kärhanasyna zeper ýetipdir.

“Şäherde takmynan onlarça köp gatly we hususy jaýlara zeper ýetirildi” diýip, Lysak aýtdy. Internetde paýlaşylan suratlarda uly ýangyny, ýangyn söndürijileri, ýanan ulaglary we döwülen penjireli binalary görse bolýar.

Ukrainanyň demirgazyk-gündogaryndaky Harkiw regionynda bolsa, sebit häkimi Oleh Sinegubowyň habar bermegine görä, Izýum şäherine urlan raketa zarbasynda iki adam ýaralanypdyr. Bu şäher 2022-nji ýylyň başynda Russiýanyň doly gerimli çozuşynyň ilkinji günlerinde basylyp alyndy, ýöne soňra Ukrainanyň goşunlary tarapyndan yzyna gaýtaryldy.

Şol bir wagtda, Russiýanyň Goranmak ministrligi ýurduň howa goranyş güýçleriniň 6 sebitiň üstünde 71 sany ukrain dronuny ýok edendigini habar berdi. Kursk sebitinde olaryň 49-sy ýok edilipdir.

Bu maglumatlary garaşsyz çeşmeler arkaly barlamak mümkin däl.

Geçen hepde Ukrainanyň harby aňtaw gullugynyň ýolbaşçysy Kyrylo Budanow Russiýanyň Palmalar ýekşenbesinde Sumy şäherine eden ballistik raketa hüjüminiň bir böleginiň Kursk sebitinden atlandygyny Telegramda habar beripdi.

Zelenski 16-njy aprelde Kiýewde goranyş senagatynyň wekilleri bilen duşuşdy. Ol häzirki wagtda frontda ulanylýan ýaraglaryň 40 göteriminiň ýurduň içinde öndürilýändigini aýtdy.

Zelenski ýurduň ösýän goranyş senagatynyň häzir 300 müň töweregi adamy iş bilen üpjün edýändigini, halkara hyzmatdaşlarynyň sanynyň artýandygyny aýtdy. Içerki üstünlikleriň hatarynda täze söweş dronlarynyň öndürilmegi, artilleriýa we ýerli raketa ulgamlarynyň işlenip düzülişi mysal getirildi. Muňa garamazdan, bu serişdeleriň mukdary heniz çäkli bolmagynda galýar.

Şol bir wagtda-da Zelenski ýurduň tanklar, sowatly ulaglar we ýokary tehnologiýaly howa goranyş ulgamlary ýaly daşary ýurt ýaraglaryna garaşlylygynyň dowam edýändigini boýun aldy.

Forum

XS
SM
MD
LG